Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

Edepli ile ýarar

 

     Şöhratly taryhymyzdan şaýat bolşumyz ýaly, nesilleriň we döwürleriň arasy milli medeniýet bilen baglanyşdyrylýar. Şonsuz halkyň ata-babalaryndan galan ruhy mirasynyň eýeçiligine bolan özygtyýarlyklary hakynda söz açmak mümkin däl. Medeniýetiň akymynda halkyň gymmatlyklar ulgamy kemala gelýär, gadymy geçmişi bilen arabaglanyşygy amala aşyrylýar we geljekki ösüşleriniň binýady tutulýar. Bu aýdylanlar köpöwüşginli milli mirasymyzy gorap saklamagyň, olaryň nesil terbiýesinde milli ýörelgeler bilen ýugrulmagynyň meselelerini jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde ileri tutmaga doly esas berýär.

 

     Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň millilik ruhunda terbiýelenmegi bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, jemgyýetiň ertirki ösüşiniň adam maýasyny emele getirýän ýaş nesiller barada hossarlyk alada edýärler, toplumlaýyn işlere badalga berýärler. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýaş nesliň bagtyýar geljegi hakynda edilýän aladalar ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar, begendirýär. Sebäbi ýaş nesle asylly terbiýe bermek, adamkärçiligiň belent nusgalaryny öwretmek geljegimiziň binýadynyň berk, durmuşymyzyň bagtyýar bolmagyny kepillendirýär. Ýaş nesliň ilkinji terbiýesi maşgaladan başlanýar. Şundan ugur alyp, gadymy döwürlerden bäri nesil-neberesini milli ruhda terbiýelemek her bir maşgala eýesiniň esasy borjy bolup durýar. Millilik düşünjesi halkymyzyň ganyna ornaşyp, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam edip gelipdir. Türkmen halkynyň milliligi onuň dilinde, edim-gylymynda, däp-dessurynda hem-de nesil terbiýesinde jemlenýär. Türkmen halkynyň öz ar-namysy, aýal-gyzlaryna goýýan hormat-sylagy, nesillerini milli ruhda terbiýeleýşi bilen tapawutlanýandygyny daşary ýurtly taryhçylar hem belläp geçipdirler. 

     Halkymyzda: «Adamdan galýan iň gowy miras edepli, terbiýeli perzent» diýilýär. Il güne ýaraýan, edepli-ekramly bolup ýetişen perzent seniň ömrüňi uzaldýar, ýaşyňa ýaş goşýar. Ata-enä hormat goýmak, perzentleriň maşgaladaky edebi, olaryň terbiýeli, il-güne haýyrly bolup ýetişmekleri bilen bagly gadymy ýörelgelerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gyzyldan gymmatly kitaplarynda giňişleýin bellenilip geçilýär. 

     Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eseriniň mazmunyndan enäniň mähriniň we söýgüsiniň gudratlydygy barada ýiti paýhasa ýugrulan pikirler, duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesiniň görüm-göreldesi, el hünärlerine, biş-düş işlerine juda çeperdigi baradaky ýatlamalary okyjylarda uly tolgunma döretmek bilen, özlerinde türkmen zenanlaryna 

mahsus häsiýetleri terbiýelemeklige ruhlandyrýar. 

 

Bossan AKYÝEWA, 

Türkmenabat şäher kitaphanasynyň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

10.04.2025 Giňişleýin

ПРОЧНЫЕ МЕХАНИЗМЫ ПАРТНЁРСТВА

 

     В Брюсселе в Европейском парламенте 26 марта состоялось специальное мероприятие на тему «Роль нейтралитета в укреплении мира и доверия», организованное Меджлисом Туркменистана, Посольством Туркменистана в Брюсселе совместно с Европейским парламентом. Модератором мероприятия выступила Катерина Рот Неведалова, член Европейского парламента.

 

     В мероприятии приняли участие депутаты Европейского парламента, члены Меджлиса Туркменистана, руководители дипломатических миссий, представители международных организаций, гражданского общества и СМИ. 

     Основная сессия была посвящена роли нейтралитета в международных отношениях, дипломатии и устойчивом миростроительстве. Выступивший на сессии Посол Туркменистана в Королевстве Бельгия Сапар Пальванов подчеркнул, что нейтралитет Туркменистана – это не политика невмешательства, а активная и созидательная позиция, направленная на развитие доверия, диалога и равноправного сотрудничества со всеми странами мира. Посол отметил, что в условиях нарастающих международных противоречий статус постоянного нейтралитета, трижды признанный ГА ООН, позволяет Туркменистану быть надёжным партнёром для переговоров, посредничества и гуманитарных инициатив. Особое внимание в выступлении было уделено инициативе Туркменистана по провозглашению 2025 года «Международным годом мира и доверия», а также принятой в марте текущего года Генеральной Ассамблеей ООН Резолюции «Постоянный нейтралитет Туркменистана», соавторами которой стали 67 государств.

     Выступившие от туркменской стороны представители Меджлиса отметили, что правовой статус постоянного нейтралитета – основа внешней политики нашего государства и национальной идентичности. Туркменистан является единственной страной в мире, которая закрепила свой нейтралитет в своей Конституции, подтвердив этот принцип как долгосрочную стратегическую приверженность миру и добрососедству. Этот статус был закреплён 

в трёх Резолюциях Генеральной Ассамблеи ООН – в 19952015 и 2025 годах. 

     Говоря о феномене туркменского нейтралитета, депутаты Меджлиса подчеркнули, что нейтралитет носит постоянный и позитивный характер, и это не пассивная позиция невмешательства, а активная политика, направленная на содействие диалогу, мирному сосуществованию и устойчивому развитию на региональном и международном уровнях. Для поддержки этой политики Туркменистан разработал и принял прочную правовую базу, включая Конституционный закон о постоянном нейтралитете и Концепцию внешней политики Туркменистана как нейтрального государства. Эти документы определяют подход нашей страны к внешним связям во всех областях – политической, экономической, экологической, культурной и гуманитарной. 

     Избранная Туркменистаном модель нейтралитета сыграла важную роль в превращении нашей страны в площадку для диалога и превентивной дипломатии. Ярким примером этого является создание в Ашхабаде Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии. В знак одобрения и роли нейтралитета как инструмента дипломатии и гуманитарного взаимодействия Сообщество Наций по инициативе Туркменистана в 2017 году приняло Резолюцию, объявляющую 12 декабря Международным днём нейтралитета, в 2020 году – Резолюцию «Роль нейтралитета в поддержании и укреплении международного мира, безопасности и устойчивого развития». В том же году по инициативе Туркменистана в рамках ООН была создана Группа друзей нейтралитета – многосторонняя платформа, которая объединяет страны, разделяющие общие интересы в мирном разрешении споров и укреплении доверия в международных отношениях. Объявление 2025 года Международным годом мира и доверия отражает широкую международную поддержку приверженности нашей страны продвижению ценностей мира, диалога и взаимного уважения. Эта инициатива основана на философии Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Героя­Аркадага «диалог – гарантия мира».

     Мероприятие сопровождалось содержательной дискуссией, в ходе которой участники дали положительные отклики на политику нейтралитета, последовательно проводимую в течение 30 лет независимым нейтральным Туркменистаном. Обсуждение продемонстрировало актуальность и востребованность концепции нейтралитета как механизма устойчивого мира и доверия в современной международной системе и для регионального сотрудничества, помогая принимать сбалансированные решения и способствуя взаимопониманию. Туркменская сторона выразила благодарность членам Европейского парламента за участие в международных мероприятиях в ознаменование Международного года мира и доверия.

Энеджан Атаева, 

депутат Меджлиса Туркменистана, 

член Комитета Меджлиса по 

международным 

и межпарламентским связям.

09.04.2025 Giňişleýin

ULAG DIPLOMATIÝASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

 

     Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan­Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň iri halkara logistik merkez hökmünde ulag­aragatnaşygynda köpugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegindäki hyzmaty ählitaraplaýyn integrasiýanyň gyzyklanmalaryna hem­de ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär» diýip belleýär. 

     XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda halkara guramalaryň we sebit ýurtlarynyň arasynda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerleşýän sebitinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň Demirgazyk­Günorta, Günbatar­Gündogar, TRASEKA, Lazurit halkara üstaşyr­ulag geçelgeleriniň çäginde ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we yklymara derejelerde multimodal gatnawlaryň üpjün edilmeginiň möhümligi ýüze çykýar. Aziýanyň Ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda daşary yurt döwletleriniň gaznalary Türkmenistanda  alnyp barylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşýarlar. Türkmenistan özüniň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda syýasy diplomatik, söwda­ykdysady, medeni­ynsanperwer ugurlar boýunça sebit we ählumumy bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3­nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar. 

     Bu  maslahatyň ilkinjisi 2003­nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, ikinjisi bolsa 2014­nji ýylda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirildi. 30-dan gowrak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişi, 500­milliondan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, geografiki çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýär. 

      Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraljak bu maslahatyň çäklerinde beýleki çäreler bilen bilelikde Parlament forumynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Parlament forumynyň guralmagy ulag diplomatiýasynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilikleri açar. Bu babatda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2024­nji ýylda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýynYlalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

      Şeýle hem geçen ýylda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu kanunlaryň mazmunynda döwletara we hökümetara gatnaşyklarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gazanylýan ylalaşyklarda ulag­logistiki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn ornuň degişlidigini aýdyň görmek bolýar.

     Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýoluny täze şertlerde dikeltmek ugrunda amala aşyrýan beýik başlangyçlary, ýurdumyzda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary diňe bir söwda­ykdysady bähbitleri göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüşiň beýleki wajyp ugurlary bolan durmuş we ekologiýa abadançylygyny gazanmaga ýardam berýär. 

     Ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny dünýäde dabaralandyrýan, ýurdumyzda halkara derejeli forumlary, maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem­de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag,belent başlary aman,il­ýurt bähbitli  tutumlary rowaç bolsun!

 

 Kerimguly GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky 

komitetiniň agzasy

05.04.2025 Giňişleýin

PARASATLY YKDYSADY BAŞLANGYÇLAR

 

    Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara, goşulan gymmatyň bäsleşige has ukyply hatarlaryny we zaýasyz ykdysadyýeti döretmekden ugur almak bilen, sanlylaşdyrmaga geçmek durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm ugurlary bolup durýar.

                                                                                                               

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 79-njy sessiýasyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

     Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmäge, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmäge, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmäge, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk işleri amal etmegi maksat edinýär. Bu ugurda Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete (Sirkulýar ykdysadyýete)  geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär. 

     Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar. 

     Ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçmek durnukly ykdysadyýete, bar bolan tebigy, zähmet we maliýe serişdelerini netijeli we oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu durnukly ösüşe degerli täsir edýän täze ekologik töwekgelçilikleriň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy hasaba alnanda aýratyn derwaýys bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan peýdalanmagyň iň ýokary derejesine laýyk gelýän önümleri, toplaýyş önümlerini we materiallary işläp taýýarlamak we ýaýratmak ýoly bilen, sarp ediş düzgünlerini amatly etmäge aýratyn üns berler.

     Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde öňde goýulýan esasy wezipeleriň biri hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. 

     Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň tapgyrlaryny eýýäm birnäçe ýyllardan bäri dowam etdirýär. Muňa mysal hökmünde ýurduň çäginde gurulýan zawodlardyr kärhanalarda, iri önümçiliklerde ekologiýa taýdan arassa bolmagy, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy hem-de az galyndyly ýa-da galyndysyz önümçiligi ornaşdyrmak babatda ähli tagallalaryny edýär. Serişde tygşytlaýjy we galyndylary özünde gaýtadan işlemek bilen täzeden önüm öndürmeklige ukyply zawodlar guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu işler, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda has aýdyňlygy bilen görünýär. 

     Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 MWt bolan täze elektrik stansiýanyň işe girizilmegi netijesinde jemi kuwwaty 2985,7 MWt-a barabar boldy. Elektrik energiýasyny işläp çykarmagyň iki dolanyşygynyň utgaşdyrylmagy elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisiýentini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu elektrik stansiýasynda ornaşdyrylan utgaşyklylykda işleýän gaz turbinaly desga işlenilen gazy gaýtadan işlemek bilen iň az möçberde galyndy çykarýar we ýokary derejede elektrik öndürýär. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzda, hatda sebitde uly desgalaryň ýene-de biri bolan Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurluşygy dowam etdirilýär. 

     Mundan başga-da, Ahal we Derweze Döwlet elektrik stansiýalarynyň, Awaza Döwlet elektrik stansiýasynyň, Daşoguz Döwlet elektrik stansiýasynyň, Lebap Döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek bilen bagly işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi üçin bolsa ägirt uly maýa goýumlar goýulýar. Bularyň hemmesi, ilkinji nobatda, galyndysyz energiýany üpjün etmek hem-de ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz (sirkulýar) ykdysadyýete geçmek boýunça edilýän işlere mysaldyr.

     2024-nji ýylyň fewralynda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde türkmen wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen teklipleriň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşe gönükdirilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi. 

     Türkmenistan Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we 2030-njy ýyla çenli milli strategiýa ykdysady ösüş bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy saklamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösmegine we eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna goşant goşýan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Aziýanyň ösüş banky we ÝHHG ýaly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

     Türkmenistan 2015-nji ýylda gol çekilen hem-de tassyklanan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklan döwletleriň hataryna girýär, şeýle hem zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan, döwrebap, «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berýär. 

     Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ösüşlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda, şeýle hem sebitde durnukly ösüşiň gazanylmagynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Gurbangeldi AŞYROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

 

 

 

04.04.2025 Giňişleýin

RUHUBELENTLIGIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň Bütindünýä saglyk gününe ykjam taýýarlyk görülýär. Bu ýylyň şanly wakalara beslenýändigi il-günümizi guwandyrýar. Şanly senä taýýarlyk görülýän günlerde ýylyň taryhy wakasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlaman bolmaz. Çünki, parahat durmuşda saglygyň hözirini görmek her bir ynsanyň baş arzuwydyr.

     Bütindünýä saglyk güni Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda giňden bellenilip geçilýär. Şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän sport-sagaldyş çäreleri sagdynlygy we ruhubelentligi wagyz-nesihat etmegiň täsirli serişdesi bolup hyzmat edýär. Bütindünýä saglyk gününde welosipedli ýörişler köp adamly bolup, bu sport çäresiniň bähbitli täsiri ýylsaýyn ýokarlanýar. Sportuň sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidiginden ugur alnyp, sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türgenleriň arasynda guralýan sport bäsleşikleri özboluşly baýramçylyk dabaralaryna öwrülýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bellenilýän bu senäniň aýdym-sazlaryň şirin owazyna beslenmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Ajap eýýamymyzda her ýylyň baharynda Bütindünýä saglyk gününi uludan toýlamak asylly däbe öwrülmek bilen, sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramynyň dabarasy dag aşýar.

 

Ýusup ANNAÝEW.

Welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany,

                                                                                                        Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

03.04.2025 Giňişleýin

SPORT — RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESI

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere ildeşlerimiziň barha köpsanlysynyň goşulmagy ýurdumyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini subut edýär. Her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda baýramçylyk dabaralary bilen utgaşykly köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolup, onuň muşdaklarynyň sany barha artýar.

 

     Maglumatlara görä, welosiped sportunyň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.

     Ýurdumyzda welosiped sportunyň taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şol ýylyň yzysüre welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Latyn dilinden terjime edilende, welosiped «çalt aýak» diýmegi aňladýar. Welosiped sportunyň we welosipedli gezelençleriň adamyň özüni oňat duýmagyna hem-de bedeniň sagdynlygyna oňyn täsir edýändigi göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty we umuman, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, ýerlerde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde oba-şäherlerimiziň ählisinde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurulýar, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyrylýar.

 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

03.04.2025 Giňişleýin

TÜRKMENISTAN­ ÝEWROPA BILELEŞIGI: parlamentara gatnaşyklary ilerledip

 

    Golaýda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny» atly ýörite mejlis geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy hem-de Ýewropa Parlamenti bilelikde gurady. Mejlise Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, halkara düzümleriň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

     Mejlisde edilen çykyşlarda dünýäniň gün­tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda, olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplyk ýörelgesiniň möhüm ähmiýete eýedigi barada pikir­garaýyşlar beýan edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary barada gürrüň berdiler. 2025­nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21­nji martynda BMG­niň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at­abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny tassyklaýar.

     Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlylyk görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň abadançylygynyň bähbidine parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär we olaryň goldanylmagyny gazanýar. Bitarap döwletimiz häzirki zaman gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde «Dialog­parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyny yzygiderli ilerledýär. Hormatly Prezidentimiz BMG­niň Baş Assambleýasynyň 78­nji sessiýasynda eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Şeýle hem BMG­niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu işde halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

     Häzir halkara hyzmatdaşlykda hem­de dürli meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda, durmuşa geçirmekde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. 2014­nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Mejlisi onuň mejlislerine we geçirýän çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Şu geçen döwürde ýurdumyzda ÝHHG­niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde birnäçe çäreler, şol sanda 2023­nji ýylda «ÝHHG­niň çäginde howpsuzlygy,durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahaty, 2024­nji ýylda «ÝHHG­niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog­abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki maslahat geçirildi. Şu ýyl hem şeýle formatdaky maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. 

     Türkmenistanyň Mejlisi 2017­nji ýyldan bäri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) agzasydyr. Mejlis Parlamentara Bileleşigiň durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýäniň parlamentarileriniň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen çärelerine işjeň gatnaşýar. Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti bilen iki taraplaýyn dialogyň çäklerinde duşuşyklary geçirýär. Häzirki wagta çenli Mejlisiň wekilleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan­Ýewropa Bileleşigi: parlament dialogy» görnüşindäki duşuşyklaryň 8­si geçirildi. Türkmenistan­Ýewropa  Bileleşigi formatyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde «Türkmenistan­Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň mejlisleri, adam hukuklary boýunça «Türkmenistan­Ýewropa Bileleşigi» dialogy dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, oňyn bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgelerini halkara derejede ilerletmäge ýardam edýär. Parlamentara gatnaşyklar boýunça Brýusselde geçirilen mejlisiň dowamynda hem halkara meselelerde, parlament işinde uly tejribesi bolan wekilleriň täsirli çykyşlary oňa gatnaşyjylar üçin ähmiýetli we gyzykly boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu formatdaky duşuşyklaryň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Halkara we parlamentara 

aragatnaşyklar baradaky 

komitetiniň başlygy.

02.04.2025 Giňişleýin

Tebigatyň ýaşyl ýaraşygy

 

     Ýakynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işe badalga bermegi nesiller üçin nusgalyk ýoldur, görelde mekdebidir. Bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar halkymyzyň agzybirliginiň, döwletli işe ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň «Tebigat we zähmet hakynda» diýen bölüminde tebigatyň gymmatly baýlyklary bolan ösümliklere, haýwanlara, topraga, suwa degişli atalar sözleri, nakyllar getirilýär. Bu kitapdaky bag bilen baglanyşykly «Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde bag ekmegiň we oňa ideg etmegiň möhümdigi nygtalýar. 

     Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn­da, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar ýeri tutýan tokaý zolaklary döredildi hem­de bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem­de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gök zolaklary döretmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. 

     Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ekologiýa ugurlary boýunça ylmy­barlag işlerini alyp barmak hem­de tokaýçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. 

     Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti öran uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň deňagramlylygyny saklaýar hem­de ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Baglar «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýärler. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50-70 tonna tozany sorup alýarlar. Howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga­da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär. Haçan­da howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmekde, ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmekde, biodürlüligi gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 – 2025­nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», şeýle hem 2022­nji ýylda «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025­nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

     Türkmen halky ähli döwürlerde­de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG­niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biodürlülik baradaky konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär. 

     Türkmenistan Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldamak bilen, bu maksatlara goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileriniň ýerine ýetirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 2028­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. 

     Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şäher gurluşyk işlerinde we beýleki durmuş ulgamlarynda ekologiýanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini ilkinji borç edip goýýar. Milli meýilnamalar, maksatnamalar, strategiýalar işlenilip taýýarlanylanda we olar amala aşyrylanda, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem­de Durnukly ösüş maksatlary, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulýar. 

     Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 sany görkezijisiniň 15­nji maksady «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem­de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem­de biologik köpdürlüliginiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen. Şu maksadyň 2­nji böleginde bütin dünýäde tokaýlaryň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň usullarynyň girizilmegine ýardam bermek, tokaýlaryň selçeňleşmegini togtatmak, selçeňleşen tokaýlary dikeltmek we bag ekilen meýdanlaryň çäklerini ep­esli giňeltmek babatda anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabaralary hem durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde degişli işleriň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

     Ýurdumyz boýunça şu möwsümde saýaly, pürli, miweli baglaryň jemi 632 müň 498 düýbi ekildi, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde 2 million 260 müň 836 düýp baglara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Bag nahallarynyň ekilmegi, olara ideg edilmegi adam hakda edilýän aladadyr. Munuň şeýledigine 2022­nji ýylda BMG­niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14­nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip kesgitlenilýär. Şu düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýär. 

     Ýakynda ýurdumyzda geçirilen bag ekmek dabaralarynda ekilen baglar ata­babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. 

 

 

Azat SEÝDIBAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

02.04.2025 Giňişleýin

AK ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ÝURDUNDA

 

     Bagtly ýaşaýşyň hikmeti parahatçylykda, abadançylykda, adam ömrüniň manysy bolsa bitiren sahawatly işlerindedir. Ýekeje düýp agaç ekip bilen adamyň hem dünýä kitabyna adynyň ýazyljakdygyny aýdan şahyr, aslynda, ynsan oglunyň ähli sahawatly işlerini göz öňünde tutan bolmaly. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri hem röwşen geljege gönükdirilen, ömürlere we döwürlere nusgalyk, tarypa mynasyp tagallalardyr.

 

     Çagalary hemmetaraplaýyn üns-alada we mähir bilen gurşap almak halkymyza mahsus asylly ýörelgeleriň biridir. Ol häzirki zaman türkmen jemgyýetinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde has-da dabaralanýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi, olaryň täzeleriniň gurluşyklary-da giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde çagalar saglygyny dikeldýärler, berkidýärler, döwrebap bilim alýarlar.

     Ýurdumyzda çagalar dynç alyş merkezleriniň, oýun meýdançalarynyň, sport sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilmegi raýatlary diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistan çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, eneligi hem-de çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyz dünýäde körpe raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilýär.

     Parahatçylygyň mekanyna öwrülen, ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarly Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldawlar berilýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan gaznanyň alyp barýan asylly işleri ynsanperwerligiň belent nusgasydyr. 2021-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda işjeň hem köptaraplaýyn haýyr-sahawat işlerini alyp barýan gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen çylşyrymly, köp basgançakly hirurgiýa operasiýalary amala aşyrylýar. Dürli çylşyrymly ýürek operasiýasy, neýrohirurgiýa, ortopediki we kosmetiki hirurgiýa operasiýalary geçirilen çagalar häzirki wagtda durmuşyny doly 

derejede işjeň dowam etdirip, deň-duşlarynyň arasynda özlerini rahat duýýarlar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

      Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldaýar. Bu babatda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi hem aýdyň mysal hökmünde görkezip bileris. Mälim bolşy ýaly, 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglyk ýagdaýy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda sahawatly gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşik bilen bagly meseleler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

     4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga gönükdirilip, onuň maksady ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ýaly ukyplaryny berkitmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybarat boldy. Türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary öz içine alan bu bäsleşik zehinli çagalaryň sungatda, medeniýetde, döredijilikde ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. 

     Gyzykly geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýewe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, birinji orna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýewe, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şanur Berdiýewe we Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Saparowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, ikinji orny eýelän Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýewe, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ybraýym Täşliýewe we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Häkim Haýýamyň bilim toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Helma Feizä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bäsleşikde üçünji orna mynasyp bolan Aşgabadyň halkara mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Awani Rawada, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Zeýnep Orazmyradowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bagynyň orta toparynyň körpesi Osmanbeg Aşyrgeldiýewe Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

     Mahlasy, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilim almaga, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary goralýar, berk berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär. Nobatdaky döredijilik bäsleşigi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Adamlaryň ykbalyna dahyllylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerde halkymyza görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň esaslandyrylanyna uzak wagt geçmedik hem bolsa, onuň öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda amala aşyran işleri dünýä nusgalykdyr. Türkmen jemgyýetinde şeýle asylly işleri barha rowaçlandyrýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.

 

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

31.03.2025 Giňişleýin
1 ... 6 7 8 9 10 ... 81