Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ALYSLARA UZAÝAN ÝAKYN GATNAŞYKLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri ýurdumyza hoş habarlaryň buşlugyny, hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolan täzelikleri alyp geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary-da dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. 

Bu günki gün oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat netijesinde Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlyklarymyz hil taýdan täze derejä çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň barşynda: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýen sözleri hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, ylym, medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça barha giň gerim alýan gatnaşyklaryň rowaç almagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň orny uludyr. 

Bu günki gün nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyz dünýäniň uglewodorod serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Dubaý şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda-da ýyllaryň dowamynda ygtybarly häsiýete eýe bolan şol gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ajaýyp zamanamyzda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň abraýly kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda iş saparynyň barşynda «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy hem aýdyň görkezdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan ilkinji ýurtdugy barada aýdylanlar hem gatnaşyklaryň turuwbaşdan ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň bu gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltjekdigine «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi hem şaýatlyk edýär. 

Aşgabat bilen Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşygyň gazanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň ajaýyp miweleriniň biridir. Bu ylalaşyk netijesinde ilkinji gatnawyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary bilen amala aşyrylmagy-da gatnaşyklaryň tizliginiň has ýokary derejä göterilýändiginiň buýsanç duýgusyny kalba doldurýar. 

Her bir günümizi bagtyýarlyga, dost-doganlyk ýollarymyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

12.01.2024 Giňişleýin

ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şa diwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy kitapda giňişleýin beýan edilýär. Bu ajaýyp eseriň türkmen ýaşlarynyň üstünlikleriniň özboluşly beýanydygy tutuş halkymyzda, şeýle-de daşary ýurtlaryň wekillerinde hem uly gyzyklanma döredýär. Ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim, asylly terbiýe almaklary ugrunda orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, sungat mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap binalary gurulýar. Bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar. 

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hatarynda tanalýan güneşli Diýarymyzda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatyna laýyklykda alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn üns berilýär. Dürli ugurda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, jemgyýete zerur bolan hünärleri ele almaga bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär. Ajaýyp eseriň sahypalaryny agdaryp başlanyňdan bu asylly işleriň beýik maksada gönükdirilendigine, ýagny, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine, halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amal edilýändigine akyl ýetirýärsiň. Kalbyňa dolan buýsanç, guwanç duýgulary bolsa her bir okyjyny bu tutumly işlere şahsy goşant goşmaga ruhlandyrýar. Çünki Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleridir. 

Şuňa laýyklykda döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky edýän bimöçber tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýle eşretli zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga uly mümkinçilikleri hem-de şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn! Gahryman Arkadagymyzyň hem, hormatly Prezidentimiziň hem ilhalar eserleriniň höwri köp bolsun! 

 

Durdyguly MEREDOW, 

Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

11.01.2024 Giňişleýin

DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAN OWAZ

 

Ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ähli ugurlar bilen bir hatarda milli aýdym-saz sungatymyz hem buýsandyryjy ösüşlere beslenip, döwlet hory, simfoniki orkestr, opera we sirk sungaty täzeden dikeldildi. Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde dünýä belli hem-de türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen operalar, dürli mazmunly aýdym-saz eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmekde köp aladalar edilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredildi. Dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge giň ýollar açyldy.

Zähmet çekýän sungat ojagymyzyň bagtyýar ýaşlary hem halkara derejesindäki bäsleşiklerdir festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ynha, geçen ýylda hem mekdebimiziň hor topary Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen çagalaryň çeper döredijiliginiň halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda mekdebimiziň Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet we sungat wekilleri bilen bilelikde konsert berdi. Ýeri gelende bellesek, hor toparymyz amerikaly sungat wekilleri bilen Mary welaýatynda hem çykyş etdi. Munuň özi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkäp, birek-biregiň medeniýetini we saz sungatyny giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilik boldy. 

Çagalar — durmuşyň güli, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri. Olaryň beýik döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde bolsa aýdym-sazyň uly orny bar. Sungata höwesli, çaga kalplarynda zehin uçgunlary köreýän oglanlar we gyzlar biziň sungat ojagymyza uly höwes bilen gatnaýarlar. Olar bilen kesbine kämil kärdeşlerimiz okuwlary täsirli guraýarlar. Işlerimiziň netijeli bolmagy üçin ähli zerur şertleriň bardygyny hem aýratyn belläsim gelýär. Bu bolsa ýaşlaryň sungatyň ajaýyp dünýäsine ynam bilen aralaşmagyna uly ýardam berýär. Nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem şowlulyklara besläris. Öňde durýan dürli gözden geçirişlere, bäsleşiklere, festiwallara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş ederis. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýakyndan goldamak barada alyp barýan dünýä nusgalyk tutumly işleri sungat işgärlerini zähmet üstünliklerine besleýär. Biz mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalaryna jogap edip, aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda tutanýerli zähmet çekeris. 

Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Jahan ÝAROWA,

 Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we hor bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

11.01.2024 Giňişleýin

BAGTYÝAR ÝAŞLARA BUÝSANÇ

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde beýik ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zähmet çekmek üçin döredýän mümkinçilikleriniň gerimi giň, tagallasy uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar—Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň her birimiz üçin uly gollanma boldy, ýüreklerimizi buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky parasatly sözleri her birimiziň kalbymyza ylham berýär. 

Bu günki gün türkmen ýaşlary ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezip, hormata mynasyp bolýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň aýdyň beýanydyr. Geçen ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn bellärliklidir. 

Hormatly Prezidentimiziň tassyklamagynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi hem guwandyryjy üstünlikleriň biridir. 

Ýaşlaryň ylym-bilimde, bedenterbiýe we sportda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim ojaklarynda okamagy, zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

 

Ogulşat DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

10.01.2024 Giňişleýin

MILLI GYMMATLYKLARYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA

 

Türkmen halkynyň döreden baý medeni mirasy ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, medeni ulgamda ösüş gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden, döredijilikli paýhasyndan kemal tapan maddy we ruhy gymmatlyklaryň geljek nesillere asyl görnüşinde ýetirilmeginiň, baý many-mazmunynyň özleşdirilmeginiň taryhy, medeni ähmiýeti bar. Çünki taryh şahsyýetiň giň gözýetimini, medeniýetini kämilleşdirmekde terbiýeleýji çeşme bolup hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, geçmişde bar bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alyp, ata-baba geçen ýolumyzy ýörelge edinmek arkaly şu günki we geljekki ösüşleriň binýadyny gurýarys. 

Halk dünýä medeniýetine oňyn täsir eden nusgalyk ruhy baýlyklaryň mirasdüşeri bolup durýar. Şöhratly taryhymyza göz aýlasak, Oguz nesli dünýäniň çar künjeginde dolandyran döwletlerinde beýik binalary, milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan galalary gurup, binagärlik sungatynyň kämil nusgalaryny döredipdir. Netijede, türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan siwilizasiýalaryň gadymy mesgenine öwrülipdir. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gadymy taryhyň yzlaryny özünde saklaýan arheologik ýadygärlikleriň 2 müňe golaýynyň saklanyp galandygy­da doly tassyklaýar. Bu ýadygärlikler öz döwründe dürli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara, şeýle­-de Gündogar bilen Günbatar medeniýetiniň utgaşmagyna täsirini ýetiripdir. Olaryň birnäçesi bolsa umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ÝUNESKO-­nyň biologik dürlülik, bütin dünýä medeni we tebigy mirasy hem­-de ony goramak boýunça Konwensiýalaryna goşulmagy BMG-­niň bu ýöriteleşdirilen guramasy bilen maksatlaýyn ugurlarda sazlaşykly işleriň alnyp barylmagynyň syýasy-­hukuk esaslaryny kesgitleýär. Tejribeden görnüşi ýaly, tebigy, medeni mirasy goramaga gönükdirilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen 1993-­nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk etmegi tebigy ýagdaýdyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Bütin dünýä mirasynyň sanawynda jemi müňden gowrak obýekt bolup, olar medeni, tebigy we garyşyk ýadygärlikler görnüşinde hasaba alynýar. Obýektleriň bu sanawa girizilmegi döwletlere seýrek tebigy toplumlaryň bitewüliginiň we goraglylygynyň üpjün edilmegini kepillendirýär. Şonuň ýaly­da, şeýle sanawlar tebigy, taryhy-­medeni ýadygärlikleriň meşhurlygynyň artmagyna, taryhy öwrenijileriň ünsüni çekmäge hem­-de häzirki zaman şertlerinde ekologik syýahatçylyk ýaly täze ugurlaryň döredilmegine mümkinçilik berýär. 

Geçen ýylyň noýabrynda kabul edilen «Milli taryhy-­medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzyň halkara borçnamalardan gelip çykýan gatnaşyklary milli kanunçylyga ornaşdyrýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu Kanuna «seljeriş işini geçirmek» düşünjesi girizilip, ony milli taryhy­-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýanyndaky Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we rejelemek boýunça ylmy-usulyýet geňeşiniň geçirýändigi kesgitlenildi. Bu geňeş hakyndaky Düzgünnama hem-­de onuň düzümi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, ýokarda agzalan ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar. 

Halkyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyk derejede rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, olar döwrebap öwüşginde dikeldilýär hem-­de baýlaşdyrylýar. Watanymyzyň geçmişde sebitiň beýleki döwletleriniň söwda­-ykdysady, medeni­-ynsanperwer ösüşine ýetiren täsiriniň biçak uly bolandygyna binalaryň durky, alymlaryň ýazgylary, arheologik ýadygärliklerden tapylýan tapyndylar baradaky maglumatlar şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Kerki, Köne Sarahs, Gadymy Dehistan, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärliklerimiz döwlet taryhy-­medeni goraghanalary diýen derejä eýe bolup, «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda goralýar. Bu hukuk resminamasynyň maksady ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy çäklerini, milli, şeýle­-de sebitleýin we dünýä ekologiýa ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýan döwlet tebigy goraghana gaznasynyň desgalaryny emele getirmek, giňeltmek, goramak, dikeltmek, dolandyrmak hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny ýola goýmak wezipelerinden ugur alýar. 

Jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly, sazlaşykly ösüşi halkara medeni hyzmatdaşlyga oňyn täsirini ýetirýär. Şol täsiriň netijesinde-­de, tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär. Bütin dünýäde dost­-doganlyk ruhy berkeýär. Halkyň geçmişden miras galan medeni­-taryhy we tebigy gymmatlyklarynyň geljek nesilleriň hatyrasyna aýawly goralmagy, bu ugurda giň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy jemgyýetiň kämilleşmegine, döredijilikli zähmetiň rowaçlanmagyna hem ýol açýar. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

09.01.2024 Giňişleýin

DÖWREBAP UÇARLAR DIÝARYMYZYŇ HOWA GATNAWLARYNYŇ UGURLARYNY GIŇELDÝÄR

 

5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777- 300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. 

Ýeri gelende, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek. 

Ýurdumyzyň awiakompaniýasy dünýäniň köp sanly döwletleri we yklymlary bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny giňeltmegi, ilkinji nobatda, «Boeing» kysymly uçarlary ulanmak arkaly amala aşyrýar. Şeýle häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. 

«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa uçarlary uzak möhletiň dowamynda ulanmagyň, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030- njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda howa menzillerini, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Ulag ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi bu öňdengörüjilikli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda, häzirki wagtda täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda uly kuwwata eýedir. 

Döwlet Baştutanymyzyň köp şahaly multimodal üstaşyr ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Şeýle düzümleriň bolmagy sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

Şol gün täze uçaryň gelip gonmagy mynasybetli, baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara ýygnananlaryň öňünde aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň infrastruktura-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga döwlet tarapyndan uly üns berilýändigi bellenildi. Munuň özi milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa ulagy arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. 

Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri howa menziline täze ýolagçy uçarynyň getirilmegi bilen bagly ýagşy däpleri ýerine ýetirdiler. 

Täze uçaryň eýýäm şol gün Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrandygyny bellemelidiris. Iki ýurduň paýtagtlary: Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.

 

Merdan ORAZMEREDOW, 

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 

mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

08.01.2024 Giňişleýin

ÝAŞ NESLIŇ ALADASY — AK ERTIRLERIŇ BADALGASY

Ýaş ne­sil ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän ala­da­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, oňyn ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, mil­li däp-dessur­la­rymy­za we­pa­ly, bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, sport bi­len meşgullan­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li, ruhubelent ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2023-nji Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň ta­mam­la­nyp bar­ýan gün­le­rin­de bü­tin hal­ky­my­za sow­gat eden «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­ny oka­nyň­da aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň daýanjy» at­ly ilkinji eseri biziň ählimiz üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, onuň ýaşlara we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda: «Wa­ta­ny söý­me­giň berk bin­ýat­ly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny durmuşy-filosofik mazmunda çuňňur beýan edýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegine biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz hem mynasyp goşant goşup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň bölümleriniň birini «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» diýip atlandyrmagy başymyzy göge ýetirdi. Çünki bu bölümde Ýaşlar guramamyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berlip, öňümizde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma, çeper döredijilige ukyply ýaşlary höweslendirmek babatda anyk we möhüm wezipeler goýulýar. 

Şeýle hem bu kitapda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň guramagynda geçirilýän bäsleşiklere üns çekilip, «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň merdana gerçekleri», «Talyp gözeli», «Ýylyň talyby», çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikleriň ähmiýeti bellenip geçilýär. Dogrudan-da, bu bäsleşikler döredijilige ýaňy gadam goýan ýaşlaryň durmuşyndaky ilkinji üstünlikler bolup, olary täze döredijilik menzillerine atarýar, talyplara ömrüň bahar çagynyň uly joşgun, ýakymlylyk bilen ýatlanylýan ajaýyp pursatlaryny bagyşlaýar. 

Bulardan başga-da, her ýyl öňdebaryjy ýaşlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at berilýär. Anyk maglumata ýüzlensek, ýaşlarymyzyň 2020-nji ýylda 47-si, 2021-nji ýylda 62-si, 2022-nji ýylda 75-si bu hormatly adyň eýeleri bolan bolsa, geçen 2023-nji ýylda olaryň 140-sy bu belent ada mynasyp boldular. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­myz «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň daýanjy» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri netijesinde, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezýän ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanylmagy mähriban ýaşlarymyzy geljekki uly üstünliklere ruhlandyrýar» diýip nygtamagy biziň ählimizi, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryny indiki şowly ädimlere atarýar. 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz dostlukly döwletleriň ýaşlar guramalary bilen özara tejribe alyşmak babatda sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň agzalary daşary döwletlerde saparlarda bolýarlar, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyl­lar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada döwlet Baştutanymyz täze kitabynda: «Biz Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny kabul etdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär» diýip, örän jaýdar belleýär. 

«Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly kitaby okap oturyşyňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna üns çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine uly baha bermegi buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar. 

Jemläp aýdanyňda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilen gününden bäri ýurdumyzyň ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, dürli ugurlarda — dö­re­di­ji­lik­de, ylym-bi­lim­de, zähmetde, oýlap tapyşlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik gözleglerini köpçülige ýetirmek, millilik ýörelgelerimizi wagyz etmek babatda netijeli işleri alyp bardy we bu işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerinden we «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly täze kitabyndan ruhlanyp, geljekde-de alyp barýan işlerimizi has guramaçylykly we täzeçil usullarda ýola goýmaga çalşarys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

06.01.2024 Giňişleýin

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

 

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu, aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. 

Täze ýylyň öňüsyrasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bilen eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynyň 49-njy umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen energiýa birikmesi bilen bagly Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenleriň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. 

Türkmenistan diňe bir sebitiň däl, tutuş dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy diňe bir öz ojaklarymyza däl, eýsem, doganlyk halklaryň öý-ojaklaryna-da ýalkym salyp, hormatly Prezidentimiziň adyny alkyşlara besleýär. Bu bolsa energetika pudagynyň işgärlerini has hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde energetika beketleriniň ençemesi, şol sanda utgaşykly dolanyşykda hereket edýän döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi işe girizildi, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurlup, ulanmaga berildi. Öndürilýän elektrik energiýasy ýurdumyzyň umumy elektrik akymyna goşulyp, energiýa bolçulygy üpjün edilýär. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen ulaglaryň ähli görnüşleri bilen bagly Kararnama bolsa 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu Kararnama durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we ulag infrastrukturasynyň dowamly işlemegine hem-de pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar. 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi. Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalary döretmegiň başyny başlady. Döwletimiz ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary ýurdumyzda hereket edýär. Olar özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesini BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýar. 

Ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Serdar DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş 

edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy

06.01.2024 Giňişleýin

2025-nji ÝYLYŇ DÖWLET BÝUJETI: AÝDYŇ MAKSATLARA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA

 

Döw­let býu­je­ti­ —­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti me­ýil­leş­dir­me­giň mö­hüm gu­ra­ly. Se­bä­bi is­len­dik ýurt­da dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan ma­li­ýe se­riş­de­le­ri her ýyl üçin ýö­ri­te iş­le­nip taýýarlanyl­ýan Döw­let býu­je­ti ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­ýär. Şo­ňa gö­rä, hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu wa­jyp resminama­ny taý­ýar­la­ma­ga yl­my esas­da, örän oý­la­ny­şyk­ly çe­me­le­şi­lip, Wa­ta­ny­myzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek derwaýys ugurlar üçin se­riş­de­ler kes­git­le­nil­ýär. Mej­li­siň ta­mam­la­nan ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň ýe­din­ji maslaha­tyn­da makul­la­nyl­ma­gy bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türkmenis­ta­nyň 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türkmenis­ta­nyň Ka­nu­ny­ny tas­sykla­dy. Biz hem bu mö­hüm res­mi­na­ma, oňa la­ýyk­lyk­da şu ýyl­da al­nyp ba­ryl­jak iş­ler ba­ra­da gy­zyk­la­nyp, Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Yk­dy­sady me­se­le­ler ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Gu­wanç­my­rat AGA­ÝEW, Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky komitetiniň baş­ly­gy An­na­mu­ham­met SAR­JA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Döw­let býu­je­ti mü­dir­li­gi­niň başly­gy Ah­met UW­DI­ÝEW bi­len «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da söh­bet­deş bol­duk.

— Söhbedimiziň başyny 2025-nji ýylyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň esasy aýratynlyklary, býujetiň serişdeleriniň paýlanylyşy baradaky gürrüňlerden başlasak, ýerlikli bolardy... 

Gu­wanç­my­rat ­AGA­ÝEW:

— Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda nobatdaky tapgyry öz içine alýar. 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň hakyky ykdysady ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda 6,3 göterime çenli derejede emele geler we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmeginiň hasabyna üpjün ediler. Kanuna laýyklykda, şu ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler hem çykdajylar boýunça 36 500 million manat möçberde tassyklanyldy. Merkezleşdirilen býujet bolsa girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejilerdir çykdajylar boýunça 24 689,6 million manat möçberde göz öňünde tutuldy. Şunda çykdajylaryň köp böleginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş şertleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdiriljekdigi aýratyn bellärliklidir. 

Kanundan görnüşi ýaly, Merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäheriniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 496,5 million manat möçberde serişdeler bölünip berler. Şunlukda, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerli býujetleriň umumy möçberi 15 307 million manat möçberde meýilleşdirilýär. Şu ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler. Onda önümçilik-tehniki desgalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň paýy 65,6 göterime, durmuş-medeni ulgamlara serişdeleriň paýy bolsa 34,4 göterime deň bolar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, Oba milli maksatnamasy boýunça binalaryňdyr desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary hem-de durkuny täzelemek işleri üçin býujetden 750 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri bölünip berler. Umuman, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň batly depginde sazlaşykly ösdürilmegini, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar. 

— Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durmuş ugruny nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiz hem özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly bolmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. 2025-nji ýylyň býujetinde şu möhüm ugurda nämeler göz öňünde tutulýar? 

An­na­mu­ham­met­ SAR­JA­ÝEW: 

— Elbetde, islendik döwletiòň durmuş ulgamy onuň ykdysady we durmuş ösüşiniň derejesini kesgitleýän görkezijileriň biri bolmagynda galýar. Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýy olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda-da: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenen. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda hemişe adam hakdaky aladanyň döwletiň baş wezipesidigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä, bu günki gün halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmak Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin sebitlerimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar, täze iş orunlary döredilýär. Amatly işewürlik gurşawy üpjün edilip, kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw berilýär. 

«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna laýyklykda, býujetiň serişdeleriniň 76 göterimden gowragynyň (26,4 milliard manat) durmuş ulgamyna gönükdiriljekdigi örän guwandyryjydyr. Şunda durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 37,2 göterimi bilimi, 13,4 göterimi saglygy goraýşy, 2,9 göterimi medeniýeti, 37,4 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge sarp ediler. Soňky ýyllarda döwlet kömek pullarynyň görnüşleri artdyrylyp, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň möçberi yzygiderli köpeldilýär, kanunçylykda bellenilen döwletiň goldawyna mätäç adamlara agyz suwundan, gazdan, elektrik energiýasyndan, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan tölegsiz ýa-da ýeňillikli peýdalanmak hukugy üpjün edilýär. Ýylyň-ýylyna zähmet we talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň pugtalanmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýetip gelen 2025-nji ýylda-da olaryň möçberi ýene 10 göterim ýokarlandyrylar. Bularyň ählisi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny maliýeleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

 — Ýurdumyzyň 2025-nji ýyla niýetlenen baş maliýe resminamasynyň serişdeleri, esasan, nämäniň hasabyna emele getiriler? 

Gu­wanç­my­rat­AGA­ÝEW:

— Şu ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň birinji derejesine gelip gowuşjak serişdeler barada aýdylanda, olar maliýe ýylynyň dowamynda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan töleniljek salgytlardyr ýygymlaryň, beýleki tölegleriň hasabyna emele getiriler. Bu girdejileriň umumy möçberinde peýdadan alynýan salgydyň paýy 15,4 göterime; goşulan baha üçin salgydyňky 13,3 göterime; goşmaça tölegleriňki (aksiz) 5,5 göterime; ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň paýy 4,0 göterime; emläk üçin salgydyňky 3,3 göterime; ilatdan alynýan salgytlaryňky 11,3 göterime; hökmany Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň paýy 16,6 göterime; beýleki salgytlaryň we tölegleriň paýy 30,6 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar. 2025-nji ýylda býujetiň ikinji derejesinde toplumlaryň we pudaklaryň önümleri ýerlemekden alýan girdejileri (salgytlary hasaba almazdan) 87 298,1 million manat möçberinde bolmagyna garaşylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwlete dahylsyz pudaga berilýän yzygiderli goldawlar esasynda hususy pudagyň ösdürilmegi, telekeçileriň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli işleri alyp barmaklary üçin hem zerur şertler döredilýär. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ilerletmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2025-nji ýylda 71,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň ägirt uly serişdelere eýedigini belleýär. Şoňa görä, bu günki gün telekeçiler tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler. 

Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe-durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bölmegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde hem-de telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Bu çäreler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu resminama Türkmenistanda hususy önüm öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanylmagyna gönükdirilendir.

— Döwletimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady syýasatyny ilerletmekde nähili wezipeleriň göz öňünde tutulýandygy barada-da aýdyp beräýseňiz! 

Ah­met­ UW­DI­ÝEW: 

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilýär. Ykdysady ösüşi ýokary derejede saklamak; makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, şol sanda bu işi hususy pudagyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak we ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmegiň hasabyna alyp barmak; ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek bilen, ahyrky önüm hökmünde çig mala baglylygyň peseldilmegini gazanmak, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän pudaklaryň sanyny artdyrmak; täze senagat önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmek; ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleri bolsa 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şular bilen birlikde, pudaklarda önümçiligiň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak; oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, şol sanda adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmegiň gurallarynyň dürli görnüşlerini giňeltmek; şähergurluşyk we ýaşaýyş jaý maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, ykdysadyýetiň daşarky täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrmak meseleleri hem aýratyn üns merkezinde bolar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda berk ykdysady binýada esaslanyp, makroykdysady durnuklylygy we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Bu ýylda sebitde geosyýasy ýagdaýyň durnukly saklanyp galan şertlerinde jemi içerki önümiň depgini 6,3 göterim derejede bolar diýlip çaklanylýar. Şunda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede saklanmagy döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyna, senagat-innowasion ösüşe gönükdirilen ugurlar boýunça pudaklarda dowam etdirilýän özgertmeleriň, çig maly gaýtadan işleýän täze pudaklary döretmek bilen, olary diwersifikasiýalaşdyrmagyň, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary goşulan gymmaty bolan önümçilikleri artdyrmagyň hasabyna amala aşyrylar.

— Söhbedimiziň başynda 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlaryň gönükdiriljekdigi aýdyldy. Şu babatda maýa goýum syýasatynda, esasan, haýsy ugurlar ileri tutulýar? 

Ah­met ­UW­DI­ÝEW: 

— Şu ýylda býujet çykdajylaryny amatly etmek, serişdeleriň maksatlaýyn peýdalanylyşyna gözegçiligi ýola goýmak, býujet amallarynyň aýdyňlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklanar. Býujet çykdajylary maksada gönükdirilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylar. Bu ýylda-da maýa goýum syýasaty döwlete dahylsyz maýa goýumlaryň artdyrylmagyny höweslendirmäge gönükdiriler. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň baş maksady esasy maýa gönükdiriljek ugurlara goýumlary çekmekden ybarat bolup, şunda olary innowasiýalara, ýokary goşulan gymmaty bolan önümçilige, adam maýasyny, ýurduň ekologik, durmuş-ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenen ulgamlary ösdürmäge gönükdirmek ileri tutulýar. Aşakdaky ugurlar bolsa şol maksatlara ýetmegiň esasy gurallary hökmünde çykyş edýär: 

— maýa goýumlary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen, olaryň jemi içerki önümdäki paýyny maksatnamada kesgitleneninden ýokary derejede saklamak; 

— esasy maýa gönükdirilýän maýa goýumlaryň umumy möçberinde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň azalmagynda, maýa goýumlaryň maliýeleşdirilmeginde guramalaryň we ilatyň hususy serişdeleriniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak; 

— döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýörelgelerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň sanyny artdyrmak; 

— maýa goýum taslamalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak. 

Maýa goýumlaryň netijeliligini we möçberini artdyrmak, ilkinji nobatda, ýokary netijeli, eksporta gönükdirilen ýokary tehnologik önümçilikleri, hyzmatlar ulgamynda täze iş ýerlerini döretmäge, durmuş ulgamynda ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmäge, inženerçilik desgalaryny gurmaga gönükdirilen innowasion maýa goýumlaryň möçberini köpeltmek bolsa maýa goýum syýasaty amala aşyrylanda ugur alynýan esasy görkezijilerdir. Şoňa görä, şu ýylda bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny we mümkinçilikleri, içerki hem daşarky töwekgelçilikleri, pudaklaryňdyr sebitleriň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny nazara alyp, mundan beýläk-de ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge şert döretjek maýa goýum serişdeleri özleşdiriler. 

— Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň hukuk esaslary, ony işläp taýýarlamak bilen bagly çemeleşmeler, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler, maýa goýum strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada beren gürrüňleriňiz, anyk maglumatlaryňyz üçin size köp sag bolsun aýdýarys. Goý, ýurdumyzyň ykdysady syýasatyny rowaçlyklara beslemek babatda öňde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen amal etmekde hemişe üstünlikler hemraňyz bolsun! 

— Sag boluň! 

Jemleme ýerine: 

Garaşsyz Watanymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryna, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. 

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, tamamlanan ýylda jemi 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi göz öňünde tutuldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek 2025-nji ýylda bolsa milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hem zerur maliýe-ykdysady binýady emele getirip, bu ýylda bellenen sepgitlere ýetmäge amatly şertleri döreder. «Tegelek stol» söhbetdeşligimizde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, bu resminamada göz öňünde tutulan wezipeler, ilkinji nobatda, pudaklaryň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanmagyny, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegini, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyny nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris.

 

06.01.2024 Giňişleýin
1 ... 58 59 60 61 62 ... 81