​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.09.2025

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

 

  • Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar.

 

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

     Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň göwün­le­re nur paý­la­ýan ­şat­lyk-şow­hu­ny­nyň­ sa­ha­wat­ly türkmen top­ra­gy­ny ­gur­şap ­alan ­hä­zir­ki bag­ty­ýar­ gün­le­rin­de ­şeý­le­ çuň maz­munly, ga­nat­ly jüm­le­le­re ýüz­len­me­gi­miz ýö­ne­ ýe­re­ däl. ­Bu­ paý­has­ly­ jüm­le­le­riň öze­nin­de türk­men hal­ky­nyň en­çe­me asyr­lar­ kal­byn­da ­eziz­läp,­ ne­sil­den-nesle ge­çirip ge­len iň be­ýik arzuwynyň dur­muş ýü­zün­de wy­sal bol­ma­gy­nyň my­na­syp beýany­dyr.­ Şol ­bir­ wagt­da, ­bu pa­ra­sat­ly söz­le­riň maz­mu­nyn­da be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň­ hal­ky­my­zyň­ yk­balyn­da­ky­ mö­hüm­ ornu­ny ­äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len ­gör­mek, ­duý­mak ­bol­ýar. ­El­bet­de,­ öz­baş­dak­ly­gyň, er­kin­li­giň eçi­len bagty­nyň dö­re­den giň mümkinçi­lik­le­ri­ni bi­rin-bi­rin­ sa­nap­ çyk­mak ­as­la ­müm­kin däl­dir. Çün­ki dur­mu­şy­my­zyň haý­sy ug­ru­na ýüz­len­seň-de, ýurt berkarar­ly­gymy­zyň­ wa­jyp­ äh­mi­ýe­ti­ äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len­ ýü­ze çyk­ýar. ­Hal­ky­my­zyň­ aba­dan,­ bag­ty­ýar ­dur­mu­şy­na ­gö­nük­di­ri­len şeý­le iri möç­ber­li tas­la­ma­lar be­ýik Ga­raş­syz­lygy­my­zyň­ mukaddes­ gym­mat­lyk­dy­gy­na hem-de onuň eş­ret çeş­me­si­di­gi­ne has iç­gin göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

     Hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip, gur­lup ula­nyl­ma­ga berlen şeý­le iri möçber­li tas­la­ma­lar Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem sanar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tagalla­la­ry  ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion tehnologiýalar or­naş­dy­ry­lan, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Türkmen­ba­şy Halkara de­ňiz por­tu­dyr. Por­tuň umu­my tut­ýan meý­da­ny 150 gek­tar­dan gow­rak bo­lup, ol bir ýyl­da 17 mil­lion ton­na go­laý ýüki ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu des­ga­nyň çä­gin­de «Balkan» gämigur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy; ýolag­çy pa­rom, kon­teý­ner, umu­my ýük­ler, ür­gün ýük­ler, po­lip­ro­pi­len terminalla­ry we beýle­ki bir­nä­çe des­ga­lar gur­lup işe giri­zil­di. Por­tuň çä­gin­dä­ki gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy­nyň umumy meý­da­ny 166000 ine­dör­dül metr bo­lup, ol bir ýyl­da 12000 ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, 4 ­gä­mi­ni gur­ma­ga we 20-sini abat­la­ma­ga ukyp­ly­dyr. Gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş zawodynyň gu­rul­ma­gy mil­li flo­tu­my­za, şeý­le hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyna dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň göw­ne­jaý dynç al­ma­gy­ny üpjün et­jek ge­ze­lenç we sport gä­mi­le­ri­niň gurluşy­gy­ny alyp barma­ga, Ha­zar deň­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy astyn­da ýüz­ýän gä­mi­le­ri, şol san­da ýurdumyzda ba­lyk tut­mak bi­len meş­gul­lan­ýan gä­mi­le­ri, deň­ziň türk­men bö­le­gin­de ne­bit işle­ri bi­len meş­gul­lan­ýan kompaniýalaryň ne­bit des­ga­la­ry­na hyz­mat ed­ýän gä­mi­le­ri we ýü­zü­ji se­riş­de­le­ri abatla­ma­ga, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gämi abat­la­mak ba­ra­syn­da­ky is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy işe gi­ri­zi­len gü­nün­den bä­ri, sar­gyt­lar öz wagtyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, zawod­da­ 2 ­müň ton­na po­la­dy iş­le­mek ar­ka­ly, or­ta­ça ki­çi we or­ta göw­rüm­li gä­mi­le­riň 20­—­30-synyň­­ abatla­ýyş we be­je­riş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge do­ly mümkin­çi­li­gi bar. 

     Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­len iri tas­la­ma­la­ryň ýe­ne bi­ri Gy­zy­larbat şä­he­rin­dä­ki ­önüm­çi­lik­ kuw­wa­ty ­her gi­je-gün­diz­de 30 müň kub metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy tä­ze des­ga­dyr. Türkme­nis­ta­nyň­ Sena­gat­çy­lar ­we­ te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ­ag­za­sy ­bo­lan ­«Ýe­di­Ýer»­ ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan gur­lan top­lum­ je­mi ­4,5 gektar­ çäk­de­ ýer­le­şip,­ aras­sa agyz su­wu­ny 60 mü­ňe ba­ra­bar ilaty ­bo­lan ­et­rap ­mer­ke­zin­dä­ki ­ho­ja­lyk­la­ra paý­la­ma­ga ­şert­le­ri ­üp­jün et­di. ­Des­ga­da ön­dü­ril­ýän ­aras­sa ­agyz­ su­wy­ gel­jek­de,­ umu­my uzyn­ly­gy 156 ki­lo­met­re deň bo­lan tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly etrabyň çä­gin­dä­ki «Al­tyn asyr» Türk­men kölü­niň­ go­la­ýyn­da­ gurul­ýan­ tä­ze­ oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­na hem ýe­ti­ri­ler. Şeý­le-de etrabyň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň goý­nun­da­ky Tut­ly,­ Ga­ra­bo­gaz, Çerkez­li­ oba­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­ny hem aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­rar. 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len işe gi­ri­zi­len Balkana­bat Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li hem mu­kad­des Garaşsyzlygymy­zyň aja­ýyp peş­geş­le­ri­niň biri­dir. Döw­re­bap howa men­zi­li sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­mek üçin ze­rur bolan äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jemle­ýär. Ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy ter­mi­na­ly 3­ gat­dan yba­rat bo­lup, tut­ýan meý­da­ny 5­müň 203 ine­dör­dül met­re deň­dir. Bina­da ýo­lag­çy­lar üçin ga­ra­şyl­ýan zal­lar, pe­tek sa­tyl­ýan kas­sa­lar, luk­man­çy­lyk, güm­rük hem-de mig­ra­si­ýa ha­sa­ba alyş otag­la­ry, in­ter­net ka­fe, sow­gat­lyk dü­kan, gar­ba­nyş­ha­na, teh­ni­ki otag­lar hem-de beý­le­ki amat­lyk­lar döredilip­dir. Türkme­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleşme­si­niň ag­za­sy bo­lan «Gün­dog­dy» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry tara­pyn­dan hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­na edi­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň çä­gin­de bar­lag-ge­çi­riş no­kat­la­ry, ýangyn howpsuz­ly­gy,­ ha­las­ ediş­ gul­lu­gy­nyň­ bi­na­sy,­ ýöriteleşdiri­len ulag­lar, ae­rod­rom gul­lukla­ry­nyň, uçar­la­ryň ýerüs­ti hem-de teh­ni­ki gul­lu­gy­nyň bi­na­sy, üs­ti ýa­pyk awtoduralga, ýük ter­mi­na­ly, myh­man­ha­na, bir­nä­çe teh­ni­ki binalar ýer­leş­ýär. Bu ýer­de eme­li uçuş-go­nuş zo­la­gy, öw­rüm ýoly,­ 6 ­ho­wa gä­mi­si,­ 4­ di­ku­çar üçin ni­ýet­le­nen uçar du­ral­ga meý­dan­ça­sy, do­lan­dy­ryş di­ňi bar. Do­lan­dy­ryş di­ňi­niň be­ýik­li­gi 44 metr­den gow­rak, umu­my meý­da­ny 410,92 ine­dördül metr bo­lup, onuň daş­ky gör­nü­şin­de öz­bo­luş­ly be­zeg hem-de inženerçi­lik teh­ni­ki çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu döw­re­bap des­ga ýur­du­my­zyň, şol san­da, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dün­ýä­niň ykdy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ul­ga­my­na has iş­jeň goşu­lyş­ma­gyn­da türk­men top­ra­gyn­da bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň gerimi­ni gi­ňelt­di. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tary­hy üs­tün­li­gi hök­mün­de my­na­syp ba­ha eýe bo­lan BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýunça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň özem ata Wa­ta­ny­myz­da şu­nuň ýa­ly äh­lumu­my bäh­bit­le­re eýe bo­lan geoyk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­riň jem­le­nen­di­gi bi­len berk baglanyşyk­ly­dyr. Onuň yzy­sü­re «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zola­gyn­da­ky Kong­resler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýoka­ry de­re­je­dä­ki du­şuşy­gy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän hem-de gel­je­gi örän uly bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ýo­ka­ry gy­zyklan­ma eýe­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­dy. 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ge­çen döwründe Bal­kan top­ragyn­da bo­lup ge­çen şu ta­ry­hy wa­ka­la­ryň özem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­le­ri­dir. El­bet­de, bu ha­ky­ka­ty tassyk­la­ýan şeý­le buý­sanç­ly su­but­na­ma­la­ry ýe­ne-de my­sal ge­ti­rip bo­lar­dy. Ýö­ne esa­sy zat şeý­le dur­muş hakykatynyň mi­ze­mezli­gin­de hem-de onuň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da röw­şen gelje­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len be­ýik tu­tum­lar ar­ka­ly has-da berkidilýän­digin­de­dir. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň her bi­ri­niň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­za bo­lan buýsanjy­ny artdyrýar.

 

Guwanç ÇENDIROW, TDP-niň  Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň  deputaty.