Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýy barha artýar. Munuň esasynda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ynsanperwerlige, parahatçylyga, birek-birege ynanyşmaga bolan hoşniýetli gatnaşyklary durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini we esaslaryny özünde jemleýär. Ýurtda wajyp wezipeleri çözmekde, demokratik ýörelgeleri amala aşyrmakda, döwletimiziň hukuk güýji bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär we döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Bütin dünýäde ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, islendik döwletiň konstitusion gurluşy onuň Esasy Kanunynda -Konstitusiýasynda kesgitlenýär. Dünýäniň islendik döwletinde bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli döwletlilik ýörelgeleri bilen döwlet gurmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesi utgaşdyrylyp döredilen Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynyň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasy milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy kepillendirýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky alada halk bähbitli tutumly işlerde özüniň beýanyny tapýar. Konstitusiýany üýtgetmegiň we oňa goşmaçalar girizmegiň çylşyrymlaşdyrylan tertibi Konstitusiýanyň durnuklylygyny, onuň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan hökmürowanlygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bu bolsa onuň kadalaryna ýokary hukuk güýjüniň berilýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär.
Häzirki wagtda milli parlamentimiziň işini has-da döwrebap derejelere çykarmakda, täze kanunlary işläp taýýarlamakda, öňden bar bolan kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzy baky bagtyýarlygyň saýasynda ýaşadýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýeňiş MOLLABERDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty