Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
23.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре, проводимом в Китайской Народной Республике

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 2026-njy ýylyň 22-28-nji iýuny aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deputatlary üçin guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi  Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşýarlar. 

Okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alşylmagyny, sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny maksat edinýär hem-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagyna hem-de özara bähbitli we inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine gönükdirilendir.

Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Çykyşda sebit derejede yzygiderli guralýan çäreleriň, duşuşyklaryň, forumlaryň, okuw maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze çemeleşmelerini işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygy nygtaldy. 

Okuw maslahatynda oňa gatnaşyjylar sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde parlament diplomatiýasynyň barha artýan ornuna aýratyn üns bermek bilen,  ýokary guramaçylykly guralýan okuw maslahatynyň ýurtlaryň arasynda kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. 

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре «Повышение роли законодательных органов и укрепление сотрудничества Китай – Центральная Азия», организованном Постоянным комитетом Общекитайского Собрания Народных представителей Китайской Народной Республики для депутатов стран Центральной Азии в городе Пекин 22–28 июня текущего года.

Целью данного семинара является укрепление межпарламентских отношений между странами Центральной Азии и Китайской Народной Республикой, взаимный обмен мнениями в законодательной системе, обсуждение важных вопросов межрегионального сотрудничества,  а также координация стратегий развития и продвижение взаимовыгодного и инклюзивного экономического сотрудничества с учётом тенденций современного развития мировой экономики.

Представитель Меджлиса Туркменистана в своём выступлении в ходе семинара отметил, что благодаря усилиям Глав двух государств стратегическое сотрудничество между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой последовательно развивается и наполняется новым содержанием на основе взаимного уважения, доверия и равноправия. В выступлении было отмечено, что последовательно организуемые на региональном уровне мероприятия, встречи, форумы семинары  являются важной платформой для обсуждения конкретных направлений взаимовыгодного сотрудничества, укрепления межпарламентских отношений и новых подходов к развитию сотрудничества между странами Центральной Азии и Китая. 

Участники  семинара, уделив особое внимание на возрастающую роль парламентской дипломатии в обеспечении мира, стабильности и эффективного сотрудничества в регионе, отметили, что семинар, организованный на высоком организационном уровне, создаёт широкие возможности для обмена опытом между странами в законодательной и парламентской деятельности, укрепления отношений между молодыми парламентариями и женщинами парламентариями.