Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçesiniň we Akmyrat Hümmedow adyndaky, Jemgyýet, Babasary, Türkmen ýoly, Ruhubelent geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Zyba Serdarowna Nepesowa 1990-njy ýylyň 30-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1998-2008-nji ýyllarda Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde okady.
2009-2014-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony filolog, terjimeçi, iňlis dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2014-2015-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 4-nji orta mekdebinde iňlis dili mugallymy, 2015-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ene Kulyýewa adyndaky 62-nji orta mekdebinde iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2016-2019-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, 2019-2025-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis filologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, mugallymy wezipelerinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.