Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.