2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Ýaşlar, maşgala we zenanlar işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa bilen duşuşdy.
Duşuşykda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Ýaşlar, maşgala we zenanlar işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa onuň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogyna, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahata, şeýle-de «Demografik meseleler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahata gatnaşýandygy üçin sagbolsun aýtdy.
Myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl – «Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň bu halkara ähmiýetli resminamanyň kabul edilmeginde beren uly goldawy üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Taraplar iki dostana goňşy döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmekde we döwletara gatnaşyklary goldamakda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler.