Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek
baş ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýandygy we olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýändigi bizde uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ulgamyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi netijesinde raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym —begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde köpçülikleýin sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, ilatyň giň gatlagyny bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň çetki şäherlerinde we obalarynda hem lukmançylyk we sport düzümlerini şu günüň talabyna laýyk getirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzzyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzy ýod bilen hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy baradaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyz çilimkeşlige garşy alnyp barylýan
göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik medalyna hem-de Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň saglygyny gazanmak bilen döwletiň binýadyny berkitmek babatda edýän aladalarynyň we bitirýän nusgalyk işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi biz — saglygy goraýyş işgärlerinde uly buýsanç döredýär. Biz halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda edýän hossarlyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we mertebesi belent döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.