Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak maksadynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.