Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.09.2026

BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça ösüş-özgerişlere eýe bolýan türkmen halky beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda edermen, agzybir, zähmetsöýer il-günümiziň ykbaly göterildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, ösüşli menzillere eýe bolundy. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şeýle ýokary ösüşleri, halkara derejesindäki başlangyçlary, bagtly geljege itergi berýän beýik işleri rowaçlanýar.

Şeýle öňegidişlikleriň gözbaşynda bolsa 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän beýik Garaşsyzlygymyz durýar. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürilip, ykdysady taýdan kuwwatly Berkarar döwletiň binýady pugtalandyryldy. Täze-täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygy giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Daşary syýasatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Bu gün Türkmenistany halkara jemgyýetçiligi tanap, abraýy täze belentliklere çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary has-da pugtalandyrmakda uly işler bitirilýär. Şu günler türkmen ili beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görýär. Bu sene şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, dabarasy dag aşar.

Ýusup ANNAÝEW,

Baýramaly etrap hassahanasynyň newrolog lukmany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.