Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. 

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Maslahatda «Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we olaryň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi we makullanyldy. Soňra deputatlar maslahatyň gün tertibine laýyklykda, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň artykmaçlyklary we aýratyn hukuklary hakynda Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Ösümlikleriň karantini we goragy boýunça Halkara konwensiýa goşulmak hakynda», «Merkezi Aziýany ХХI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Goranmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda», «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama goşulmak hakynda» we «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler we biragyzdan kabul etdiler.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy.

Maslahatda çykyş eden deputatlar kabul edilen resminamalaryň ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan     beýläk-de ýerine ýetirmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatyny, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmekde, hereket edýän kanunlary ilata düşündirmekde ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.