The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesiniň göwünlere nur paýlaýan şatlyk-şowhunynyň sahawatly türkmen topragyny gurşap alan häzirki bagtyýar günlerinde şeýle çuň mazmunly, ganatly jümlelere ýüzlenmegimiz ýöne ýere däl. Bu paýhasly jümleleriň özeninde türkmen halkynyň ençeme asyrlar kalbynda ezizläp, nesilden-nesle geçirip gelen iň beýik arzuwynyň durmuş ýüzünde wysal bolmagynyň mynasyp beýanydyr. Şol bir wagtda, bu parasatly sözleriň mazmunynda beýik Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň ykbalyndaky möhüm ornuny ähli aýdyňlygy bilen görmek, duýmak bolýar. Elbetde, özbaşdaklygyň, erkinligiň eçilen bagtynyň döreden giň mümkinçiliklerini birin-birin sanap çykmak asla mümkin däldir. Çünki durmuşymyzyň haýsy ugruna ýüzlenseň-de, ýurt berkararlygymyzyň wajyp ähmiýeti ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen şeýle iri möçberli taslamalar beýik Garaşsyzlygymyzyň mukaddes gymmatlykdygyna hem-de onuň eşret çeşmesidigine has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Halkymyzyň bähbidine gönükdirilip, gurlup ulanylmaga berlen şeýle iri möçberli taslamalar Balkan welaýatynda hem sanardan kän. Şolaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Türkmenbaşy Halkara deňiz portudyr. Portuň umumy tutýan meýdany 150 gektardan gowrak bolup, ol bir ýylda 17 million tonna golaý ýüki geçirmäge ukyplydyr. Bu desganyň çäginde «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody; ýolagçy parom, konteýner, umumy ýükler, ürgün ýükler, polipropilen terminallary we beýleki birnäçe desgalar gurlup işe girizildi. Portuň çägindäki gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň umumy meýdany 166000 inedördül metr bolup, ol bir ýylda 12000 tonna polady işläp taýýarlamaga, 4 gämini gurmaga we 20-sini abatlamaga ukyplydyr. Gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň gurulmagy milli flotumyza, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň göwnejaý dynç almagyny üpjün etjek gezelenç we sport gämileriniň gurluşygyny alyp barmaga, Hazar deňzinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy astynda ýüzýän gämileri, şol sanda ýurdumyzda balyk tutmak bilen meşgullanýan gämileri, deňziň türkmen böleginde nebit işleri bilen meşgullanýan kompaniýalaryň nebit desgalaryna hyzmat edýän gämileri we ýüzüji serişdeleri abatlamaga, daşary ýurt kompaniýalarynyň gämi abatlamak barasyndaky isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu gämigurluşyk we abatlaýyş zawody işe girizilen gününden bäri, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, zawodda 2 müň tonna polady işlemek arkaly, ortaça kiçi we orta göwrümli gämileriň 20—30-synyň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, açylyp ulanylmaga berlen iri taslamalaryň ýene biri Gyzylarbat şäherindäki önümçilik kuwwaty her gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy täze desgadyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «ÝediÝer» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan toplum jemi 4,5 gektar çäkde ýerleşip, arassa agyz suwuny 60 müňe barabar ilaty bolan etrap merkezindäki hojalyklara paýlamaga şertleri üpjün etdi. Desgada öndürilýän arassa agyz suwy geljekde, umumy uzynlygy 156 kilometre deň bolan turba geçirijiler arkaly etrabyň çägindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulýan täze obanyň ýaşaýjylaryna hem ýetiriler. Şeýle-de etrabyň Garagum sährasynyň goýnundaky Tutly, Garabogaz, Çerkezli obalarynyň ýaşaýjylaryny hem arassa agyz suwy bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe girizilen Balkanabat Halkara howa menzili hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp peşgeşleriniň biridir. Döwrebap howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük hem-de migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar hem-de beýleki amatlyklar döredilipdir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan halkara ülňülerine laýyk bina edilen Halkara howa menziliniň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy, halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar ýerleşýär. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 howa gämisi, 4 dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi bar. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44 metrden gowrak, umumy meýdany 410,92 inedördül metr bolup, onuň daşky görnüşinde özboluşly bezeg hem-de inženerçilik tehniki çözgütler öz beýanyny tapýar. Bu döwrebap desga ýurdumyzyň, şol sanda, sebitiň ýurtlarynyň dünýäniň ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamyna has işjeň goşulyşmagynda türkmen topragynda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň gerimini giňeltdi. Türkmen diplomatiýasynyň taryhy üstünligi hökmünde mynasyp baha eýe bolan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň özem ata Watanymyzda şunuň ýaly ählumumy bähbitlere eýe bolan geoykdysady mümkinçilikleriň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň yzysüre «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejedäki duşuşygy ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän hem-de geljegi örän uly bolan dostlukly, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dünýä jemgyýetçiliginde ýokary gyzyklanma eýedigini ýene bir ýola tassyklady.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwründe Balkan topragynda bolup geçen şu taryhy wakalaryň özem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir. Elbetde, bu hakykaty tassyklaýan şeýle buýsançly subutnamalary ýene-de mysal getirip bolardy. Ýöne esasy zat şeýle durmuş hakykatynyň mizemezliginde hem-de onuň täze taryhy eýýamda röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlar arkaly has-da berkidilýändigindedir. Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň şanly Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.
Guwanç ÇENDIROW, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.