Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.03.2026

GENDER SYÝASATY: ÖZBOLUŞLYLYGY SAKLAP, DÖWREBAP MEÝILLERE

Häzirki zaman dünýäsinde halkara hukuk kadalaryna bil baglamazdan, hakyky gender deňligini gazanmak mümkin däl. Gender deň­ligi — bu durnukly ösüş, demokratiýa, parahatçylyk üçin binýatdyr. Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy, Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň aradan aýrylmagy hakynda Konwensiýa we onuň fakultatiw Teswirnamasy, Pekin jarnamasy we Hereketleriň platformasy, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalary hem-de beýleki resminamalar gender deň­ligini, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde esasy halkara hukuk namalarydyr. Olar ýurtlara hukuk ulgamyndaky kemsitmeleri aradan aýyrmaga, bilime, saglygy goraýşa, adyl kazyýetlilige deň elýeterliligi üpjün etmäge, raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny, zähmete deň hak tölemek hukugyny kepillendirmäge ýardam berip, «Ýol kartasy» we umumy ugurgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Biziň bu günki maslahatda parlamentleriň ornuna aýratyn ünsi çekmegimiz ýöne ýerden däl. Sebäbi hut parlament halkara borçnamalary millionlarça adamyň durmuşyny özgerdýän anyk milli kanunlara öwürýän institut hasaplanýar. Türkmenistan hem Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny ykrar edip we üstüne alan halkara borçnamalaryna eýerip, adam hukuklary, şol sanda zenanlardyr çagalaryň hukuklary bilen bagly esasy ählumumy namalara goşuldy. Şunda ýurdumyzyň Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň aradan aýrylmagy hakynda Konwensiýanyň, Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň maksatdyr wezipelerini yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtamak gerek. Halkara hukugyň kadalary milli kanunçylyga üstünlikli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda adam hukuklarydyr azatlyklarynyň, erkeklerdir zenanlaryň deň­hukuklylygynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilip, hukugyň dürli görnüşlerine degişli kanunçylyk namalarynda has-da anyklaşdyrylýar. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmenistan gelin-gyzlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky ornuny ýokarlandyrmak bilen, olaryň hakyky deň­hukuklylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Milli gender syýasatyny mundan beýläkde kämilleşdirmek işi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ählumumy Gün tertibine laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny gi­ňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, olara döwlet ýe­ňillikleri berilýär, mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin zerur şertler döredilýär, maşgalany, eneligi, çagalygy goramak hem-de goldamak, aýal-gyzlaryň kemsidilmegine garşy göreşmek babatda tagallalar edilýär. «Türkmenistanda gender deň­ligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli amala aşyryldy. Häzirki wagtda bolsa 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen täze meýilnama işlenip taýýarlanylyp, kabul edilmek tapgyrynda dur. Şu gezekki maslahat hem gender deň­ligi ulgamynda kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Jen­net ÖWE­KO­WA,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň deputay,

Mejlisiň Ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky

ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.