Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.07.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

В Меджлисе Туркменистана вновь назначенный Посол Республики Кения в Туркменистане вручил верительные грамоты

In the Mejlis of Turkmenistan the newly appointed Ambassador of the Republic of Kenya to Turkmenistan presented the Letter of Credence

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangiden Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Keniýa Respublikasynyň Prezidenti William Samoei Rutonyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň dowamynda Ilçi  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde  parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini nygtadylar. 

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Сегодня  по поручению нашего уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова приняла верительные грамоты от вновь назначенного Чрезвычайного и Полномочного Посла Республики Кения в Туркменистане Джона Маина Мвангина.

От имени Главы государства руководитель национального Парламента поздравила дипломата с назначением на ответственный пост и пожелала успехов в ответственной деятельности, направленной на дальнейшее развитие дружественных отношений между двумя странами. 

Выразив признательность за оказанный на туркменской земле радушный приём, Посол передал в адрес нашего уважаемого Президента тёплые слова приветствия и наилучшие пожелания от Президента Республики Кения Уильяма Самои Рутона.

В ходе встречи Посол был ознакомлен с основными направлениями внутренней и миролюбивой внешней политики независимого, постоянно нейтрального Туркменистана, со структурой Меджлиса и деятельностью, проводимой им по совершенствованию законодательной базы нашей страны. Также было отмечено значение позитивных инициатив нашей страны, выдвигаемых по укреплению мира, стабильности, благополучия в мире.

Стороны подчеркнули, что развитие налаженных между двумя странами политико-дипломатических отношений, активизация сотрудничества в торгово-экономическом, культурно-гуманитарном направлениях выгодны для обеих сторон.

В завершение встречи  Посол заверил, что приложит все усилия  для дальнейшего укрепления  и расширения межгосударственного сотрудничества, выстраиваемого на взаимовыгодной основе.

Today, on the instructions of our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov, Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova accepted the Letter of Credence from Jonah Maina Mwangi, Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Republic of Kenya to Turkmenistan.

On behalf of our Head of state, the Chairperson of the National Parliament congratulated the diplomat on his appointment to a responsible post and wished success in his work aimed at further developing friendly relations between the two countries.

The Ambassador expressed his gratitude for the warm welcome on Turkmen soil and conveyed the warm words of greeting and best wishes of the President of the Republic of Kenya William Samoei Ruto to our Esteemed President.

During the meeting, the Ambassador was introduced to the main directions of the internal and peace-loving external policy of Independent, Permanently Neutral Turkmenistan, composition of the Mejlis, multilateral activities carried out to modernize the legislative framework of our country. As well as the importance of the positive initiatives put forward by our country to strengthen peace, stability, and prosperity in the world was emphasized. 

The parties emphasized that it is beneficial for both sides to develop the established political and diplomatic relations between the two countries in modern conditions, and to intensify cooperation in the trade, economic, cultural and humanitarian spheres.

At the conclusion of the meeting, the Ambassador assured that he would make every effort to further strengthen interstate relations and expand mutually beneficial cooperation.