Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.07.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Представитель Меджлиса Туркменистана принял участие в семинаре по Всемирной Торговой Организации, проведённом в Китайской Народной Республике

Representative of the Mejlis of Turkmenistan participated in a training seminar on the World Trade Organization held in the People’s Republic of China

2026-njy ýylyň 5-21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Fusin we Fuçžou şäherlerinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi tarapyndan guralan okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy ugrundaky wezipeleri durmuşa geçirmekden, halkara söwda ulgamynda tejribe alyşmakdan hem-de ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini we habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Okuw maslahaty Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýän Halkara işewürlik we ykdysadyýet uniwersitetinde guraldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmakda we guramanyň düzüminde öz milli bähbitlerini goramakda toplan tejribeleri, erkin ykdysady zolaklary dolandyrmagyň döwrebap usullary bilen tanyşdyryldy. 

Şeýle hem okuw maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde milli kanunçylygy halkara söwda kadalaryna we BSG-niň ylalaşyklaryna laýyk getirmek, Parlamentiň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de parlament diplomatiýasynyň bu ugurdaky ornuny pugtalandyrmak boýunça özara pikir alşyldy.

Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmekde we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda ähmiýetli boldy.

С 5 по 21 июля 2026 года представитель Меджлиса Туркменистана принял участие в семинаре по Всемирной Торговой Организации, провeдённом в городах Пекин, Фусин и Фучжоу Китайской Народной Республики. Основной целью семинара, организованного Министерством коммерции Китайской Народной Республики, являлaсь реализация задач Туркменистана по вступлению в членство Всемирной Торговой Организации, обмен опытом в международной торговой системе и повышение профессионального уровня и осведомлённости специалистов соответствующих органов страны. Семинар был  организован в Международном университете предпринимательства и экономики, расположенном в городе Пекин Китайской Народной Республики. 

Участники семинара были ознакомлены с опытом, накопленным Китайской Народной Республикой в членстве ВТО и в защите своих национальных интересов в составе организации, современными методами управления свободными экономическими зонами.

Также в рамках плана семинара состоялся взаимный обмен мнениями по приведению национального законодательства в соответствие с международными торговыми нормами и соглашениями ВТО, задачам, стоящим перед Парламентом, и укреплению роли парламентской дипломатии в этом направлении.

Данный семинар стал  важным шагом в укреплении международных торгово-экономических отношений Туркменистана, совершенствовании нормативной правовой базы по присоединению к Всемирной Торговой Организации и осуществлении экономических преобразований.

From July 5-21, 2026, a representative of the Mejlis of Turkmenistan participated in a training seminar on the World Trade Organization, held in Beijing, Fuxin and Fuzhou, the People’s Republic of China. The main objective of the training seminar, organized by the Ministry of Commerce of the People’s Republic of China, was to implement Turkmenistan’s objectives for membership in the World Trade Organization, exchange experience in the international trade system, and improve the professional level and awareness of specialists in the country’s relevant institutions. The training seminar was organized by the International University of business and economics in Beijing, the People’s Republic of China. 

The participants of the training seminar were introduced to the experience of the People’s Republic of China in becoming a member of the WTO and protecting its national interests within the organization, as well as modern methods of managing free economic zones. 

Also, within the framework of the training seminar program, there was an exchange of views on bringing national legislation into line with international trade rules and WTO agreements, the tasks facing Parliament, and strengthening the role of parliamentary diplomacy in this area. 

This training seminar was an important step in strengthening international trade and economic relations of Turkmenistan, improving the regulatory framework towards joining the World Trade Organization and implementing economic reforms.