Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu ugurda uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öň ýanynda Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegi hem taryhy waka öwrüldi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işlere täze bir öwüşgin çaýdy.
Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döredýär. Döwlet Baştutanymyz düýbi tutulan täze toplumyň oba hojalyk önümçiliginiň köptaraplaýyn ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine, koreýaly hünärmenleriň türkmen kärdeşleri bilen bu işe öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna uly ynam bildirdi.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerden we mümkinçiliklerden peýdalanmagyň esasy strategiki ugur hökmünde saýlanylyp alnan döwründe himiýa senagatyna şeýle ünsüň berilmegi örän bähbitlidir. Himiýa senagaty pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmegi tutuş ykdysadyýetimiziň ösüşlerini berkidýär. Çig mallaryň gaýtadan işlenilen we baýlaşdyrylan görnüşleriniň möçberi artýar.
Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa senagatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda uly öňegidişlikler gazanyldy. Welaýat merkezimizde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy bilen ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwaty ep-esli artar.
Intizar AWLÝAKULYÝEW, Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty