Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
13.10.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 149-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞDYLAR

ПРЕДСТАВИТЕЛИ ПАРЛАМЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛИ УЧАСТИЕ В РАБОТЕ 149-Й АССАМБЛЕИ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОГО СОЮЗА

REPRESENTATIVES OF THE MEJLIS OF TURKMENISTAN PARTICIPATED IN THE WORK OF THE 149TH ASSEMBLY OF THE PARLIAMENTARY UNION

 

2024-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 149-njy Assambleýasynyň çäginde geçirilen zenanlar forumyna gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, gender deňligini üpjün etmek we ýaş parlamentarilere energiýa hyzmatdaşlygyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde mümkinçilikleri döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy» amala aşyrylýar. Bu ugurda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, gender taýdan saglygy goraýşa, hünärlere we bilime deň elýeterliligi üpjün etmek, zenanlaryň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik derejelerdäki işlere gatnaşygyny üpjün etmek, gender deňligini goldaýan gurallary peýdalanmak bilen bagly toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine aýratyn üns çekildi. 

 

13 октября 2024 года представительница Меджлиса Туркменистана приняла участие в женском форуме, прошедшем в городе Женева Швейцарской Конфедерации в рамках 149-й Ассамблеи Межпарламентского союза.

В ходе форума были обсуждены вопросы, связанные с расширением возможностей женщин, обеспечением гендерного равенства и созданием возможностей для молодых парламентариев в развитии энергетического сотрудничества и цифровой экономики, защите окружающей среды, борьбе с изменением климата.

В нашей стране реализуется «Национальный план действий по обеспечению гендерного равенства в Туркменистане на 2021-2025 годы», направленный на обеспечение гендерного равенства во всех сферах общественной жизни. В этой связи особое внимание было уделено реализации комплексных мероприятий, связанных с дальнейшим совершенствованием законодательства, обеспечением равного доступа к здравоохранению, профессиям и образованию по гендерному признаку, обеспечением участия женщин во всех сферах, включая политическую и социальную деятельность, с использованием инструментов, поддерживающих гендерное равенство.

 

On October 13, 2024, the representatives of the Mejlis of Turkmenistan participated in the Women’s Forum held in Geneva, Switzerland, on the occasion of the 149th Assembly of the Parliamentary Union. 

During the meeting were discussed, issues related to expanding women’s opportunities, ensuring gender equality and developing energy cooperation and digital economy for young parliamentarians, protecting the environment and creating opportunities to combat climate change.

 “National Action Plan for 2021-2025 to ensure gender equality in Turkmenistan” aimed at ensuring gender equality in all spheres of public life in the country. In this area, special attention was paid to the implementation of integrated activities related to  improving legislation, ensuring equal access to gender health, professions and education, ensuring the participation of women in all fields, including political and social levels, and the use of tools that support gender equality.