Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistan baý hem-de täsin ösümlik dünýäsi we gözel tebigaty bilen tapawutlanýar. Daşky gurşawyň eçilen ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ynsanlaryň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyna gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimiziň ekologik medeniýeti kämilleşýär, ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär.
Tebigatyň goraglylygynyň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň halkara derejedäki başlangyçlary yklymlaryň we sebitleriň arasyndaky ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyna mynasyp goşantdyr. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl ykdysadyýetiň» ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakda, energiýanyň täze çeşmelerini, netijeli usullaryny öwrenmekde, ekologiýany gorap saklamakda we dikeltmekde oňyn täsirini ýetirýär. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak bilen bagly işlenip düzülen uzak möhletleýin maksatnamalar, taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň sanly maglumat aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan mümkinçilikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýändigini tassyklaýar. Täze şähere «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäheri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.Ýurdumyzda sebitiň ekologik ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň biri hem Garagumyň goýnunda döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli bolup durýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de gidrotehniki toplum Garagum sährasynyň tebigy gurşawyna, tutuşlygyna sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, şonuň bilen baglylykda, suw we ýer serişdelerini netijeli ulanmaga, öri meýdanlarynyň goraglylygyny üpjün etmäge, maldarçylygy hem-de ekerançylygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Daşky gurşawda ösýän ösümlikleriň ählisi janly tebigatyň biologik şalygy bolmak bilen, ýabany we medeni ösümlik toplumlaryny emele getirýär. Tebigatyň hazynasyna deňelýän ösümlikler asyrlaryň dowamynda hem halkymyz üçin dürli keselleri bejermekde gymmatly serişde bolup hyzmat edip gelýär.
Ýurdumyz BMG-niň tebigaty, biologik köpdürliligi, ozon gatlagyny we daşky gurşawy goramak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly esas goýujy resminamalaryny, konwensiýalaryny, teswirnamalaryny tassyklamak bilen, bütin adamzadyň eşretli geljegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Arslan HAÝYDOW, TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Mejlisiň deputaty