Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşdäki taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 102,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,5 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 63 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 54 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa goýumlaryň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri geçirildi.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik hem-de 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň öndürilişi 50 göterim, armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6 göterim we nah matalaryň möçberi 27,3 göterim artdy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we ýolagçy dolanyşygynyň 3,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8 göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19 göterim artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,9 göterim artdy.
2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi 20,2 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, munuň üçin ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, maliýe-ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada tabşyryklar berildi.
Milli ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermek, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmegi dowam etmek, banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça bu görkeziji 111,7 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 108 göterime barabar boldy. Ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça 104,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,4 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin D.Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň başlygynyň orunbasary T.Ataýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini hem-de möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze kärhanalary gurmaga gönükdirilen işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, şeýle hem mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin täze, döwrebap ammarlary gurmak boýunça, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik beketlerini gurmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 115,9 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi, şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 125,1 göterime, nah matalaryňky 130,2 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 14 müň 323 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine N.Agahanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.
Wezipä täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmek, sanly ulgam arkaly dokma, haly we haly önümleriniň söwdalaryny hem guramak, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen täze döwrebap önümçilikleri döretmekde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Hasabat döwründe dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly, “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi, şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň, döwrebap we many-mazmunly täze çeper, dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, häzirki zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny hem yzygiderli geçirmegiň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.
Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal gazandylar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterime deň boldy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.
Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýewi belledi.
Wise-premýer özüne ynanylan wezipede yhlasyny gaýgyrman işlejekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulaglary ministri wezipesine M.Akmämmedowy belledi.
Ministr bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen H.Hudaýgulyýewi belledi.
Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri wezipesine B.Annadurdyýewi belledi.
B.Annadurdyýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine D.Saburowy belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Şanazarowy belledi.
Ol bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipede ähli bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe ýüzlenip, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy we üstaşyr gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa menzilleriniň durkuny täzelemegiň, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak, şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu ekinleriň güýz möwsümindäki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.
Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatda galla oragyndan boşan ýerleri sürmek, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek hem-de talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin ýerleri sürmek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
D.Genjiýew bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz B.Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Annaberdiýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
D.Annaberdiýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 278,2 göterim ýerine ýetirildi.
Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak, şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmek, ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, salgytlaryň we ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegiň, ýokary hilli tohumlyk bugdaý bilen üpjün etmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak hem-de azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsümleýin alnyp barylýan oba hojalyk işlerinde netijeli ulanmagy berk gözegçilikde saklamagyň, pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek hem-de dokma kärhanalaryny ýokary hilli pagta önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagy berk gözegçilikde saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça netijeli işleri geçirmek, ýer kadastryny döretmek işlerini hemişe üns merkezinde saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.
“Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli işler geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitine we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna sapary, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Abraýly sebit we halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarlary, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti we beýlekiler Türkmenistanda saparda boldular.
Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 336-sy geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 1495-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 97 resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýedir. Hasabat döwründe daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi.
Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guralýan halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-si, şol sanda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 32-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 62-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si amala aşyryldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, hasabat döwründe döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-siniň kabul edilendigini, şeýle hem birnäçe Kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.