Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda halkara tejribelerden, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda hem-de Gümrük kodekslerine, “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Şeýle-de daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň agzalarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.