Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

HALKYMYZYŇ PAÝHASLYLYK ÝÖRELGELERI

 

Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek babatda milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak ýoluny dabaralandyrýar. Il-halk bilen bile bolmak, olaryň pikirlerini bilmek ýörelgesi edebi miraslarymyzyň hem süňňüne siňip gidipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky meselä ünsi çekdi. Bu bolsa Diýarymyzda milli demokratiýanyň medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilendir. Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Halkylyk döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň özüniň esasy maksadyny halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde görýändigini beýan edýär. 

Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. 

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk ýygnaklaryny geçirip, olaryň iň wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky paýhasly maslahatlaryna ýokary baha beripdir. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň taryhy we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň at-owazasyny asyrlara uzaltjak pursatlary peşgeş berýän, kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşmegine ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy agzybirlikde, ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Serdar DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň 

Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş 

edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy

16.08.2024 Giňişleýin

ASYLLY ÝÖRELGELER DOWAMAT

 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Mähriban halkymyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän mukaddes ýol-ýörelgeleri saýlap, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, milli demokratik ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu belent ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, parahat we abadan durmuşyň gülleýän ýurduna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň geljekki meýilnamalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem geçiriljekdigini, onda berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan ýeňişleriň, üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemlenilip, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellemegi täze taryhy eýýamda jemgyýeti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sentýabr aýynda ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33   ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasyna we baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. 

Ýurdumyzda ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. 

Mähriban halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Halk Maslahatynyň wajyp orny bar. Çünki ata-babalarymyzdan gelýän milli däplere eýerip, bu ählumumy Maslahaty geçirmek türkmeniň döwletlilik ýolunyň dowamat dowam bolýandygynyň özboluşly subutnamasydyr. 

Ýurdumyzda gazanylan belent üstünlikleriň netijeleri her bir raýatyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleler jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütler kabul ediler. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary göterilmegine özüniň oňyn şertlerini döreder. 

 

Ýeňiş MOLLABERDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy

15.08.2024 Giňişleýin

ABRAÝYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE

 

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk saklap, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen çykyş edip gel­ýär. Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­nyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. 

Garaşsyzlyk ýyllarynyň täze taryhy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy biziň döwletimize bildirilýän belent ynamyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda iki ge­zek, ýag­ny 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da hem-de 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýunyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­raplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň at-abraýynyň diýseň be­lent­di­gi­niň güwä­si­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa döwletleriň arasynda özara ylalaşmak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ýörelgelerini ösdürmek, dialog arkaly abadançylygy gazanmak maksatlaryndan ugur alýar. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän ähli Kararnamalaryny hem giňden goldaýar, olaryň işjeň tarapdary hökmünde öňe çykýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary hem giň goldawa eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda Baş Assamb­le­ýa ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tanyň baş­lan­gy­jy bi­len «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. 

Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň hyzmatdaşlyk çägi barha giňeýär we rowaçlanýar. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olaryň döwür bilen aýakdaş, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegini gazanmak meselelerini häzirki döwrüň möhüm strategik maksatlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy çagalaryň durmuş goraglylygy, hukuklary we hemmetaraplaýyn ösmegi babatdaky mümkinçilikleriň barha giňelmeginde möhüm ädim boldy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, türkmen ýaşlaryny hem jemgyýetiň degişli taslamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge höweslendirmekde, olaryň döredijilik başlangyçlarynyň halkara derejede gerimini giňeltmekde täze menzillere badalga boldy. Ýaş nesil hakdaky aladalaryň milli ýörelgelerimize esaslanýan we halkara kadalaryna laýyk gelýän hukuk resminamalary esasynda amala aşyrylmagy olaryň bagtyýar geljegini, nurana ykbalyny kepillendirýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilmegi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň sekretariatynyň netijeli işleri halkymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Halkara hyzmatdaşlyklaryň belent derejelere ýetmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

15.08.2024 Giňişleýin

BEÝIKLIGE SARPA

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň netijesinde bu gün Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň, türk­men hal­ky­nyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar. 

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina bolan türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara öwrülip, her birimiziň kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. 

Özüniň çuňňur manyly dürdäne şygyrlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna eýe bolan Magtymguly Pyragy ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry hasaplanýar. Onuň ýadygär galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy dünýäsine şamçyrag bolup şöhle saçýar. 

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny toplamaga, aýawly saklamaga, ylmy esasda öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we giňişleýin wagyz etmäge hem-de kanun esasynda ebedileşdirmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. «Magtymguly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Kanunynyň kabul edilmegini munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Kanunda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şahyryň ömrüni we döredijiligini, milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, bu ugurda halkara medeni, ynsanperwer we ylmy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şu günki we geljekki nesilleri şahyryň öwüt-ündewleriniň, çuň pelsepe garaýyşlarynyň esasynda watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda milli aňyýetiň berk hem sarsmaz binýadyny kemala getirmek baradaky kadalar öz beýanyny tapdy. 

Bu Kanun paýhasly pederlerimiziň bize wesýet eden belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hormat-sarpa goýmakda, onuň bütin adamzada miras galdyran gymmatly edebi mirasyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň parahat we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işlerine wepalylyk bilen goşant goşýan, Watany ýürekden söýýän, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, hakyky ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat edýär. 

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. 

 

Meňli Diwa­nowa,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy.

15.08.2024 Giňişleýin

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ DAÝANJY

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde her ýylda ýurdumyzda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleriniň döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlar kabul edilýär, hereket edýän kanunlar bolsa täze taryhy döwrümize hem-de geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Geljekde öňde durýan beýik maksatly wezipeleri üstünlikli amal etmekde döwlet häkimiýet edaralaryna, halka wekilçilik edýän edaralara, milli parlamente uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryny berkitmegiň däl, eýsem, ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadydyr we uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy daýanjydyr. Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi hem-de olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Ýurdumyzda jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, halkyň pikirini öwrenmek hem-de isleglerini kanagatlandyrmak üçin amatly syýasy-kanunçylyk gurşawy emele gelýär. Çünki biziň döwletimizde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrülendir. Halkymyzda bu babatda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar» ýaly pähimler bar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly orun degişlidir. Onda döwletimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça wajyp wezipeler kesgitlenilýär, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn çözgütler kabul edilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň giň goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär. Şeýle bagtyýar zamanada ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek babatda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli başlangyçlary rowaç bolsun! 

 

Aýgözel KUTLYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

15.08.2024 Giňişleýin

ASYLLY DÄBE EÝERILIP...

 

Indi her gün bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerine seljerme berdi. Şu giňişleýin mejlisde-de döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu möhüm waka häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi. 

Bu umumymilli forum jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolmak bilen, onda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen möhüm çözgütler kabul ediler. Görnüşi ýaly, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewiligi we sazlaşygy Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça depginli ösüşini, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artmagyny, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny şertlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ugurlarda ýetilýän belent sepgitleriň guwançly netijeleri bolsa, her bir raýatyň durmuşynda özüniň beýanyny tapýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň asylly däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Giň wekilçilikli bu umumymilli forumda döwletimiziň ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürilmegine, raýat jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam etjek taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigi guwandyrýar. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW. 

Türkmenistanyň “Halk bank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Tagtabazar etrap şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

15.08.2024 Giňişleýin

HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

 

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz agzybirlikde ýene bir möhüm ähmiýetli syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek aýda geçiriljek mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi beýik taryhy we medeniýeti döreden pederlerimiziň köpasyrlyk parasatly we asylly däpleriniň, milli ýörelgelerimiziň häzirki döwürde-de ileri tutulýandygynyň, döwletiň we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmekde il-güne maslahat salynýandygynyň, bu işlerde ýaşuly nesliň wekilleriniň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. 

Ýurdumyzda sylag-hormatdan, abraý-mertebeden paýly adamlaryň agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Çünki bilşimiz ýaly, bu milli forumyň mejlislerinde halkymyzyň, ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli we aç-açanlyk ýagda da ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ähli halk işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işleriň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi döwletimiziň daýanjy bolan watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli, edermen ýaşlary terbiýelemekde, olary beýik işlere ruhlandyrmakda paýhasly gojalarymyzyň göreldelerini nusga edinmek, olaryň wesýetlerine eýermek mukaddes ýörelgeleriň biridir. Halkyň durmuşy bilen baglanyşykly her bir işde kümüş saçly mährem enelerimiziň, dana gojalarymyzyň maslahatlaryna, tekliplerine daýanmak bolsa olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahaty döredilen gününden bäri jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk ýygnaklaryny geçirip, döwlet gurluşy we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmäge ýakyndan ýardam berýär. Şeýle hem halkymyzyň döwleti dolandyrmak boýunça asyrlaryň dowamynda döreden we kämilleşdirip gelýän nusgawy we şöhratly ýolunyň, döwleti berkarar we halky bagtyýar etmegiň baý tejribesiniň esasynda jemgyýetimizde halk häkimiýetiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň uzak geljekde-de iň bagtly, bagtyýar adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. 

Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler etrabymyzda hem bu ählihalk çäresini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar geçirilýär. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda bu ähli halk çäresine hödürleniljek meseleler, teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzybirlikde dowam etdirilýän bu işler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini üstünlikli çözmäge, milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmäge, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga halk wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

15.08.2024 Giňişleýin

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK UGRUNDAKY TAGALLALAR

 

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak çyg­ry­ny hal­ka­ra derejede do­lan­dyr­ma­gyň köpugurly guralyny Birleşen Milletler Guramasynyň dü­züm bir­lik­le­ri eme­le ge­tir­ýär. Olar BMG-niň Tertipnama­sy­na la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra hyz­mat­daşlykda ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer hä­si­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mek­de döw­let­le­riň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne go­şant goş­mak bi­len, wa­jyp we­zi­pe­le­ri ýerine ýetirýärler. 

Döw­let­le­riň arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk saklamaga ýardam etmek işlerini BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy — ÝUNEP ýerine ýetirýär. Onuň ştab-kwartirasy Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär. ÝUNEP Baş Assambleýanyň «Daşky gurşawy goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça guramaçylyk we maliýeleşdiriş çäreleri» Kararnamasynyň esasynda, 1972-nji ýylda döredilip, onuň orny we mandaty birnäçe halkara resminamalar bilen tassyklanyldy. 1997-nji ýylda kabul edilen Naýrobi Jarnamasynda ÝUNEP-niň ählumumy daşky gurşaw çygrynda BMG-niň esasy düzümidigi aýdylýar. Onuň baş edarasy Dolandyryjylar geňeşidir. Ol 58 agza döwletiň wekillerinden düzülip, adalatly geografik wekilçilik ýörelgesi boýunça dört ýyl möhlete saýlanylýar. Dolandyryjylar ge­ňeşi öz nutuklaryny BMG-niň Ykdysady we Durmuş ge­ňeşiniň (ECOSOC) üsti bilen ýetirýär. ÝUNEP-niň düzümindäki hemişelik wekilleriň komiteti we Sekretariaty öz işlerini Afrika, Aziýa we Ýuwaş umman, Günbatar Aziýa, Latyn Amerikasy, Karib deň­zi, Demirgazyk Amerika we Ýewropa sebitleri üçin degişli çäklerdäki wekillikleriniň üsti bilen amala aşyrýar. 

Ýeri gelende, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde, döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny bellemelidiris. Durmuşyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler syýasatyny alyp barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşinde üstünlikleri gazanýan ýurdumyzyň oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasy barha artýar. 

1982-nji ýyldan başlap, ÝUNEP wezipesini Dolandyryjy ge­ňeşiň her onýyllyk üçin strategik maksatnamasyna laýyklykda ýerine ýetirýär. ÝUNEP-niň alyp barýan işleri daşky gurşawyň hem-de durnukly ösüşiň soraglary we meseleleri bilen bagly giň mazmunly gatnaşyklary özünde jemleýär. Häzirki wagtda onuň iş maksatnamasy, esasan, adatdan daşary ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, şeýle hem olaryň öňüni almaga, daşky gurşawyň ýagdaýy barada maglumatlara baha bermäge we öwrenmäge; daşky gurşaw meseleleri boýunça konwensiýalaryň işlerini guramagy gowulandyrmaga we ekologiýa syýasaty boýunça resminamalary işläp taýýarlamaga; süýji suwly gorlaryň rejeli peýdalanylmagyny gazanmaga; senagatlaşmakda ekologik howpsuzlygy saklamaga; biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi, ekologik abadançylyga howp salmazdan, häzirki we geljekki nesilleriň ýaşaýşynyň, durmuş şertleriniň hilini gowulandyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. 

Şeýlelikde, her döwletiň öz çäginde tebigaty goramak boýunça wezipeleri amala aşyrýan edaralar we guramalar döredilip, daşky gurşawy goramagyň milli kanunçylyk ulgamynyň binýady berkidildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi aýratyn goralýan tebigy ýerlere gözegçilik etmek, ekologik abadançylygy pugtalandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň­ligini gazanmak boýunça birnäçe möhüm işleri amala aşyrýar. Her bir adamyň sagdyn daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugyny ykrar etmek birnäçe döwletleriň konstitusion kadalaryna öwrüldi. 

Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini abat saklamaga hem-de yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän döwletara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Pariž ylalaşygyna esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde daşky gurşaw we howa boýunça halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi öňe sürýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 

Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigini aýtdy. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zy­ňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara goşant goşmak ýurdumyzyň aýratyn ünsde saklaýan meseleleriniň hatarynda durýar.

Türkmenistan daşky gurşawy we howany goramak boýunça halkara konwensiýalara goşulmak bilen, ekologik howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz СOP28 maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Munuň özi ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy, şeýle hem senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini, daşky gurşawa zyýan berýän zy­ňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilen çäreleriň has-da işjeň­ligini ýokarlandyrjakdygyny şertlendirýär. Bu ugur boýunça öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekde energiýa pudagyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna we energiýa serişdeleriniň netijeli hemde tygşytly ulanylmagyna aýratyn üns berler.

Bütindünýä meteorologiýa guramasy hem atmosferanyň, de­ňiz gurşawynyň zaýalanmagynyň bes edilmegine ýardam etmäge borçlanýan iri guramalaryň biridir. Bütindünýä meteorologiýa kongresi guramanyň işiniň umumy ugurlaryny kesgitlemek, agzalyga, reglamentiň düzgünlerini, uzak möhletleýin meýilnamalary we býujeti kabul etmek maksady bilen geçirilýär. Onuň ýerine ýetiriji ge­ňeşi otuz ýedi direktordan — milli meteorologiýanyň we gidrometeorologiýa gullugynyň ýolbaşçylaryndan düzülip, olar şahsy görnüşde hereket edýärler. Ge­ňeş kongresiň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine, guramanyň maksatnamasynyň amala aşyrylyşyna, sebitleýin assosiasiýalaryň we tehniki komissiýalaryň hödürnamalary boýunça çärelere jogap berýär. 

Bütindünýä meteorologiýa guramasy ylmy taýdan makullanylan doly ulgamlaýyn gözegçiligiň maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol ählumumy howa ulgamynyň we atmosferanyň ýagdaýy boýunça hasabaty düzýär, daşky gurşaw babatdaky köptaraplaýyn ylalaşyklarda hökmany goldawy üpjün edýär. 

Diýarymyzda bu ulgamdaky işler şu ýylyň 30-njy martynda kabul edilen «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda alnyp barylýar. Gidrometeorologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara hökmünde Daşky gurşawy goramak ministrligi, Gidrometeorologiýa baradaky gulluk we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Şunlukda, Türkmenistanyň çäginde ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalar arkaly gidrometeorologiýa gözegçiligini geçirmegiň, gidrometeorologiýa maglumatlaryny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň netijesinde umumylaşdyrmagyň, çaklamalary düzmegiň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligi üpjün edilýär. Bu işler Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işine laýyklykda utgaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň möhüm hukuk, ykdysady we ekologiýa meselelerini çözmegi gazanmak, halklaryň tagallalaryny bir maksada gönükdirmek bilen bagly alyp barýan strategik başlangyçlary tutuş ynsanyýetiň bähbitlerini utgaşdyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty

 baradaky komitetiniň hünärmeni.

15.08.2024 Giňişleýin

ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK — KANUNÇYLYK ESASLY WEZIPE

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirilip, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berilmegi, şeýle-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkalaýyn energoulgamyň emele gelmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has gowulandyrýar, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.

Türkme­nis­tan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwuň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, olaryň döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir. 

Energetika ulgamynyň milli kanunçylyk binýady berkidilýär, kämilleşdirilýär. Ulgamy maksatnamalaýyn ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny üpjün etmekde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmakda birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýär. «Ýaşyl» energetikany ösdürmegiň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzak möhletleýin esasda alnyp barylýar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady di­ňe bir ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar. Ol energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

Energetika pudagynda tutumly işler durmuşa geçirilip, ýangyç-energiýa serişdelerini almak, öndürmek, ulanmak, geçirmek işleri amala aşyrylanda enjamlaryň näsazlygy, turba we elektrik geçirijiler ulanylanda ýa-da energiýany sarp ediji enjamlaryň işleýiş tertibiniň berjaý edilmezligi zerarly, olaryň öndürijiliksiz sarp edilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin ýangyç-energiýa serişdelerini ulanmakda sarp edijileriň hukuklary we borçlary bu Kanunda düzgünleşdirilýär. Kanunda energiýany tygşytlamagy we ondan netijeli peýdalanmagy hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri hem beýan edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň öň­dengörüjilikli ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň, daşky gurşawa zy­ňyndylaryň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilendir. Bu ugurda öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, energetika pudagyny innowasiýalara daýanyp ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna, netijeliligine aýratyn üns berilýär. Kanunyň degişli maddasynda energiýany tygşytlamak, ondan netijeli peýdalanmak boýunça döwlet zerurlyklary üçin göz öňünde tutulan harytlara, işlere, hyzmatlara bildirilýän talaplar baradaky kadanyň bellenilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň ilerlemegine öz täsirini ýetirer. Mundan başga-da, Kanunda energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy öz beýanyny tapýar. 

Ata Watanymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan zähmet ýe­ňişleri ýurdumyz boýunça kabul edilýän we üstünlikli ýerine ýetirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijesidir. Gürrü­ňi edilýän Kanunda döwlet maksatnamalaryny energiýanyň netijeliligi çygrynda hem kabul etmek, durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak milli kanunçylygymyzda, has takygy, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilendir. Şo­ňa laýyklykda, munuň özi halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda işleriň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Kanunda ikinji derejeli energiýa serişdelerinden, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ätiýaçlyk energiýa serişdelerinden peýdalanylmagynyň artmagyna ýardam berýän energiýany tygşytlamak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi barada bellenilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe energetika pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy. Kanunyň degişli babynda döwletimiz tarapyndan energiýany tygşytlamakda, energiýadan netijeli peýdalanmakda döwlet goldawynyň ugurlary, netijeli işleri alyp baran fiziki hem-de ýuridik şahslary höweslendirmek, olara ýe­ňillikleri döretmek göz öňüne tutulan. Energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak, energetiki menejmenti amala aşyrmak boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada hem Kanunda beýan edilýär. 

Döwür özgerýär, ylma hem-de tejribä daýanyp, täze-täze tehnologiýalar, innowasiýalar peýda bolýar we önümçilige giň­den ornaşdyrylýar. Türkmenistanda energetika ulgamynyň ösmegi netijesinde täzeçilliklere zerurlyklar artýar, ulgam üçin täze binalaryň, desgalaryň gurulmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup, energiýany tygşytlaýjy we onuň netijeliligini ýokarlandyryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny kämilleşdirmek bilen bagly kadalar hem Kanunda öz beýanyny tapýar. 

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek barada öňe süren teklibi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini aň­ladýar. 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle wakalar Türkmenistanyň energetika syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gürrü­ňi edilýän Kanunda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary beýan edilýär. 

«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda başga-da ençeme möhüm kadalar bar. Bu Kanunyň kabul edilmegi di­ňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine ýardam eder. 

Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

 

14.08.2024 Giňişleýin
1 ... 67 68 69 70 71 ... 118