Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän tagallalar rowaçlyga beslenýär. Bu ugurdaky işlere milli ykdysadyýetiň hususy pudagy hem mynasyp goşant goşýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 17 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen iri işewürlik düzümi halkhojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösmeginde, dünýä tejribesiniň özleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, sebitleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda hususy işewürler hem netijeli işleri alyp barýarlar. Bu gün türkmen telekeçileri döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerinden, hususy pudagy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmelerden ruhlanyp, ýurdumyzyň önümçilik ykdysady kuwwatyny hasda berkitmekde we döwrebaplaşdyrmakda, senagat binýadyny kämilleşdirmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagatçylardyr telekeçiler ösüşlere uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda telekeçilerimiz oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän, ir ýetişýän täze görnüşlerini ekýärler. Şunda ulanylýan innowasion usullar bol hasylyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Oba hojalykçy telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal we guş eti, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat, konditer, çörek we çörek önümleri, agyz suwy, miwe içgileri hemde şireleri, ösümlik ýagy, bugdaý, pagta, gökbakja, azyklyk däneleri, miweler we üzüm hemde beýleki önümler bilen üpjün edýärler.
Soňky ýyllarda telekeçilik işi gurluşyk senagatynda hem netijeli ugurlaryň birine öwrüldi. Bu gün türkmen gurluşykçylary milli binagärlik däplerimiz esasynda binalaryň, desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda we gurluşygyny alyp barmakda, şeýlede gurluşyk serişdelerini öndürmekde belent sepgitlere ýetdiler. Ýerli kärhanalar iri gurluşyk taslamalaryny, häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hemde medenidurmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýurdumyzyň kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň üstüni ýetiren häzirki zaman Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilen bu kärhana ykdysady ösüşde döwlet hususy hyzmatdaşlygynyň oňyn netijeleriniň nobatdaky mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda ýurdumyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalaryň 86-sy, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär, täze önümçilik we durmuş düzümleri döredilýär. Bu üstünliklerde hususy pudagyň wekilleriniň mynasyp goşandy bardyr. Çünki türkmen işewürleri innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýarlar.
Şanly wakalar, belent sepgitler bilen taryha ýazylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem hususy pudagyň wekillerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.