Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi

Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Постоянным координатором Организации Объединенных Наций в Туркменистане Дмитрием Шлапаченко

A meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan and the United Nations Resident Coordinator in Turkmenistan Dmitry Shlapachenko

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň we köpýyllyk tejribäniň ähmiýetini nygtadylar. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan energetika we ulag geçelgelerini döretmek, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti bellenildi. Şonuň ýaly-da, taraplar 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň döwletara gatnaşyklarda özara ynanyşmagy we birek-birege hormat goýmagy berkitmekde, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýe boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli meýilnamalary durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylmak, kanun taslamalary halkara ülňülerinden ugur alyp kämilleşdirmek, şeýle hem milli Parlamentiň maglumat ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen okuw maslahatlaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Dmitriý Şlapaçenkony Birleşen Milletler Guramasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa täze diplomatik wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Сегодня Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова встретилась с Постоянным координатором Организации Объединенных Наций в Туркменистане Дмитрием Шлапаченко.

В ходе встречи стороны подчеркнули важность конструктивных отношений и многолетнего опыта сотрудничества между Туркменистаном и Организацией Объединенных Наций и её специализированными учреждениями.

В ходе встречи была подчеркнута значимость проводимых под мудрым руководством Президента Туркменистана масштабных реформ и принятых по инициативе нашей страны резолюций Организацией Объединенных Наций о создании энергетических и транспортных коридоров, обеспечении мира и  устойчивовго развития. Стороны также отметили, что инициатива по объявлению 2028 года «Годом международного права» сыграет важную роль в укреплении взаимного доверия и уважения в межгосударственных отношениях, а также международной правовой основы мира и сотрудничества.

Также было подчеркнуто значение проведённых семинаров и встреч в рамках совместного сотрудничества по координации национальных планов в целях устойчивого развития, совершенствованию законодательства на основе международных стандартов, а также цифровизации информационных систем национального парламента, совершенствованию электронного документооборота.

В завершение встречи Председатель Национального парламента тепло поздравила Дмитрия Шлапаченко с назначением на должность Постоянного координатора Организации Объединенных Наций в Республике Азербайджан и пожелала ему больших успехов на новом дипломатическом посту.

Today, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova met with the Resident Coordinator of the United Nations in Turkmenistan Dmitry Shlapachenko.

During the meeting, the parties emphasized the importance of effective cooperation and many years of experience between Turkmenistan and the United Nations and its specialized agencies.

During the meeting, the significance of the great reforms being implemented under the wise leadership of the President of Turkmenistan and the resolutions adopted by the United Nations on our country’s initiative regarding the creation of energy and transport corridors, ensuring peace and stability was emphasized. The parties also noted that the initiative to proclaim 2028 as the Year of International Law will have an important role in strengthening mutual trust and respect in interstate relations, as well as strengthening the international legal framework for peace and cooperation.

The importance of training seminars and meetings held within the framework of joint cooperation on coordinating national plans with sustainable development goals, improving legislative projects in line with international standards, as well as digitizing the information systems of the national Parliament and improving electronic document circulation was also emphasized.

At the end of the meeting, the Chairperson of the National Parliament congratulated Dmitry Shlapachenko on his appointment as the Resident Coordinator of the United Nations to the Republic of Azerbaijan and wished him great success in the new diplomatic position.