Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Palestina döwletiniň Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Malki bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň soňunda taraplar geljekde ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlyk etmeklige taýýardyklaryny bellediler.