Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.07.2026

TÜRKMEN-KOREÝ PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА ТУРКМЕНО-КОРЕЙСКИХ ГРУПП МЕЖПАРЛАМЕНТСКОЙ ДРУЖБЫ

A meeting of the Turkmen-Korean Inter-Parliamentary Friendship Groups was held

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda türkmen-koreý parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygy, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, kanun çykaryjylyk we sebitara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň, söwda, ykdysady, ylmy, tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň oňyn netijeleri bellenildi. 

Taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar, ulag we gämi gurluşygy, koreý dilini öwretmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. 

Şunda türkmenistanly ýaşlaryň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdebinde okuwçylara we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alýan talyplara koreý diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy. 

Iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlament diplomatiýasy arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

16 июля 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялась встреча туркмено-корейских групп межпарламентской дружбы.

Целью встречи был обмен мнениями по совершенствованию деятельности групп межпарламентской дружбы, созданных на двусторонней основе, и налаживанию отношений между профильными комитетами. 

В ходе встречи было отмечено, что усилиями Глав государств отношения между двумя странами в различных направлениях приобретают эффективный характер и получает дальнейшее развитие в политико-экономическом, культурно-гуманитарном и межпарламентском сотрудничестве на основе богатого опыта туркмено-корейских взаимодействий. Вместе с этим было подчёркнуто, что доброжелательное сотрудничество между странами последовательно развивается и укрепляется как в двустороннем, так и в рамках международных организаций и на основе взаимовыгодных отношений.

В ходе встречи состоялся обмен мнениями по вопросам политико-дипломатического, законодательного и межрегионального сотрудничества между двумя странами. При этом были отмечены позитивные результаты деятельности туркмено-корейского делового (бизнес) совета, межправительственной группы по торговому, экономическому, научному, технологическому сотрудничеству, проводимой по укреплению долгосрочного и взаимовыгодного сотрудничества.

Стороны отметили значение сотрудничества между двумя странами по таким направлениям, как торгово-экономическое, культурно-гуманитарное, топливно-энергетическое и логистика, цифровизация, транспорт и судостроительство, изучение корейского языка. 

При этом было отмечено, что туркменская молодёжь повышает своё образование в высших учебных заведениях Республики Корея, учащимся общеобразовательной средней школы нашей страны и студентам, обучающимся в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммета Азади, преподают корейский язык. 

Была выражена уверенность в том, что и в впредь дружеские отношения между двумя странами, имеющие активный характер, ещё больше укрепятся посредством межпарламентского сотрудничества.

On July 16, 2026, a meeting of the Turkmen-Korean inter-parliamentary friendship groups was held in the building of the Mejlis of Turkmenistan.

The purpose of the meeting was to exchange views on improving the work of the inter-parliamentary friendship groups established on a bilateral basis, as well as on establishing relations between the corresponding committees.

During the meeting, it was noted that, thanks to the efforts of the Heads of State, relations between the two countries are becoming productive in various fields, and that significant progress has been achieved in political-economic, cultural-humanitarian, and inter-parliamentary cooperation based on the rich experience of Turkmen-Korean relations. Along with this, it was emphasized that the friendly cooperation between the countries is being consistently developed and strengthened based on mutually beneficial relations as well as within the framework of international organizations.

During the meeting, views were exchanged on issues of political-diplomatic, legislative, and inter-regional cooperation between the two countries. In this regard, the positive results of the work carried out by the Turkmen-Korean business council and the intergovernmental committee on trade, economic, scientific, and technological cooperation to strengthen long-term and mutually beneficial cooperation were noted.

The parties highlighted the importance of cooperation between the two countries in areas such as trade and economy, cultural-humanitarian, fuel and energy, transport and logistics, digitalization, high technologies, transport and shipbuilding, and the teaching of the Korean language.

It was mentioned that Turkmen youth are enhancing their education in higher educational institutions of the Republic of Korea, and that the Korean language is being taught to pupils in our country's secondary general education schools and to students at the Dovletmammet Azady Turkmen national institute of world languages.

Confidence was expressed that the friendly relations between the two countries, which have an active character, will be further strengthened through parliamentary diplomacy in the future.