Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martines iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.