Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordenini döretmek hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge

goşandy üçin» ordenini döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 123-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordenini döretmeli.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 30-njy sentýabry.

№ 616-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge

goşandy üçin» ordeniniň

STATUTY

 

1. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we beýleki ugurlarda ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýän hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen daşary ýurt döwletleriniň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen:

1) halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary;

2) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde goşan uly goşandy;

3) Türkmenistanyň ykdysadyýetini, ylmyny, medeniýetini, sungatyny, bilimini, saglygy goraýşyny we beýleki çygyrlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny, bilelikdäki uly göwrümli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde goşan saldamly goşandy;

4) ylmy we tehnikany ösdürmekde, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işläp taýýarlamakda hem-de ýurduň ykdysadyýetine täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda bitiren uly hyzmatlary;

5) döwlet we jemgyýetçilik işlerinde bitiren ýokary hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge 

goşandy üçin» ordeniniň

ÝAZGYSY

 

(31.07.2025 ý. № 168-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen)

 

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni deň derejeleri bolan, döşe dakylýan we boýna asylýan, iki görnüşde ýasalýar.

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeniň döşe dakylýan görnüşi üsti-üstüne goýlan iki bölekden ybaratdyr. Onuň aşaky bölegi onaltyburçluk görnüşinde bolup, onuň her bir ýiti burçunda gyzyl reňkli sirkoniý daşlary goýlan. Burçlaryň arasynda altyn çaýylan Gün şöhleleri şekillendirilen. Ordeniň umumy diametri 44 mm.

Ordeniň esasyny emele getirýän onaltyburçlugyň gyralary ýaşyl reňkli syrça bilen jäheklenen.

Ordeniň ýokarky bölegi iki tegelekden ybarat bolup durýar. Daşky tegelegiň diametri 34 mm, içki tegelegiňki bolsa 24 mm. Içki tegelekde güberçek görnüşli Ýer tegeleginiň sudurynda Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasynyň, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň altyn reňkli güberçek şekili we sag tarapynda bolsa ykdysady ösüşi alamatlandyrýan altyn çaýylan tolkunlaryň üçüsi şekillendirilen. 

Ordeniň içki tegeleginiň daşynda ini 5 mm bolan ýaşyl reňkli syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GOŞANDY ÜÇIN» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň döşe dakylýan görnüşi halkajyk arkaly ini 30 mm, beýikligi 20 mm bolan baýdak görnüşli ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkada bäş sany milli haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen.

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeniniň boýna dakylýan görnüşi üsti-üstüne goýlan iki bölekden ybaratdyr. Onuň aşaky bölegi onaltyburçluk görnüşinde bolup, onuň her bir ýiti burçunda gyzyl reňkli sirkoniý daşlary goýlan. Burçlaryň arasynda altyn çaýylan gün şöhleleri şekillendirilen. Ordeniň umumy diametri 80 mm.

Ordeniň esasyny emele getirýän onaltyburçlugyň gyralary ýaşyl reňkli syrça bilen jäheklenen.

Ordeniň ýokarky bölegi iki tegelekden ybarat bolup durýar. Daşky tegelegiň diametri 61.4 mm, içki tegelegiň diametri 45.9 mm. Içki tegelekde güberçek görnüşli Ýer tegeleginiň sudurynda Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasynyň, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň altyn reňkli güberçek şekili, sag tarapynda bolsa ykdysady ösüşi alamatlandyrýan altyn çaýylan tolkunlaryň üçüsi şekillendirilen. 

Ordeniň içki tegeleginiň daşyndaky ýaşyl reňkli syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GOŞANDY ÜÇIN» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Orden üç sany zynjyr arkaly altyn çaýylan 13 sany sekizburçluk hem-de 9 sany onaltyburçluk berkidilen boýna asylýan halka birikdirilýär.

Sekizburçluklaryň her biriniň umumy diametri 40 mm we diametri 27 mm bolan merkezindäki tegelegiň içinde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun şahalary hem-de onuň merkezinde ýaşyl syrça bilen örtülen sekizburçlugyň içinde altyn çaýylan bäş ýyldyzly ýarym Aý ýerleşdirilen.

Onaltyburçluklaryň her biriniň umumy diametri 40 mm, ýaşyl syrça bilen örtülen merkezindäki tegelegiň diametri 22 mm, tegelegiň merkezinde zeýtun şahajygy bilen uçup barýan ak kepderi şekillendirilen. Tegelegiň daşyndaky halkada ini 1.25 mm bolan sekiz sany ak reňkli sirkoniý daşlar ýerleşdirilen.

Sekizburçluklaryň burçlarynda milli nagyş şekillendirilen.

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni, onuň kolodkasy we boýundan asylýan halka 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.