Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

A meeting with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the People’s Republic of China to Turkmenistan was held in the Mejlis of Turkmenistan

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara gatnaşyklar boýunça uly ösüşe eýe bolýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň milli parlamentleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygy hem-de strategik taslamalary kanunçylyk taýdan goldamakda möhüm gural bolup çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekilleri üçin kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşdäki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça guraljak okuw maslahatynyň guramaçylyk işleri, meýilleşdirilýän okuw sapaklarynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Hytaý tarapyndan guraljak okuw maslahatynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, özara düşünişmegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.

Today a meeting of the representatives of the National Parliament with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the People’s Republic of China to Turkmenistan was held in the Mejlis of Turkmenistan to discuss opportunities for bilateral cooperation.

During the meeting, it was noted that thanks to the efforts of the Heads of state of the two countries, friendly relations are experiencing significant development in various areas, including inter-parliamentary relations. 

At the meeting, it was particularly emphasized that the national parliaments of Turkmenistan and the People’s Republic of China are enriching bilateral cooperation with new meaning and content and serving as an important tool in legislative support of strategic projects.

                During the meeting, the organization of the training conference to be held by the Standing Committee of the National People’s Congress of the People’s Republic of China for parliamentarians from Central Asia countries on enhancing the role of legislative bodies and strengthening cooperation in the «China-Central Asia» format, as well as the significance of the planned training seminars, were also discussed. It was expressed confidence that the training seminar to be organized by China will be an important step in exchanging experiences in the legislative sphere, strengthening mutual understanding and multilateral cooperation.