Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.
Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.
Çad Respublikasynyň we Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.