​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
03.09.2025

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ NUSGASY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ýurdu­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň beýik baş­lan­gyç­la­ryny dowam edýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz täze ta­ry­hy eý­ýamda ösü­şiň ýo­ly bi­len hal­ky­my­zy öňe alyp barýar. Gah­ry­man Ar­kada­gymy­zyň , Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň döwlet gur­mak­da top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyl­ýar, mil­li demok­ra­tiýanyň ýö­rel­ge­leri ös­dü­ril­ýär. 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, ­şu ýylyň 20­-nji aw­gus­tyn­da türk­men halkynyň ­Mil­li Li­de­ri, Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başly­gy Gur­ban­gu­ly Berdi­mu­ha­me­do­wyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si geçi­ril­di. On­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem­-de ýurdumyzyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baýramy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, aý­dyň mak­sat­lar bi­len bu ta­ry­hy waka­la­ra taý­ýar­lyk­ly ba­ryl­ýar. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz ag­zy­bir­li­giň, de­mok­ra­ti­ýa­nyň mil­li ýörelge­si­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir hem-­de ge­ňeş­me­giň, mas­la­hat etme­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ti­rip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam edil­ýär, döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler, mil­li de­mokra­ti­ýa döw­le­ti­mi­ziň kanunçylyk ul­ga­myn­da hem berk orun tut­ýar. 

     Döw­let­li işiň ba­şy tu­tu­lan­da ulus-­ile ge­ňeş edil­ýär, äh­li­halk ýyg­nak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tejribesi­niň, döw­let­li­lik ýo­lu­nyň ne­ti­je­si­dir. Bu ba­bat­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let hem-­de jem­gy­ýet­çi­lik­sy­ýa­sy gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm tap­gyr bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­ny dabaralandyrmak, ra­ýat jem­gyýe­ti­niň iş­jeň­li­gi­ni ýokarlandyrmak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. 

Perman Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.