Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
02.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin gol çekilen «Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» boýunça iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň ikinji we üçünji çärýeginde amala aşyryljak çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri bilen bu guramanyň Türkmenistandaky wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda gender deňligini üpjün etmek we maşgala abadançylygyny döwlet derejesinde goramak we goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak, gender deňligini ilerletmek bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy. Şunda zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýeti nygtaldy. 

Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmekdäki ähmiýeti, hereket edýän kanunlaryň halkara konwensiýalara we standartlara laýyklygy, kanunçylyk we hukuk namalaryndaky düşünjeleriň döwrebaplylygy, enelere we çagalara berilýän durmuş goldawlary barada aýdyldy. Türkmenistanyň bu ugurdaky kanunçylygynyň halkara tejribeden ugur alnyp,  döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi.