​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
17.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen ÝHHG-niň hereket edýän Başlygynyň dialogy we ynamy pugtalandyrmagy ilerletmek boýunça ýörite wekili Ilçi Serž Rýumeniň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Ilçi William Lifiň arasynda duşuşyk geçirildi

Состоялась встреча представителей Меджлиса Туркменистана со специальным представителем действующего Председателя ОБСЕ по содействию диалогу и укреплению доверия, Послом Сержем Рюменом и руководителем Центра ОБСЕ в Ашхабаде, Послом Уильямом Лифом

A meeting was held between representatives of the Mejlis of Turkmenistan and the Special Representative of the OSCE Chairperson-in-Office for the Promotion of Dialogue and Confidence-Building Ambassador Serge Rumin and the Head of the OSCE Centre in Ashgabat Ambassador William Leaf

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  maslahatynyň çäklerinde  ÝHHG-niň hereket edýän Başlygynyň dialogy we ynamy pugtalandyrmagy ilerletmek boýunça ýörite wekili Ilçi Serž Rýumen we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Ilçi William Lif bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bagly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ilçiler  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygy uly kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti  babatda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada durlup geçildi. 

«ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» ady bilen geçirilýän üçünji Aşgabat maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany durmuşa geçirmekde, şeýle hem halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

17 ноября 2026 года в рамках третьей Ашхабадской конференции «Роль парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, укрепления доверия и безопасности на пространстве ОБСЕ» была проведена встреча представителей Меджлиса Туркменистана со специальным представителем действующего Председателя ОБСЕ по содействию диалогу и укреплению доверия, Послом Сержем Рюменом и руководителем Центра ОБСЕ в Ашхабаде, Послом Уильямом Лифом, по вопросам двустороннего сотрудничества.

На встрече Послы были ознакомлены с основными направлениями внутренней и миролюбивой внешней политики Туркменистана, правовой статус постоянного нейтралитета которого трижды признан Генеральной Ассамблеей ООН, а также деятельностью по модернизации правовой базы нашей страны. С большим удовлетворением было отмечено, что сотрудничество Туркменистана с Организацией по безопасности и сотрудничеству в Европе и её Парламентской ассамблеей становится всё более  плодотворным.

Была отмечена важность резолюций, принятых по инициативе нашей страны, по энергетическим ресурсам и созданию транспортных транзитных коридоров, а также диалога и принципов нейтралитета в достижении мира и безопасности, взаимного доверия.

Было особо подчёркнуто, что третья Ашхабадская конференция, «Роль парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, укрепления доверия и безопасности на пространстве ОБСЕ», будет иметь важное значение в реализации Резолюции «2028 год – Год международного права», принятой Генеральной Ассамблеей ООН по инициативе Туркменистана, а также в повышении роли международного права.

On 17 November 2026, within the framework of the third Ashgabat Conference «The Role of Parliaments in Advancing International Law for Dialogue, Trust and Security in the OSCE area», was held a meeting between representatives of the Mejlis of Turkmenistan and the Special Representative of the OSCE Chairman-in-Office for Dialogue and Confidence-Building Ambassador Serge Rumin, and the Head of the OSCE Centre in Ashgabat Ambassador William Leaf on issues of bilateral cooperation.

During the meeting, the Ambassadors were briefed on the main directions of Turkmenistan's domestic and peace-loving foreign policy, legal status of permanent Neutrality recognized three times by the United Nations General Assembly, and the activities carried out to modernize our country's legal framework. It was noted with great satisfaction that Turkmenistan's cooperation with the Organization for Security and Cooperation in Europe and its Parliamentary Assembly is becoming more effective.

The importance of the resolutions adopted at the initiative of our country, on the creation of energy and transport transit corridors, the importance of dialogue and the principles of neutrality in achieving peace and security, and mutual trust were discussed.

It was emphasized that the third Ashgabat conference, entitled «The Role of Parliaments in Advancing International Law for Dialogue, Trust and Security in the OSCE area», will be of great importance in implementing the Resolution «2028 – Year of International Law» adopted by the UN General Assembly at the initiative of Turkmenistan, as well as in enhancing the role of international law.