Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Indi ençeme ýyl bäri her bir gelýän ýyly döwrebap atlandyrmak bolsa, asylly däbimize öwrüldi. 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işlerden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan tekliplerden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli üstümizdäki ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy biziň ählimizi diýseň begendirdi, zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmeginde döredilen topar şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, birnäçe maslahatlara gatnaşyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny, ähmiýetini ilat arasynda düşündirýärler. Şeýle täsirli maslahatlaryň ençemesi biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen ençeme maslahatlara gatnaşýarys. Ildeşlerimizden gelýän teklipleri özleşdirip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda öz mynasyp goşandymyzy goşýarys.
Hawa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan ilkinji gününden bäri dünýä döwletleri bilen ysnyşykly dost-doganlyk, diplomatik gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlyklary ýola goýup gelýär. Bu günki gün ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki at-owazasy alyslara ýaň salýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňden gelýän ynsanperwerlik, ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýaly, ýörelgelerimizden ugur alnyp bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maksat JANMYRADOW.
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty