Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

В Меджлисе Туркменистана проведено заседание, посвящённое итогам деятельности за январь-май 2026 года

A meeting dedicated to the outcomes of activities for January–May 2026 was held at the Mejlis of Turkmenistan

2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. 

Hasabat döwründe raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň     aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň kanunlarynyň 6-synyň we Mejlisiň kararlarynyň 10-synyň kabul edilendigi bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyklaryň, guralan okuw maslahatlarynyň, halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen daşary ýurtlara amala aşyrylan iş saparlarynyň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bolandygy nygtaldy.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet hem-de halkara derejede meýilleşdirilen çärelere, aýratyn-da şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň, bu işlere Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümligi barada aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisde döredilen iş toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň zerurlygyna üns çekildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň we ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we wagyz etmek, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, parlament işiniň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

6 июня 2026 года в Меджлисе Туркменистана проведено заседание, посвящённое итогам деятельности в января-мае года «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов». На заседании обсуждены итоги деятельности, проведённой по выполнению задач, намеченных нашим уважаемым Президентом на заседаниях Кабинета Министров Туркменистана по укреплению правовых основ социально-экономических преобразований, осуществляемых в стране, и определены предстоящие задачи.

На заседании было отмечалось, что за отчётный период были внесены соответствующие изменения и дополнения в действующие законы, связанные с защитой прав и законных интересов граждан, обеспечением промышленной безопасности производственных объектов, совершенствованием бухгалтерского учёта и финансовой отчётности на преприятиях, в организациях, учреждениях,  лицензированием отдельных видов деятельности, автомобильными дорогами и дорожной деятельностью, охраной окружающей среды, водных биологических ресурсов, повышением эффективности деятельности миграционной службы, и приняты 6 законов Туркменистана и 10 Постановлений Меджлиса. 

Также было подчёркнуто важное значение проведённых в Меджлисе Туркменистана встреч по обсуждению вопросов двустороннего сотрудничества с представителями парламентов государств мира, иностранных представительств в нашей стране, организованных семинаров и рабочих визитов, осуществлённых в зарубежные страны в целях изучения международного опыта, совершенствования законодательной и парламентской деятельности. 

Кроме того, обращалось особое внимание подготовке и проведению  мероприятий на государственном и международном уровне по случаю объявления 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов» и славного праздника 35-летия священной Независимости Туркменистана,  в частности, мероприятий, которые пройдут в национальной туристической зоне «Awaza» в октябре текущего года, активному участию в этой работе депутатов Меджлиса. В связи с этим было отмеченоа необходимость активизации деятельности, проводимой рабочей группой, созданной в  Меджлисе в целях обеспечения на высокого организационного уровня запланированных мероприятий.  

На заседании в ряду приоритетных направлений деятельности, проводимой депутатами Меджлиса, было указано донесение до мировой общественности и популяризация общественно-политического значения славного 35-летия священной Независимости Туркменистана, девиза года и международных инициатив, выдвигаемых нашей страной, разъяснение населению содержания действующих законов.

Участники заседания заверили уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара, Героя-Аркадага в том, что и впредь приложат все усилия для совершенствования  национального законодательства и повышения уровня парламентской деятельности в соответствии с требованиями времени.

On June 6, 2026, the Mejlis of Turkmenistan held a meeting dedicated to the outcomes of activities spanning January–May of the year «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses». At the meeting, the results of activities carried out to fulfill the tasks set by our Esteemed President at the meetings of the Cabinet Ministers of Turkmenistan to strengthen the legal foundations of socio-economic reforms carried out in our country were discussed and the upcoming tasks were determined.  

During the meeting, it was emphasized that during the reporting period, appropriate amendments and additions were made to current laws related to the protection of the rights and legitimate interests of citizens, ensuring industrial safety of production facilities, improving accounting training and financial reporting at enterprises, organizations, institutions, licensing of certain types of activities, highway and road activities, environmental protection, aquatic biological resources, increasing the efficiency of the migration service, and 6 laws of Turkmenistan and 10 resolutions of the Mejlis were adopted.   

The importance of meetings held in the Mejlis of Turkmenistan to discuss issues of bilateral cooperation with representatives of the parliaments of the world’s states, foreign missions in our country, organized training seminars, working visits carried out to foreign countries for the purpose of studying international experience in improving legislative and parliamentary activities was emphasized. 

Particular attention was paid to the preparation of high-level events at the state and international level on the occasion of the announcement of 2026 the year of «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses» and the glorious holiday of the 35th anniversary of the sacred Independence of Turkmenistan, and especially the events that will take place in the National tourist zone «Awaza» in October of this year, the active participation of the members of the Mejlis in these activities. In this regard, it was noted that it is necessary to intensify the activities carried out by the working group created to ensure a high organizational level of the planned activities.

At the meeting, among the priority areas of activity carried out by the members of the Mejlis, it was indicated that communicating to the world community and popularizing the socio-political significance of the glorious 35th anniversary of the Independence of Turkmenistan and the motto of the year, international initiatives put forward by our country, explaining to the population the content of current laws.   

The participants of the meeting assured our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar, Hero Arkadag that they will continue to make every effort to improve national legislation in accordance with the demands of the time and to raise the level of parliamentary activity.