Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren ynsanperwer diplomatiýasy, «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli meselelere içgin we toplumlaýyn çemeleşýändigi hem-de daşary syýasatda toplanan paýhasly tejribäniň netijeli dowam etdirilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmenistanyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň üznüksiz häsiýetde bolmagy durnukly ösüş üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu ýörelge ýurdumyzyň ähli ugurlarda maksatnamalaýyn işleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine hem täze güýç berýär.
Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ynamly hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylykly we köpugurly daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, abadançylygynyň gözbaşydyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrýar. Döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine we garaşsyzlygyna hormat goýýan bu ýörelge, köpugurly daşary syýasat çemeleşmesi bilen döredilen goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly adalatly we ygtybarly dünýäniň kemala getirilmegine ýardam edýär. Şol bir wagtda, şeýle başlangyç ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mümkinçilikleri artdyrýar.
Türkmenistanyň bu ugurda tutumly taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de öňdengörüjilikli, konstruktiw we işjeň bitaraplyk syýasaty onuň abraýly döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmegine ýardam etdi. Bu başlangyçlar we öňe sürülýän pikirler gözbaşyny türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň türkmenleriň agzybirliginiň zerurlygy baradaky pikirlerinden alýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Magtymgulynyň wesýetleri, durmuş pelsepesi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bu gün halkara derejede ählumumy parahatçylyk üçin ýol görkeziji bolup durýar.
Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi gazanmakda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy bolmagynda oňyn başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň howpsuz üstaşyr geçelgeler arkaly halkara bazarlarda elýeterli bolmagyny gazanmak, söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly we köpugurly ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak babatdaky amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.
Türkmenistan araçyllyk diplomatiýasynyň merkezi hökmünde, gepleşikler usulynyň işjeň peýdalanylmagyna we diňe şu usulyň kämil siwilizasiýalaryň kemala gelýän şertlerinde ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Aşgabatda geçirilýän dürli ugra degişli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we çäreleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri açmagy bu işe toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan
dialogy parahatçylygyň kepili hasaplamak bilen, täze ýol kartasyny emele getirmek arkaly deňhukukly syýasaty alyp barýar. Bu günki günde şeýle işler ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm gural bolup durýar.
Halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna halkara derejede beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Halkara we parlamentara aragatnaşyklary
baradaky komitetiniň agzasy.