​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

BAGTYÝAR NESILLER BILEN RÖWŞEN GELJEGE TARAP

 

Merdana halkymyzyň ähli taryhy döwürlerinde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň, asylly däp-dessurlaryň sarpasy örän belentdir. Bu ýörelgeler nesil terbiýesinde-de möhüm orun eýeleýär. Ertiriň şu günden başlanyşy ýaly, ýurduň geljeginiň binýady-da şu günden gönezlik alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalar bimöçberdir.

Şu ýylyň 14-­nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda hem­-de onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşmagynyň dowamynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň taslamasy bilen hem gyzyklandy. Geljekde bu merkeziň çagalaryň bilimli, ylymly, maksada okgunly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolmalydygy barada öňe sürlen asylly başlangyçlar ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde giňden dabaralanýandygynyň ýene­-de bir aýdyň güwäsi boldy. 

Bu günki gün Çagalar we ýetginjekler köşgünde, Çagalar we ýetginjekler öýlerinde, tebigy­ ylmy hem­-de ekologiýa, tehnologiýalar parkly ylmy­-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika­-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni­-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda, umumy bilim berýän orta mekdepler, maşgalalar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik toparlary bilen bilelikde ýaş nesilleriň orta mekdepde alýan bilimleriniň has­-da baýlaşdyrylmagy, durmuş başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, mahlasy, okuwdan boş wagtlary peýdaly işler bilen meşgullanmaklary üçin sazlaşykly işler alnyp barylýar. Mekdepden daşary edaralarda hem-­de gurnaklarda çagalaryň we ýetginjekleriň üstünliklerini wasp edýän hem­de zehin­-başarnygyny açyp görkezýän döredijilik çykyşlary, sergiler, bäsleşikler guralýar. Täze bina ediljek «Güneşli» merkezi hem ýaş nesillerimiziň bilim bilen bir hatarda, dürli hünärleri ele alyp, durmuşa ynamly gadam basmagyna mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem­-de kemala gelmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, şu ugra gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda, esasan­da, ylym­-bilimde, sportda, medeniýetde gazanýan üstünlikleri dünýäde dabaralanýar. Olaryň sportda Watanymyzyň halkara abraýyna goşan goşandyny, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders bäsleşiklerindäki, olimpiadalardaky üstünliklerini belläp geçmegiň özide örän buýsandyryjy ýagdaý. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlaryň 243-­sine gatnaşyp, jemi 674, şol sanda 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç medala mynasyp bolandyklary hem ýaş nesillerimiziň özlerine bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýandyklarynyň aýdyň güwäsidir. 

Döredijilikli başlangyçlary bilen çykyş edýän ýaşlar hemmelere göreldedir. Olara jemgyýeti işjeňleşdirmekde we jebisleşdirmekde, halklardyr döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri­de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň gepleşikler üçin açyk meýdançasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, dostlugyň we özara ynamyň berkidilmegine, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, täze ýollary gözlemekde, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary giňeltmekde netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022­-nji ýylyň 1-­nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030­-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy hem­-de ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has­-da berkitdi. 

Golaýda Parižde ÝUNESKO­-nyň Baş maslahatynyň 42-­nji mejlisiniň çäginde geçirilen «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ýaşlaryň işjeňligini gazanmak» atly 13-­nji ýaşlar forumyna ilkinji gezek türkmen wekilleriniň gatnaşmaklary bu ugra döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Şunda ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýakynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmeginde, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde we giňeldilmeginde täze gözýetimleri açandygyny hem bellemeli. 

Ýeri gelende nygtasak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 18­-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde eden çykyşynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şoňa laýyklykda, 16 - 18­-nji  noýabrda bu ýurtlaryň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň Türkmenistanda guralmagy aýratyn many-­mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder» diýip belledi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, şeýle­-de ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem­-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçilerini özünde jemlän forum ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk­de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalara mynasyp jogabydyr. Ýaşlar syýasaty boýunça halkara derejede guralýan dürli görnüşli çäreler bolsa ýaşlaryň ýurdumyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürlerden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, işjeň hyzmatdaşlygyň bu günki günde has möhümdigini äşgär edýär. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

WATANSÖÝÜJILIGI ÜNDEÝÄN ESER

 

Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan çykan kitaplarynda halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň ösüşleri, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby okanyňda, il-güne bagyşlanan ömrüň dowamat-dowam bolýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelere ygrarly, adalatlylygy, lebzihalallygy, ynsanperwerligi ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyz özüniň manyly ömrüni mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyna bagyşlaýar. Kitapda beýan edilýän wakalar okyjyny şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz, nurana geljegimiz hakyndaky söhbetleriň yzyna düşürýär. Milli Liderimiz filosofik eserinde toplan baý durmuş tejribesini seljermek bilen, durmuşyň baky kanuny we her bir adamy bezeýän ýagşy niýetlilik, oňat gylyk-häsiýetler meselesine uly orun berýär. 

Beýik taryhy şahsyýetleriň durmuş tejribesi, ruhy taglymaty nesilleriň ýol-ýörelgesine öwrülýär. Ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynda milli tejribäniň, köp ýyllaryň dowamynda döwletiň iň ýokary wezipesinde nusgalyk zähmet çeken şahsyýetiň ömrüniň manysynyň dowamaty baradaky pikirleriň, garaýyşlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Kitapda Watanymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini nazarlaýan wakalary ömrüniň manysyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ösüp gelýän ýaş nesillere milli ruhda terbiýe bermäge, olara hünär öwrenmäge, durmuşda ornuny tapmaga, şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilendigini aýratyn belleýär. 

Goý, watansöýüjiligi ündeýän şeýle kitaplar milli gymmatlyklarymyza öwrülip, ýyllardan-ýyllara aşyp, halkymyzyň ömürlik hemrasy bolsun! Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşy barada gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

 Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň hökmürowanlygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir. Kabul edilenine 28 ýyl dolan bu maksatnama ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda wajyp ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny tutan «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesini hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde berkarar döwletimizde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, ýokanç keselleriň düýpli kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ýerli ösümliklerden we çig mallardan öndürilýän dermanlar hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy muňa doly güwä geçýär. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkyň saglygynyň baş baýlyk, milli üstünlik hökmünde kesgitlenilmegi güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş syýasatyny döwlet dolandyryşyň umumy wezipesi hökmünde kanunlaşdyrmaga itergi berýär. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler oňyn netijelere beslenýär. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak üçin dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. 

Häzirki döwrüň talaplaryna görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek hem-de saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa bejeriş-anyklaýyş işleriniň talaba laýyk guralmagyna, lukmanlaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we düzümiň ähli edaralarynyň özara gatnaşygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy boýunça dünýäniň ösen ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy ýaly dünýäniň ösen döwletlerine amala aşyran taryhy saparlarynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça köp taraplaýyn bähbitli meselelere garaldy. 

Bu işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän bimöçber aladalary dur. Yzygiderli durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler bilen birlikde hünär baýramymyzy belleýän günlerimizde Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jiltiniň elimize gowuşmagy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durky täzelenilen Saýat, Dänew etraplaryndaky hassahanalarda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatynyň ýola goýulmagy bizi has-da netijeli zähmet çekmäge, Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge ruhlandyrýar. Hemişe öz halkynyň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.

 Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ULAG SYÝASATYNYŇ HUKUK BINÝADY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary mahalynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Ýurdumyzda ýükleri halkara we üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsleşige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşýan ugurlar giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada geografik ýerleşişi ýükleri üstaşyr daşamak babatda ýurduň artykmaçlykly ýagdaýyny kesgitleýär we köp sanly daşary ýurt döwletleri üçin gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda halkara guramalaryň we sebit ýurtlarynyň arasynda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerleşýän sebitinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň Demirgazyk — Gü­nor­ta, Gün­ba­tar —­Gün­do­gar, TRA­SE­KA hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag geçelgeleriniň çäginde ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we yklymara derejelerde multimodal gatnawlaryň üpjün edilmeginiň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar. 

Türkmenistanyň ulag syýasatynyň hukuk binýadyny berkidýän resminamalar barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýa­kyn ýyl­larda ulag diplomatiýasy boýunça halkara hukugynda esas goýujy resminamalar hök­mün­de Kararnamalaryň bir­nä­çe­si­ ka­bul­ edil­di. ­Şu ýyl­ ka­bul edi­len Kararnama laýyklykda 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Metbugat habarlaryna görä, häzirki wagtda halkara söwdasynda we senagat önümçiliginde iň möhüm mesele ulag-logistika hyzmatlaryň önümiň, ýarym fabrikatlaryň, çig malyň özüne düşýän gymmatyndaky paýynyň ýokarlanmagy, ýagny harydyň birlik mukdarynyň ýük daşama bahasynyň artmagy bolup durýar. Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy senagatda buýurmalaryň wagtynyň uzalmagyna, önüm üçin edilýän birlik çykdajylaryň ýokarlanmagyna getirýär. Bu ýagdaý gysga möhletde önüm öndürijileriň baha indeksiniň ýokarlanmagyna, orta möhletde bolsa, sarp edijileriň baha indeksiniň, ýagny taýýar önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu bolsa möhüm makroykdysady görkezijileriň biri bolan bahalaryň durnukly saklanylmagyny üpjün etmegi kynlaşdyrýar. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň söw­da we ösüş boýunça Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň «ASYCUDA World» at­ly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk ­ba­ra­da­ky ­tas­la­ma­la­ýyn Yla­la­şy­gy bag­laş­dy. Bu hyzmatdaş­lyk Türkmenistanyň serhet nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, «Bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi arkaly halkara söwdasynyň ösdürilmegine goldaw berjek ýagdaýlar bolup çykyş edýär. Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi­ne we awto­mat­laş­dy­ryl­ma­gy­na şert dö­red­ýän «ASYCUDA World» ul­ga­my BMG-­niň söw­da we ösüş bo­ýun­ça Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň başlangyçlaryndan bi­ri bolup, bu ulgama dünýä ýurtlarynyň 90-dan gowragynyň girmegi we ony goldamagy onuň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň gümrükhanalarynyň işiniň sanlylaşdyrylmagy we sadalaşdyrylmagy ýurduň eksport mümkinçilikleriniň we üstaşyr geçirijilik ukybynyň artmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda ulag-logistiki hyzmatlaryň ösen görnüşleri arkaly Et­rek, Bajgyran, Ar­tyk,­ Sa­rahs, Ker­ki, Ymam­na­zar, Bek­daş, Fa­rap gümrükhanalarynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy ýakyn geljekde hyzmatlar ulgamynyň jemi içerki önümdäki paýynyň artmagyny gazandyrar. 

Prezident Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ulag syýasatynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň Ulag syýasatynyň esaslary ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ­ka­bul­ edil­di.­ 2021-­nji ýyl­da «Kon­teý­ner­lere de­giş­li Güm­rük Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­mak­ ha­kyn­da», «Kon­teý­ner go­ru­na geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düz­gü­ni hakyn­da­ky­ Kon­wen­si­ýa go­şul­mak ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Kanunlary, «Aw­to­mo­bil ýol­la­ry we ýol işi ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türkmenistanyň Ka­nu­ny kabul edildi. Tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasapla­şyk ­usu­ly­ýe­ti Türkme­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan ­kes­git­le­nil­ýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Beýleki möhüm hukuk namalary bi­len bir ha­tar­da «Ýew­ro­pa Kaw­kaz­ ­Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­sini ös­dür­mek ha­kyn­da esa­sy­ köptarap­la­ýyn Yla­la­şy­ga go­şul­mak ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Kanunynyň tas­la­ma­sy­na ga­ral­dy we ­ka­bul ­edil­di.­ Bu Ka­nun öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän täze başlangyçlarynyň hukuk binýadyny has-da berkider. 

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ­yk­dy­sa­dy işini ös­dür­me­giň 2020­—­2025­-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amal edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny gazandyrar. Daşary ýurt döwletleriniň ösen ykdysadyýetlerinden tejribe edinmegiň çäklerinde daşary söwda deňagramlylygyny gazanmak üçin «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlary dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny gözlemek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

DÜNÝÄNIŇ NAZARYNDAKY ÇEMPIONAT

 

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň ondördünjisini kabul edýär. 

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň sport söýüjileriniň, janköýerleriniň nazarynyň ýene gözel paýtagtymyza gönükmegine sebäp bolýar. Olar gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyryljak bu sport baýramynyň täsirli pursatlara baý, dünýäniň ussat türgenleriniň arasyndaky göreşleriň tolgundyryjy, çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyna uly ynam bilen garaşýarlar. Bu ynamyň düýp mazmunynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dünýäniň sport merkezine, iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan ýurda öwürmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary örboýuna galýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesinde belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanşyp, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitläp, bu bina barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «...ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir» diýip, aýratyn belläp geçmegi ýurdumyzda ýaş nesliň geljegi hakynda döwlet tarapyndan düýpli aladalaryň edilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Häzirki nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün edip, geljegiň aladasy bilen ýaşaýan döwlet beýikdir, gurpludyr, mümkinçilikleri uludyr. Milli we ählumumy derejede adamzadyň gazananlaryna hormat goýýan ýurdumyzyň ösüş ýolunda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede hormatlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek. Hiç bir millet, jemgyýet, döwlet diňe şu günki gazanylanlar bilen çäklenmeýär. Olar nesilleriň ýagty geljegini, bagtyýar, bolelin durmuşyny nazarlap iş tutýarlar. Şunda çagalar üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň maksada ýetmegiň esasy wezipesi hökmünde öňe çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri sagdyn, işjeň, açyk, hemmeler üçin elýeterli we ýokary üpjünçilikli gurşawy döretmegi göz öňünde tutýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar» diýip bellemek bilen, türkmen döwletiniň röwşen geljeginiň gurulmagynda ýaş nesilleriň uly ornuna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz: «Her bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Türkmenistany bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolan ýurdy diýip atlandyrmak bolar» diýip belledi. Ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladalar bir pursat hem ünsden düşürilmeýär. Çagalaryň hem-de ýaşlaryň saglygyny goramak, hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, özbaşdak durmuşa, zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, olaryň ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleri, artykmaçlyklary ileri tutulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip bellemek bilen, geljegiň ösüş maksatlaryna, ýurduň, halkyň bähbitlerine doly hyzmat edip biljek ýaşlaryň möhüm ornuna ünsi çekýär. Şeýlelikde, Milli Liderimiziň kämil döwlet taglymatynda hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky aladalar jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm wezipesi, depginli ösüşiň wajyp şertleriniň biri bolup çykyş edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gurlan, gurulýan, düýbi tutulan, durky täzelenýän saglyk maksatly binalaryň sany barmak büküp sanardan juda köp. Hassahanalarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň ählisi halkymyz üçin döredilen giň şertleriň hataryndadyr. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn we ruhubelent ösüşi döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklanýar. Döwletimiz çaga dünýä inen gününden başlap, ony üns-alada bilen gurşap alýar. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary eneleriň mähir bilen gurşap almagy, terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýeňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň anyk mysallarydyr. Täze gurlan çagalar baglary, ak mermere beslenen mekdepler terbiýelenýän, bilim alýan her bir çaganyň hiç bir zatdan kynçylyk çekmezligini, beden we ruhy taýdan sazlaşykly, sagdyn kemala gelmegini maksat edinýän möhüm talaplara doly laýyk gelýär. Çagalykdan başlap, ýaş nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta söýgi ösdürilýär. Ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler bu ugurda alnyp barylýan işleriň has rowaçlandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Türkmenistanda çagalaryň goraglylygy, bagtyýarlygy we amatly şertlerde ösmegi üçin kämil hukuk binýady döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» hem bellenilen döwürde çagalaryň irki ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýan hukuk resminamasy bolmak bilen, onda ýurdumyzyň çagalarynyň bähbitlerini kepillendirýän durmuş syýasatynyň esasy maksatlary öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi, kämilleşmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çagalar baglarynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin okuw otaglary bar. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu çärelere körpe türkmenistanlylaryň çekilmegini aýratyn wezipe hökmünde öňde goýýar. 

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça bir näçe halkara resminamalara goşulyşdy. Çagalary goramak we olaryň hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän hem-de özüniň kiçi ýaşly raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýän Türkmenistan 1994-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşuldy. Şol ýylda hem BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy. 

«Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» hem tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň we Türkmenistanyň agza bolup durýan, çagalaryň bähbitlerini nazarda tutýan beýleki ylalaşyklarynyň ýörelgeleridir düzgünlerine esaslanýar. Çagalaryň hukuklary boýunça Milli meýilnama olaryň ýagdaýlaryny mundan beýläk hem gowulandyrmaga, hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. 

Gahryman Arkadagymyz döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap, bilim ulgamyny üýtgedip gurmak, ony döwrebap kämilleşdirmek boýunça düýpli tagallalary durmuşa geçirdi. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy. Ösüp barýan ýaş nesilleri okatmak, terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine-de jogapkärçilikli çemeleşilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde sungat mekdepleri, sport merkezleri gurlup ulanmaga berilýär we başga-da ýetginjekleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döredijilik gurnaklary döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda guruljak «Güneşli» merkezi hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň: «Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar» diýen jümlelerinden ugur alsak, bu merkezde ýaş nesillere döredijilik, sungat bilen meşgullanmak üçin örän amatly şertleriň dörediljekdigi eýýämden mälimdir. 

Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, merkeziň taslamalary taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn bellemegi ýaşlaryň geljegi hakyndaky aladanyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gurulýan we guruljak binalar, merkezler ýaşlaryň halal zähmete, netijeli işlere we çeper döredijilige bolan höwesiniň ýokarlanmagynda uly orna eýedir. 

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «...bilimleriň üsti bilen nesilleriň kalbynda, aňynda ruhy-ahlak gymmatlyklarynyòň watançylyk, ynsanperwerlik duýgy-düşünjeleriniň berk orun tutmagyny gazanmagyň bahasyna ýetme ýokdur» diýip belleýär. Ýaşlary watan söýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Hut çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynda şahsyýetiň düýpli häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri, durmuşa ukyplylygy we maksada okgunlylygy binýat bolýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanýar. Maşgala terbiýesi, Oguz han atamyzyň döwründen başlap, ýaş nesli terbiýelemegiň baş mekdebine öwrülipdir. Türkmen çaga akyl, ahlak, ruhy, zähmet terbiýesiniň ilkinji sapaklaryny maşgalada beripdir. Maşgala mukaddesdir. Şol mukaddes ojagy gorap saklamagy, onda sagdyn nesil daragtyny ösdürip kemala getirmegi her bir ata-ene özüne borç hasaplamalydyr. 

Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz her bir adama hossarlyk, howandarlyk gözi bilen garaýan ýurtdur. Ene-atasyz galan çagalar hakdaky aladany döwletimiz öz üstüne aldy. Ol çagalaryň uly we agzybir maşgalada özlerini gerekli duýmaklary, mähir bilen gurşalmaklary üçin zerur şertleri üpjün edýär. Munuň özi diňe bir durmuş goldawy bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň möhüm ruhy-ahlak ýörelgeleriniň biridir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Gaznanyň işiniň döwrebap, anyk maksatlara gönükdirilip, netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek, çagalaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen özlerini ýakyn hossarly duýmagy, bagtyýar ýaşamagy, sagdyn, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Biziň dünýäde ynsanperwerligi, sahawatlylygy bilen tanalýan ýurdumyzda hossarsyz, howandarsyz adam ýok. Bu günki gün ýurdumyz boýunça çagalaryň ençemesine Gahryman Arkadagymyzyň ady dakyldy. Olar häzirki wagtda döwrümiziň beýik Şahsyýetiniň adyny Arkadag ogly, Arkadag gyzy ýaly atlarda buýsanç bilen göterýärler. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň tutuş halkymyza howandarlyk, hossarlyk gözi bilen garaýandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Nesip bolsa, bu nesiller ýurdumyzyň wepaly ogul-gyzlary, döwletimizi gülledýän, özgerdýän ýaşlar bolup ýetişerler. 

Bagtyýar çagalyk — bu biziň ertirki güne ynamymyzdyr, geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän tagallalarynyň ýerine düşýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan, hakykatdan-da, bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdudyr! Bu derejäni gazanmak, bu sepgide ýetmek aňsat iş däl. Bu diňe halkyň uzak geljekde bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegi maksat edinen, Watanyny jandan söýýän, döwlet derejesinde beýik işleri amal edýän şahsyýetlere başardýar. 

Ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris. 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 

iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty

ADAM HEM TEBIGAT: ÄHLUMUMY ADALGALAR, TUTUMLY BAŞLANGYÇLAR

 

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Şu ýylyò 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli ähmiýet bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda azyk howpsuzlygy boýunça forumy çagyrmak başlangyjy-da öňe sürüldi. Şunuň ýaly strategik çemeleşme howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle başlangyçlar ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmäge hem-de ondan ýerlikli peýdalanmak babatdaky meseleleri sebit derejesinde öňden görüjilikli, oýlanyşykly çözmäge ýardam eder. Netijede, bu ugurda amal ediljek hukuk, ykdysady we guramaçylyk işleri sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdiriler. Has takygy, meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işleri amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da çäklendirmeleri hakynda degişli karary kabul etmek maksady bilen, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn hem-de gaýry netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işler ulgamlaşdyrylar. 

Ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekde umumadamzat bähbitli tagallalary birleşdirmegiň derwaýyslygyna meseläniň ýüze çykan wagtyndan häzirki döwre çenli bu ugurda gazanylan netijeleriň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda antropogen täsirleriň netijesinde, howanyň üýtgemegi ekologiýa meselesiniň ählumumy derejede çözülmegini talap etdi. Alymlaryň pikirine görä, metanyň, esasan-da, kömür turşy gazynyň atmosfera goýberilişiniň göwrüminiň artmagy dünýäde ählumumy maýylganlygyň ýokarlanmagyna getirdi. Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Klimat meselesi boýunça merkezindäki hökümetara bilermenler topary onuň ýagdaýy babatdaky hasabatlary yzygiderli seljerip, aşakdaky netijä gelýär: ХХ asyryň dowamynda Ýer togalagynda gyzgynlyk ortaça 0,6 (+/-0,2) gradus ýokarlandy. Şunda soňky 50 ýylda howanyň maýlamagynyň esasy sebäbiniň adamyň hojalyk işleriniň netijesinde parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ýokarlanmagy bilen baglydygyna üns çekilýär. Bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, bu zyňyndylara, esasan, energiýa zyňyndylary (26%), önümçilikde (19%), ýerler ulanylanda we tokaý hojalygynda (17%), oba hojalygynda (14%), ulagyň ähli görnüşlerinde (13%), aýratyn-da, tokaýlar ýok edilende ýanýan ýangyjyň netijesinde, atmosferada ýygnanan kömür turşy gazynyň konsentrasiýalarynyň artmagy (35%) sebäp bolýar. 

Tebigaty hojalyk işleriniň zyýanly täsirlerinden goramak boýunça ýurdumyzda geçirilýän çäreler yzygiderli maliýeleşdirilýär. Tebigy serişdelerden peýdalanylanda, daşky gurşawy hapalaýjy maddalar zyňlanda we dökülende hem-de galyndylar ýerleşdirilende ýörite çäklendirilen möçberler bellenilýär. Bu möçberiň çäginde ykdysady baha bermek we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak çäreleri, şol sanda tebigaty goramak boýunça işi ykdysady taýdan höweslendirmek milli kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylýar. 

«Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda galyndylary, şonuň ýaly-da arassalanmadyk hapa suwy ýerüsti we ýerasty suw desgalaryna, suw gorunyň ýerlerine, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, tokaý gorunyň, oba hojalyk meýdanlarynyň we beýleki tebigy obýektleriň çäklerine dökmek; gurluşyk galyndylaryny gönüden-göni gurulýan desganyň ýerinde we oňa ýanaşyk çäklerde gömmek; howply galyndylaryň eksporty we importy; howply galyndylary, şäherleriň hem-de beýleki ilatly nokatlaryň golaýyndaky çäklerde, suwarymly ýerlerde, suw desgalarynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynda, suw gorunyň ýerlerinde, şypahana, bejeriş-sagaldyş we dynç alyş zolaklarynda, daşky gurşawyň ýagdaýyna, ilatyň saglygyna howp döredip biljek beýleki ýerlerde gömmek gadagan edilýär. Bu babatda ýuridik we fiziki şahslara önümçiligiň hem-de sarp edişiň galyndylarynyň emele gelmegini azaltmak, olary peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak ýaly zerur çäreleri görmek borjy ýüklendi. Bu işler ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşylyp, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlary bilen kesgitlenen ýerlerde amala aşyrylýar. Şeýlelikde, zyýanly himiki, biologik, radiasiýa, fiziki we beýleki täsirleriň, şeýle hem parnik gazlarynyň ýetirýän täsiriniň öòňüni almak, peseltmek we bes etmek arkaly atmosferany goramak üpjün edilýär. 

Ýeri gelende bellesek, ekologiýa meselesi 1980-nji ýylda halkara derejede giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylyp başlanýar. Halkara tebigaty goraýyş guramalary tarapyndan howanyň üýtgemegi babatda aýratyn çemeleşmeleriň çäginde, Bütin dünýä meteorologiýa guramasynyň goldaw bermeginde, Klimat meselesi boýunça ilkinji bütin dünýä maslahaty 1979-njy ýylda geçirilýär. Şeýlelikde, Klimatyň Bütindünýä Maksatnamasy we Klimaty öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy döredilýär.

Geçen asyryň 80 -  90-njy ýyllarynyň sepgitlerinde howanyň ählumumy üýtgemegi meselesi dünýäniň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Ol halkara guramalar tarapyndan işjeň dowam etdirilip, bu mesele BMG-niň degişli Kararnamalarynda orun alýar. Netijede, «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Wena konwensiýasy (1985 ý.), «Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça» Monreal Teswirnamasy (1987 ý.), «Howply galyndylaryň serhetüsti geçmegine we olaryň aýrylmagyna gözegçilik etmek hakynda» Bazel konwensiýasy (1989 ý.) ýaly wajyp halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Bular bilen bir hatarda, klimat meselelerine garajak ýörite halkara düzümler döredilýär. 1988-nji ýylda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (ÝUNEP) täsirleri bilen Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler topary hereket edip ugraýar. Toparyň işine dünýä döwletlerinden 2,5 müň alym gatnaşýar.

Klimat meselesi boýunça 1990-njy ýylda geçirilen ikinji bütindünýä maslahatynda BMG-niň ýörite rezolýusiýasy kabul edilýär. Onda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýany taýýarlamak babatda ylalaşyga gelinýär. Şeýlelikde, BMG-niň 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara maslahatynda Konwensiýa gol çekilýär. Ol 1994-nji ýylda güýje girmek bilen, birinjiden, howanyň üýtgemeginiň antropogen meselesi bolup durýandygyny mälim edip, ählumumy hereketleriň strategiýasyny taýýarlamagy öňe sürýän çynlakaý çagyryş hökmünde çykyş edýär. Ikinjiden, atmosferadaky parnik gazlarynyň goşundylarynyň derejesini durnuklylaşdyrmakda esasy görkeziji bolup durýar. Üçünjiden, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak işinde ähli ýurtlaryň milli syýasaty ýöretmegine we hyzmatdaşlyk saklamagyna, zyňyndylaryň milli kadastryny (hasabatyny) girizmäge, bu çygyrda hasabatlylygy, özara maglumat we tejribe alyşmalary ýola goýmaga hyzmat edýär. Dördünjiden, döwletleriň howanyň üýtgemegine garşy göreşmeginde «umumy, ýöne deňagramly jogapkärçilik» ýörelgesini berkitdi. Çarçuwaly konwensiýa wagtyň synagyndan geçip, ol häzirki döwürde-de bu mesele boýunça esas düzüji halkara hukuk resminamasy bolmagynda galýar. 

Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyga goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri babatdaky konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, bu resminama degişli Kiota teswirnamasyny, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany görkezmek bolar. 

Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini aýawly saklamaga hem-de yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän halkara ekologiýa hukugy boýunça hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan 2016-njy ýylyň güýzünde Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, onuň düzgünlerini işjeň amala aşyrmaga girişdi. Häzirki döwürde ýurdumyz bu ylalaşyga esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Hut şu maksatlar bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen edarany — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär. Umumadamzat bähbitli pikir-garaýyşlar bolsa dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

MILLI YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞLERI

 

Türkmenistanda alnyp barylýan ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşini, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegini üpjün edýär. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan esasy maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artmagy, onuň önümçilik ulgamyna gönükdirilýän paýy ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge, önümçilik pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga şertleri döredýär. 

Häzirki wagtda hojalygy ýöredýän subýektleriň umumy sanynyň 90 göterimden gowragyny hususy bölegiň kärhanalary emele getirýär. Telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýyny hem-de ähmiýetini ýokarlandyrýar. 

Bilelikdäki we dürli görnüşli guramaçylyk hukuk formalarynyň döredilmegi, paýdarlary goşmak bilen, Türkmenistanyň dünýä ykdysady hojalygyna goşulyşmagyna mümkinçilik berýär hem-de bazar infrastrukturasyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Olar göni daşary ýurt maýalaryny çekmekde hem uly orun tutýar. Halkara maliýe institutlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maýa goýum maksatnamalaryna, iri taslamalara karz pul bermäge hem-de maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BEÝIK MAKSATLARA ÇAGYRYŞ

 

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş derejesiniň ýo­kar­lan­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Äh­li ugur­lar­da il­-gü­nüň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.­ Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly ­bag­tyýar­ ýaş­lar­ ýy­ly­nyň­ 24-­nji­ sent­ýabryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köşgünde türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri,­Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Maslaha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk etme­gin­de ­ge­çi­ri­len ­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de biz bu ­aja­ýyp ­ha­ky­ka­ta­ ýe­ne ­bir ­ge­zek göz ­ýe­tir­dik. 

Hor­mat-­sar­pa­nyň, ag­zy­bir­li­giň hö­küm ­sür­ýän ­ýe­rin­de ­aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş bol­ýar. Sy­lag-hor­matyň we ­ag­zy­bir­li­giň ­öze­nin­de ­bolsa bi­rek-­bi­rek ­bi­len ­dü­şü­niş­mek,­ ynanyş­mak ýö­rel­ge­le­ri dur­ýar. Pa­ra­sat­ly hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da jem­gy­ýe­ti­ do­lan­dyr­ma­gyň ­hut­ şu­lar ýaly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gur­lu­şy­ny dö­re­dip, äh­li me­se­le­le­ri köp­çü­lik bi­len mas­la­hat­la­şyp çö­züpdir. Bu ­ýol-­ýö­rel­ge ­Ga­raş­syz­ Watanymyz­da my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, döw­le­ti­mi­ziň kuwwatlanmagynyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň esasla­ry­ny berkidýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty bol­sa öň­de go­ýan be­lent mak­sat­la­ry­my­za ýet­mek üçin halk bi­len döw­le­tiň ara­bag­la­ny­şy­gyny ­üpjün ­ed­ýän ­mö­hüm­ hal­ka­dyr.­ 

Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miziň­ Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­dä­ki çy­ky­şyn­da äh­li pudak­lar­da, şol san­da bi­lim, me­deni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ulag we beý­le­ki ul­gam­lar­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­de bi­rin­-bi­rin du­rup­ geç­di.­ Arka­dag­ly ­Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň çuň­ňur maz­mun­ly çy­ky­şy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş­-durmuş de­re­je­si­ni has­-da ýo­kar­landyr­ma­ga, Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gönük­di­ri­len iş­le­re ­my­na­syp ­go­şant­ goş­ma­ga­ çagy­ryş hök­mün­de il­-ulsumy­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re­ ruh­lan­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çy­kyşy­nyň do­wa­myn­da şan­ly baý­ra­myň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ge­lip gow­şan şat­lyk­ly ha­bar, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan we Tä­jigis­tan Res­pub­li­ka­la­ry bi­len bilelikde hö­dür­län «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly: Za­rawşan­ - Ga­ra­gum ge­çel­ge­si» hem-­de Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­la­ry bilen bile­lik­de hö­dür­län «Aram gu­şak­lyk­daky Tu­ran çöl­le­ri» at­ly köp ­tarap­la­ýyn hö­dür­na­ma­la­ry­ny ÝU­NES­KO-­nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sana­wy­na gi­riz­mek ha­kyn­da çöz­gü­diň ka­bul edi­len­di­gi ba­ra­da­ky aý­dan ha­ba­ry ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn onýyllyk­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ra­zi­ýa­da ulag we ener­ge­ti­ka ulgamla­ry­nyň geç­ýän esa­sy­ ýurt­la­ry­nyň­ bi­ri­ne­ öw­rül­jekdi­gi ba­ra­da­ky aý­dan­la­ry bol­sa Wata­ny­my­zyň röwşen geljegine bo­lan yna­my­my­zy artdyr­dy. Ta­ry­hy äh­miýet­li mej­li­siň do­wa­myn­da Ga­raş­syz Türkmenistanyň dur­muş-­yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ka­ra abraýy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şan il­deş­le­ri­mi­ziň döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­lan­ma­gy hem­-de hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp görülmegi eziz Di­ýa­ry­myz­da ada­myň tu­tanýer­li zäh­me­ti­ne go­ýul­ýan sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr. 

Äh­li­halk fo­ru­myn­da eden tary­hy çy­ky­şy Gahry­man Arkadagymyzyň no­bat­da­ky durmuş sa­pa­gy hök­mün­de her bir raýa­tyň göw­nü­ni gal­kyn­dyr­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň: «Mil­li ag­zy­bir­li­gi­miz, kanunla­ryň hök­mü­ro­wan­ly­gy, hä­kimi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li bol­ma­gy, jem­gyýet­çi­lik pi­ki­ri­niň ile­ri tu­tul­ma­gy biziň saý­lap alan ýo­lu­my­zyň kes­git­leý­ji aý­ra­tyn­ly­gy­dyr» di­ýen sözlerinde hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ösüş ýo­lun­da­ky esa­sy aý­ra­tyn­lyk­lar şöh­le­len­ýär. Bu ýol şu gün­ki bag­tyýar dur­mu­şy­my­zyň dowa­mat-­do­wam bol­ma­gy­na hem­-de röw­şen gel­je­gimi­ziň ro­waç­ly­gy­na uza­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň mej­li­sin­de Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ta­ry­hy çykyş­la­ryn­da­ky ­be­ýan ­eden ­pa­ra­sat­ly pikirle­ri be­lent mak­sat­la­ra uza­ýan röw­şen ýo­lu­my­za ýag­ty saç­ýar. Berka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze ­eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nylýan ösüş­le­riň, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň göz­ba­şyn­da du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň, Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň ­jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Il-­ýurt we umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri mundan­ beý­läk­de rowaç­lan­syn! 

 

Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 ... 65 66 67 68 69 ... 81