Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesiniň, Peşanaly, M.Lorsy adyndaky, Ak altyn, Abadanlyk, Akybaý geňeşlikleriniň we Diýar geňeşliginiň Keleter obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Jahangül Mämmetorazowna Myradowa 1996-njy ýylyň 4-nji martynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2003-2013-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebinde okady.
2014-2019-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2019-2020-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň H.Tekebaýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň hukuk we taryh mugallymy wezipesinde işledi.
2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk maslahatçysy wezipesinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.