Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Demokratik, hukuk we dünýewi ýurt bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty il-günümiz üçin bähbitli işlerde özüniň giň beýanyny tapýar.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Mas lahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek bilen bagly meseleler girizildi.
Şeýle hem mejlisde häzirki we geljekki üstünliklerimiziň ygtybarly kepili bolan halk häkimiýetliliginiň, demokratiýanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli däplerini dikeltmek we ösdürmek, aýratyn-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirip, saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredilip we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak bellenilip geçildi.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji maddasy esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň kabul edilmegi bu ählihalk forumynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine, döwlet, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy gurama öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratik däpleri döwrebap şertlerde giňden ulanmakdyr we ösdürmekdir.
Öňümizdäki umumymilli forum, ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüler. Oňa taýýarlyk görmek işleri hemişe giň jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar. Munuň özi Diýarymyzda demokratik özgertmeleriň barha dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiziň syýasy strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly başlangyçlar esasynda hakyky halk häkimiýetliliginiň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi her bir raýatyň, jemgyýetiň Watanymyzyň ykbaly we geljegi baradaky jogapkärçiligini artdyrmaga ýardam edýär.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzda döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlary kabul etmek, hereket edýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna, amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň Mejlisiniň esasy wezipesi bolup durýar. Çünki döwrebap kanunlar uly möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Şoňa görä, milli parlamentiň deputatlary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti barada ilat arasynda hemişe wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary we duşuşyklary giňden guraýarlar. Nobatdaky ählihalk forumynyň öňüsyrasynda hem şeýle çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýlelikde , nobatdaky Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň senenamasyna aýdyň sahypalary ýazmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde öz ösüş ýoly bilen häzirki zaman we kuwwatly döwlet hökmünde okgunly öňe gitmeginde, döwletliligiň milli nusgasyny döretmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren, adyl, adalatly, öňdengörüji, parasatly, ynsanperwer garaýyşlary bilen halkyň çäksiz sylag-hormatyna eýe bolan, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlary bilen ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýan, raýat jemgyýetini has-da kämilleşdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar
baradaky komitetiniň agzasy.