Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, mizemez döwletliligimizden hem-de hemişelik Bitaraplygymyzdan ruhy güýç alyp, halkymyz röwşen geljege gadam urýar. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgerişler bolup geçdi, täze şäherdir obalar, etraplar döredildi. Şäherlerde we döwrebap obalarda ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Häzirki ajaýyp döwürde türkmenistanlylar amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyza guwanyp ýaşaýarlar. Halkymyza ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylan ylym-bilim, saglygy goraýyş merkezleri hyzmat edýär.
Ýurdumyzda batly depginler bilen alnyp barylýan düýpli gurluşykda Arkadag şäheri aýratyn tapawutlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. «Akylly» şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.
Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar hem-de elektrotaksiler hereket edýär. Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi batly depginde ösýän «akylly» şäherimizi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýe bolar.
Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.