Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
14.07.2025

Ýaşlar — ýurduň geljegi

 

     Dünýäde parahatçylyk söýüji, abadan ýurt hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda ýaşlar barada uly tagallalar edilip, olaryň ýaşaýyş­-durmuşyny gowulandyrmak, ylymly-­bilimli, ösen dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň okamagy, döretmegi, döredijilik gözleglerini, ylmy barlaglaryny alyp barmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi netijesinde, olaryň ukyp-­başarnyklary ýüze çykarylýar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şu nukdaýnazardan hem ýaşlar meseleleri boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk binýady barha berkidilýär we täze mazmunda kämilleşdirilýär. Munuň özi geljekde ýaşlar baradaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirip, bagtyýar nesilleriň abadan ýaşaýşyny kepillendirýär. Ýaşlaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek meselesinde Türkmenistanyň amala aşyrýan anyk ädimleriniň biri hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Onda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet ýoly, iş bilen üpjünçiligi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy we ýaş maşgalalary goldamak ýaly derwaýys meseleler, döwlet syýasatynyň ýaşlaryň durmuşyndaky orny barada anyk beýan edilýär. Kanunyň «Ýaşlaryň döwlet goldawy» diýlip atlandyrylýan VI babynda ýaşlary goldamagyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Onda bilim, medeniýet we sungat çygyrlarynda zehinli ýaşlary goldamak hem-­de ýaş maşgalalary, ýaşlar telekeçiligini, alym, ýaş hünärmenleri we kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary goldamak, ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, olaryň saglygyny goramak, howply keselleriň öňüni almak, bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda ýaşlara ýardam bermegiň ýollary barada beýan edilýär. Şeýle­-de bu bapda ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryny, işini goldamak, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny, hossarlyk ýa­-da howandarlyk bellenilen, şeýle hem ýetim galan çagalary goldamak barada hem bellenilýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olary watançy ýaşlar edip ýetişdirmekde örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän bu ajaýyp kitaby biziň her birimizi buýsandyrýar. Il­-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda ýaşamaga, okamaga, hünär edinip, halal zähmet çekmäge eýe bolan ýaşlarymyzyň döredijilik güýjüni, yhlasyny aýdyň açyp görkezýän bu kitap halkymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ajaýyp kitabynda bilim-­terbiýäniň ähmiýeti barada şeýle belleýär: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr». Bu eserde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşinde, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaşlaryň eýeleýän ornunyň, olar hakynda edilýän aladanyň öz beýanyny tapmagy ýaşlaryň oňa bolan gyzyklanmasyny has-­da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup hyzmat edip, ildeşlerimizi täze­-täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

     Ýaşlary ähli taraplaýyn goldap, olara Watanymyzyň geljegini ynanýan, halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy ugrunda dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Aman­my­rat­ MA­ŞA­LA­ÝEW, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty