Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ösüşiň ýoly bilen halkymyzy öňe alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen pähimdar pederlerimiziň döwlet gurmakda toplan baý taryhy tejribesine daýanylýar, milli demokratiýanyň ýörelgeleri ösdürilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şundan hem görnüşi ýaly, aýdyň maksatlar bilen bu taryhy wakalara taýýarlykly barylýar. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz agzybirligiň, demokratiýanyň milli ýörelgesini kemala getiripdir hem-de geňeşmegiň, maslahat etmegiň ähmiýetini ýokary derejä ýetiripdir. Häzirki wagtda bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam edilýär, döwrebap ösdürilýär. Bu asylly ýörelgeler, milli demokratiýa döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem berk orun tutýar.
Döwletli işiň başy tutulanda ulus-ile geňeş edilýär, ählihalk ýygnaklary geçirilýär. Bu türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesiniň, döwletlilik ýolunyň netijesidir. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet hem-de jemgyýetçiliksyýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm tapgyr bolup durýar. Munuň özi halk demokratiýasyny dabaralandyrmak, raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.
Perman Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.