Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu hereketiň çäklerinde dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar umumy maksadyň daşynda birleşýärler. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge ýardam berýär.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.
Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

...Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeriniň — paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary Watanymyzy, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň ilerledilmegine ýardam berýär.
Welosipediň esasy ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam edýär. Howanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ulagyň iň netijeli we elýeter görnüşleriniň biri bolup, birnäçe artykmaçlyklara eýedir.
Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek we gan aýlanyş ulgamyny, bedeniň umumy çydamlylygyny berkitmäge ýardam berýär.
Welosiped sporty hem-de welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik wagtynda arassa howada wagtyňy hoş geçirmäge amatly şertleri döredýär.
Welosiped sürmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.
Türkmenistanda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge mynasypdyr.
Welosiped diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, durnukly we ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgesiniň nyşanydyr. Onuň yzygiderli ulanylmagy daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga we ilatyň saglygyny berkitmäge mümkinçilik berýär. Ählumumy ekologiýa wehimleri bilen baglylykda, ulag serişdesi hökmünde welosipede geçilmegi hemmeler üçin has arassa, howpsuz we sagdyn geljegi döretmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Şeýle köpçülikleýin çäreler welosporta we ekologiýa meselelerine ünsi çekmek bilen, adamlary ulagyň bu netijeli we peýdaly görnüşini saýlap almaga ruhlandyrýar.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňelýär. Döredilýän seýilgählerdir seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňelmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär.
Türkmenistan ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyşan ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.
...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Ir säheriň jana şypaly howasy, Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.
Sport bilen meşgullanmak adamlara wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmek ukybyna we ýatkeşligine oňyn täsir edip, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Saglyk diňe bir adam däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr.
Sport Watanymyzyň geljegi bolan sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan şeýle giň gerimli sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berýär.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň «Sporta waspnamasyndaky» meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy «Eý, sport! Sen — parahatçylyk!» diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň «Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli» diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilip, milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary gurap bilýän ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünligini görkezdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde sport çärelerini geçirmek üçin baý tejribä eýedir.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri, gözel tebigaty bilen meşhur Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan Aşgabat köp sanly daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär. Timarlanan seýilgählerdir seýilbaglar, suw çüwdürimleri türkmen paýtagtynyň bezegi bolup durýar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe, ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglygyny, üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.