Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Döwlet býujeti — ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň möhüm guraly. Sebäbi islendik ýurtda durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan maliýe serişdeleri her ýyl üçin ýörite işlenip taýýarlanylýan Döwlet býujeti tarapyndan üpjün edilýär. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu wajyp resminamany taýýarlamaga ylmy esasda, örän oýlanyşykly çemeleşilip, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjek derwaýys ugurlar üçin serişdeler kesgitlenilýär. Mejlisiň tamamlanan ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda makullanylmagy bilen, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Biz hem bu möhüm resminama, oňa laýyklykda şu ýylda alnyp baryljak işler barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat AGAÝEW, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň başlygy Ahmet UWDIÝEW bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeş bolduk.
— Söhbedimiziň başyny 2025-nji ýylyň Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň esasy aýratynlyklary, býujetiň serişdeleriniň paýlanylyşy baradaky gürrüňlerden başlasak, ýerlikli bolardy...
Guwançmyrat AGAÝEW:
— Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda nobatdaky tapgyry öz içine alýar. 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň hakyky ykdysady ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda 6,3 göterime çenli derejede emele geler we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmeginiň hasabyna üpjün ediler. Kanuna laýyklykda, şu ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler hem çykdajylar boýunça 36 500 million manat möçberde tassyklanyldy. Merkezleşdirilen býujet bolsa girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejilerdir çykdajylar boýunça 24 689,6 million manat möçberde göz öňünde tutuldy. Şunda çykdajylaryň köp böleginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş şertleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdiriljekdigi aýratyn bellärliklidir.
Kanundan görnüşi ýaly, Merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäheriniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 496,5 million manat möçberde serişdeler bölünip berler. Şunlukda, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerli býujetleriň umumy möçberi 15 307 million manat möçberde meýilleşdirilýär. Şu ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler. Onda önümçilik-tehniki desgalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň paýy 65,6 göterime, durmuş-medeni ulgamlara serişdeleriň paýy bolsa 34,4 göterime deň bolar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, Oba milli maksatnamasy boýunça binalaryňdyr desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary hem-de durkuny täzelemek işleri üçin býujetden 750 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri bölünip berler. Umuman, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň batly depginde sazlaşykly ösdürilmegini, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
— Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durmuş ugruny nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiz hem özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly bolmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. 2025-nji ýylyň býujetinde şu möhüm ugurda nämeler göz öňünde tutulýar?
Annamuhammet SARJAÝEW:
— Elbetde, islendik döwletiòň durmuş ulgamy onuň ykdysady we durmuş ösüşiniň derejesini kesgitleýän görkezijileriň biri bolmagynda galýar. Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýy olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda-da: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenen. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda hemişe adam hakdaky aladanyň döwletiň baş wezipesidigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä, bu günki gün halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmak Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin sebitlerimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar, täze iş orunlary döredilýär. Amatly işewürlik gurşawy üpjün edilip, kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw berilýär.
«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna laýyklykda, býujetiň serişdeleriniň 76 göterimden gowragynyň (26,4 milliard manat) durmuş ulgamyna gönükdiriljekdigi örän guwandyryjydyr. Şunda durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 37,2 göterimi bilimi, 13,4 göterimi saglygy goraýşy, 2,9 göterimi medeniýeti, 37,4 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge sarp ediler. Soňky ýyllarda döwlet kömek pullarynyň görnüşleri artdyrylyp, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň möçberi yzygiderli köpeldilýär, kanunçylykda bellenilen döwletiň goldawyna mätäç adamlara agyz suwundan, gazdan, elektrik energiýasyndan, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan tölegsiz ýa-da ýeňillikli peýdalanmak hukugy üpjün edilýär. Ýylyň-ýylyna zähmet we talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň pugtalanmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýetip gelen 2025-nji ýylda-da olaryň möçberi ýene 10 göterim ýokarlandyrylar. Bularyň ählisi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny maliýeleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.
— Ýurdumyzyň 2025-nji ýyla niýetlenen baş maliýe resminamasynyň serişdeleri, esasan, nämäniň hasabyna emele getiriler?
GuwançmyratAGAÝEW:
— Şu ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň birinji derejesine gelip gowuşjak serişdeler barada aýdylanda, olar maliýe ýylynyň dowamynda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan töleniljek salgytlardyr ýygymlaryň, beýleki tölegleriň hasabyna emele getiriler. Bu girdejileriň umumy möçberinde peýdadan alynýan salgydyň paýy 15,4 göterime; goşulan baha üçin salgydyňky 13,3 göterime; goşmaça tölegleriňki (aksiz) 5,5 göterime; ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň paýy 4,0 göterime; emläk üçin salgydyňky 3,3 göterime; ilatdan alynýan salgytlaryňky 11,3 göterime; hökmany Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň paýy 16,6 göterime; beýleki salgytlaryň we tölegleriň paýy 30,6 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar. 2025-nji ýylda býujetiň ikinji derejesinde toplumlaryň we pudaklaryň önümleri ýerlemekden alýan girdejileri (salgytlary hasaba almazdan) 87 298,1 million manat möçberinde bolmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwlete dahylsyz pudaga berilýän yzygiderli goldawlar esasynda hususy pudagyň ösdürilmegi, telekeçileriň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli işleri alyp barmaklary üçin hem zerur şertler döredilýär. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ilerletmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2025-nji ýylda 71,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň ägirt uly serişdelere eýedigini belleýär. Şoňa görä, bu günki gün telekeçiler tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler.
Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe-durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bölmegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde hem-de telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Bu çäreler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu resminama Türkmenistanda hususy önüm öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanylmagyna gönükdirilendir.
— Döwletimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady syýasatyny ilerletmekde nähili wezipeleriň göz öňünde tutulýandygy barada-da aýdyp beräýseňiz!
Ahmet UWDIÝEW:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilýär. Ykdysady ösüşi ýokary derejede saklamak; makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, şol sanda bu işi hususy pudagyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak we ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmegiň hasabyna alyp barmak; ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek bilen, ahyrky önüm hökmünde çig mala baglylygyň peseldilmegini gazanmak, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän pudaklaryň sanyny artdyrmak; täze senagat önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmek; ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleri bolsa 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şular bilen birlikde, pudaklarda önümçiligiň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak; oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, şol sanda adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmegiň gurallarynyň dürli görnüşlerini giňeltmek; şähergurluşyk we ýaşaýyş jaý maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, ykdysadyýetiň daşarky täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrmak meseleleri hem aýratyn üns merkezinde bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda berk ykdysady binýada esaslanyp, makroykdysady durnuklylygy we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Bu ýylda sebitde geosyýasy ýagdaýyň durnukly saklanyp galan şertlerinde jemi içerki önümiň depgini 6,3 göterim derejede bolar diýlip çaklanylýar. Şunda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede saklanmagy döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyna, senagat-innowasion ösüşe gönükdirilen ugurlar boýunça pudaklarda dowam etdirilýän özgertmeleriň, çig maly gaýtadan işleýän täze pudaklary döretmek bilen, olary diwersifikasiýalaşdyrmagyň, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary goşulan gymmaty bolan önümçilikleri artdyrmagyň hasabyna amala aşyrylar.
— Söhbedimiziň başynda 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlaryň gönükdiriljekdigi aýdyldy. Şu babatda maýa goýum syýasatynda, esasan, haýsy ugurlar ileri tutulýar?
Ahmet UWDIÝEW:
— Şu ýylda býujet çykdajylaryny amatly etmek, serişdeleriň maksatlaýyn peýdalanylyşyna gözegçiligi ýola goýmak, býujet amallarynyň aýdyňlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklanar. Býujet çykdajylary maksada gönükdirilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylar. Bu ýylda-da maýa goýum syýasaty döwlete dahylsyz maýa goýumlaryň artdyrylmagyny höweslendirmäge gönükdiriler. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň baş maksady esasy maýa gönükdiriljek ugurlara goýumlary çekmekden ybarat bolup, şunda olary innowasiýalara, ýokary goşulan gymmaty bolan önümçilige, adam maýasyny, ýurduň ekologik, durmuş-ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenen ulgamlary ösdürmäge gönükdirmek ileri tutulýar. Aşakdaky ugurlar bolsa şol maksatlara ýetmegiň esasy gurallary hökmünde çykyş edýär:
— maýa goýumlary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen, olaryň jemi içerki önümdäki paýyny maksatnamada kesgitleneninden ýokary derejede saklamak;
— esasy maýa gönükdirilýän maýa goýumlaryň umumy möçberinde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň azalmagynda, maýa goýumlaryň maliýeleşdirilmeginde guramalaryň we ilatyň hususy serişdeleriniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak;
— döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýörelgelerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň sanyny artdyrmak;
— maýa goýum taslamalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak.
Maýa goýumlaryň netijeliligini we möçberini artdyrmak, ilkinji nobatda, ýokary netijeli, eksporta gönükdirilen ýokary tehnologik önümçilikleri, hyzmatlar ulgamynda täze iş ýerlerini döretmäge, durmuş ulgamynda ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmäge, inženerçilik desgalaryny gurmaga gönükdirilen innowasion maýa goýumlaryň möçberini köpeltmek bolsa maýa goýum syýasaty amala aşyrylanda ugur alynýan esasy görkezijilerdir. Şoňa görä, şu ýylda bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny we mümkinçilikleri, içerki hem daşarky töwekgelçilikleri, pudaklaryňdyr sebitleriň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny nazara alyp, mundan beýläk-de ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge şert döretjek maýa goýum serişdeleri özleşdiriler.
— Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň hukuk esaslary, ony işläp taýýarlamak bilen bagly çemeleşmeler, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler, maýa goýum strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada beren gürrüňleriňiz, anyk maglumatlaryňyz üçin size köp sag bolsun aýdýarys. Goý, ýurdumyzyň ykdysady syýasatyny rowaçlyklara beslemek babatda öňde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen amal etmekde hemişe üstünlikler hemraňyz bolsun!
— Sag boluň!
Jemleme ýerine:
Garaşsyz Watanymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryna, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, tamamlanan ýylda jemi 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi göz öňünde tutuldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek 2025-nji ýylda bolsa milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hem zerur maliýe-ykdysady binýady emele getirip, bu ýylda bellenen sepgitlere ýetmäge amatly şertleri döreder. «Tegelek stol» söhbetdeşligimizde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, bu resminamada göz öňünde tutulan wezipeler, ilkinji nobatda, pudaklaryň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanmagyny, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegini, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyny nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris.