Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew we Assambleýanyň Baş sekretary Roberta Montella bilen duşuşyk geçirildi
В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с Президентом Парламентской ассамблеи Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе Микитой Потураевым и Генеральным секретарём Ассамблеи Роберто Монтеллой
In the Mejlis of Turkmenistan was held a meeting with the President of the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Co-operation in Europe Mykyta Poturaiev and the Secretary General of the Assembly Roberto Montella
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat Maslahatyna gatnaşmak hem-de onuň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli duşuşygy geçirmek üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýewiň we Assambleýanyň Baş sekretary Roberta Montellanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ähli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeler, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýändigi, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň Parlament Assambleýasy Türkmenistanyň iň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegine we işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikdäki çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygyny we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şol sanda parlamentara dialogy ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin bilelikde guralýan çäreleriň, okuw maslahatlarynyň ähmiýeti barada durup geçdiler.
Myhmanlar parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlamentara dialogyň möhümdigini bellemek bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak boýunça paýtagtymyzda geçirilýän üçünji Aşgabat Maslahatynyň möhüm ähmiýetini nygtady.
Taraplar Aşgabatda geçiriljek bilelikdäki maslahatyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine we ösdürilmegine uly ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
17 ноября 2026 года состоялась встреча между Председателем Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой и Президентом Парламентской ассамблеи Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе Микитой Потураевым и Генеральным секретарём Ассамблеи Роберто Монтеллой, прибывшими в нашу страну с рабочим визитом для участия в третьей Ашхабадской конференции «Роль парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, укрепления доверия и безопасности на пространстве ОБСЕ» и проведения встречи высокого уровня с руководителями парламентов стран Центральной Азии в рамках конференции.
На встрече гости были ознакомлены с приоритетными направлениями миролюбивой государственной политики, проводимой нашей страной под мудрым руководством уважаемого Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, успешно реализуемыми во всех областях программными преобразованиями, деятельностью по совершенствованию национального законодательства в соответствии с общепризнанными нормами международного права.
Было подчёркнуто, что Туркменистан, правовой статус постоянного нейтралитета которого трижды признанный Генеральной Ассамблеей ООН специальными Резолюциями, продвигает важность мирного сосуществования, превентивной дипломатии и равноправного диалога на международной арене и выдвигает инициативы общечеловенческого значения. Единогласное принятие по инициативе Туркменистана Генеральной Ассамблеей ООН Резолюции «2028 год – Год международного права» также является свидетельством того, что миролюбивая политика нашей страны имеет широкую поддержку в мире.
Организация по безопасности и сотрудничеству в Европе и её Парламентская ассамблея являются одними из самых надёжных и стратегических партнёров Туркменистана. Меджлис Туркменистана, являясь членом Парламентской ассамблеи ОБСЕ, придаёт большое значение расширению и активизации взаимного сотрудничества. Об этом свидетельствует последовательное проведение в стране совместных мероприятий Меджлиса Туркменистана и Парламентской ассамблеи ОБСЕ.
В ходе встречи стороны с удовлетворением отметили, что сотрудничество между Меджлисом Туркменистана и Парламентской ассамблеей ОБСЕ выходит на новый уровень и становится более активным. В том числе отметили значение совместно организуемых мероприятий, учебных семинаров для развития межпарламентского диалога и обмена мнениями с международными экспертами.
Гости, отмечая важность межпарламентского диалога в обеспечении мира и безопасности, подчеркнули значимость третьей Ашхабадской конференции, проводимой в нашей столице в рамках Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе, по повышению роли парламентов в продвижении международного права в интересах диалога, укрепления доверия и безопасности.
Стороны выразили уверенность, что совместная конференция, которая состоится в Ашхабаде, внесёт значительный вклад в дальнейшее укрепление и развитие сотрудничества между Меджлисом Туркменистана и Парламентской ассамблеей ОБСЕ.
On November 17, 2026, a meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the President of the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Co-operation in Europe Mykyta Poturaiev and the Secretary General of the Assembly Roberto Montella, who arrived in our country on a working visit to participate in the third Ashgabat Conference on «The Role of Parliaments in Advancing International Law for Dialogue, Trust and Security in the OSCE area» and to hold a high-level meeting with parliamentary leaders of Central Asian countries within the framework of the conference.
At the meeting, the guests were briefed on the priorities of the peace-loving state policy pursued by our country under the wise leadership of the Esteemed President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov, the programmatic reforms being successfully implemented in all areas, and the work being carried out to improve national legislation in accordance with the generally recognized norms of international law.
It was emphasized that Turkmenistan, legal status of permanent Neutrality has been recognized three times by the United Nations General Assembly on the basis of special resolutions, promotes the importance of peaceful coexistence, preventive diplomacy and equal dialogue in the international arena, and puts forward initiatives of universal significance. The unanimous adoption of the Resolution «2028 – Year of International Law» by the UN General Assembly, at the initiative of Turkmenistan, is also clear evidence that our country's peace-loving policy has a wide support in the world.
The Organization for Security and Co-operation in Europe and its Parliamentary Assembly are one of the most reliable and strategic partners of Turkmenistan. Mejlis of Turkmenistan, being a member of the OSCE Parliamentary Assembly, attaches great importance to expanding and intensifying the scope of mutual cooperation. This is clearly evidenced by the regular holding of joint events between the Mejlis of Turkmenistan and the OSCE Parliamentary Assembly in our country.
During the meeting, the parties noted with satisfaction that cooperation between the Mejlis of Turkmenistan and the OSCE Parliamentary Assembly is reaching a new level and is becoming more active. And also was noted the importance of jointly organized events and training seminars to promote inter-parliamentary dialogue and exchange views with international experts.
The guests noted the importance of inter-parliamentary dialogue in ensuring peace and security, and emphasized the important significance of the third Ashgabat Conference, held in our capital within the framework of the Organization for Security and Co-operation in Europe, on enhancing the role of parliaments in promoting international law in the interests of dialogue, trust and security.
The parties expressed confidence that the joint conference to be held in Ashgabat will greatly contribute to the further strengthening and development of cooperation between the Mejlis of Turkmenistan and the OSCE Parliamentary Assembly.