Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. 

Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy. 

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär.  Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy rowaçlygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. 

Döwletimiz halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna  we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, berk döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna ýardam berýär. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry bilen bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ-Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we  ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlaryň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi. 

2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär. 

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçýän şu gezekki iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. 

Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19.09.2023

Arkadagly Serdarymyz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen   düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň aýtmagyna görä, şeýle strategiýa adaty  töwekgelçilikler bilen bilelikde soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şeýle hem, biz strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny,   hususan-da:

– gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş  diplomatiýasyny;

– jedelleri we dawalary parahatçylykly,   syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin, bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň Baş     Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara    parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de  «2023-nji ýyl Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.

«Wagt häzirki pursatda bu kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy.

«Häzirki zaman dünýäsinde Birleşen Milletler Guramasynyň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu Guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklarynyň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr – diýip, Arkadagly Serdarymyz aýratyn üns çekdi. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin, Bütindünýä Guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys.

«Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan we dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerur bolup durýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.  

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen olaryň ählisi döwletara gatnaşyklarynyň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologiýa, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologiýa, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa, has giçki möhlete goýup bolmaz.

«Men Birleşen Milletler Guramasynyň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy.

19.09.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNA GATNAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň birinji maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerini ösdürmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda pikir alşyldy. 

Geçirilen maslahatlarda parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi netijesinde ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, sanly ulgam, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem bilelikde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etjekdigi beýan edildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýän iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji maslahatyny Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibi öňe sürdi hem-de bu teklip kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy. 

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ekologik meseläniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda ekologiýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekiliniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu meseläniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Türkmenistan «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ýöriteleşdirilen düzüm howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini peseltmek babatda hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolar.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, derwaýys ekologik meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de olary mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy hem-de ösüşini yzygiderli dowam edip, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletlerimiziň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtap, berk parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamak boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň uly ähmiýeti nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň 2023-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem şu günler parlamentara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan sapary bu ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykardy.

Gepleşikleriň ahyrynda iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine taraplaryň türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi («Işjeň synçy») berildi.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Sekretariatyň ähli işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG halkara gatnaşyklarynda hem-de ählumumy wehimler bilen şertlendirilen wezipeleri çözmekde esasy utgaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik ugur bolup durýar. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda amala aşyrylýan hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Bu netijeli hyzmatdaşlyk türkmen tarapynyň öňe sürýän sebit we umumy dünýä häsiýetli netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli ulgamlarda iri taslamalary we maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar.

19.09.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY D.GULMANOWANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGY KIM JIN PÝO BILEN IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY WE BIRINJI PARLAMENTARA GEŇEŞME MASLAHATY.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji maslahatyna gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçdi. Duşuşykda parlamentleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara pikir alşyldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň arasynda giňeldilen düzümde birinji parlamentara geňeşme maslahaty geçdi. Maslahatda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda döredilen dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, diplomatik wekilhanalarda guralýan medeni çärelere işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatynda pikir alşyldy. 

18.09.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY D.GULMANOWANYŇ MERKEZI AZIÝANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGYŇ ÇÄKLERINDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY BOLDY.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň 2023-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji maslahatyna gatnaşmagyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. Duşuşykda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda pikir alşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýän iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

 

18.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

18.09.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna sapary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýeti  2023­-nji ýylyň 17 – 20 - nji sentýabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine gulluk iş saparyna ugradylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen öňe sürýän taryhy başlangyçlary, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp alyp barýan il­-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. 

«Merkezi Aziýa - Koreýa» görnüşindäki, şeýle hem türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar hem, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 

18.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer. 

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 – 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

17.09.2023

Onuň Alyhezreti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona

Çuňňur hormatlanylýan Emomali Şaripowiç!

Ilki bilen, hoşniýetliligiňiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbede geçen bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz we oňa uly hormat görkezendigiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Bu çäreleriň dowamynda Siziň bilen çuň many-mazmuna, hoşniýetlilige, ynanyşmaga esaslanan duşuşygymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezligini ýene-de bir gezek görkezdi. Biz bu gymmatlyklary diňe aýawly saklaman, eýsem, häzirki döwre getirdik, döwletara gatnaşyklaryň binýadyna öwürdik. Duşenbede doganlyk halklaryň umumylygynyň tassyklanmagynyň, dostlugy we ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge itergi berlendiginiň, ählumumy ösüşiň häzirki çylşyrymly şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň agzybirliginiň, jebisliginiň, raýdaşlygynyň syýasy hem-de dünýägaraýyş esaslarynyň berkidilendiginiň çuň many-mazmuny bardyr. Siziň bu çärelerde myhmansöýerligiňizi, hormat goýmagyňyzy we açyklyk ýagdaýyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa köp derejede çäreleriň üstünlikli geçmegini, bellenen maksatlara ýetilmegini üpjün etdi.

Siziň Türkmenistana, onuň halkyna goýýan sylag-hormatyňyz, dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyňyz biziň ýurdumyzda Size uly hormat getirdi. Türkmenler we täjikler diňe goňşular bolman, eýsem, medeniýeti, dini, däp-dessury, geçmişde, häzirki döwürde hem-de geljekde taryhy ykbalynyň umumydygyna akyl ýetirmek arkaly özara baglanyşýan doganlardyr. Siziň maňa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurmagyňyz we bu sylagyň Duşenbede ýokary derejede geçirilen gowşurylyş dabarasy hem biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy ýene-de bir ýola subut etdi.

Hormatly Emomali Şaripowiç!

Men türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ugrunda edýän ähli işleriňiz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Täjigistana baştutanlyk edýän döwrüňizde biziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hyzmatdaşlygymyzda hil taýdan ýokary ösüş gazanyldy. Daşary syýasat ulgamynda, sebit we ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek işinde özara hyzmatdaşlyk berkedi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny Täjigistanyň goldaýandygyny görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Men muny Siziň adyňyz, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda edýän uly tagallaňyz, iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostluga, hyzmatdaşlyga ygrarlydygyňyz bilen doly esasda baglanyşdyrýaryn.

Sizi Duşenbede ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlamaga we Türkmenistanyň hemişe Täjigistan bilen ýakyn gatnaşykda boljakdygyna, dostlukly gatnaşyklarymyzyň esasynda goýlan belent maksatlara berk eýerjekdigine ynandyrmaga rugsat ediň!

Hormatly Emomali Şaripowiç!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Täjigistanyň Baştutany hökmünde köpugurly döwlet we syýasy işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

17.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi we bu işler batly depginlerde dowam etdirilýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň netijeliligi we köptaraply häsiýeti Arkadag şäheriniň sazlaşykly ösüşinde öz beýanyny tapýar.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy täze, häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg serişdeleriniň görnüşlerini synlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow alnyp barylýan gurluşyk işleri, metjidiň we onuň ýanynda bina ediljek muzeýiň içki we daşky bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Bu ýerde gurluşygyň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň aýratynlyklary, olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler hem-de muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň görnüşleri barada maglumat berildi. Munuň özi degişli binalaryň bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleriniň ulanylýandygyny görkezýär.

Şeýle hem ol binalaryň otaglarynda goýulýan bezeg gülleri, olaryň görnüşleri, güllere ideg etmegiň täzeçil usullary barada aýtdy. Soňra D.Orazow şäheriň çäginde ekilýän baglara ideg etmekde Täjigistan Respublikasyna guralan sapar mahalynda özleşdirilen tejribäni ulanmak, bag nahallarynyň köküni epgekli ýellerden goramagyň we onda çyglylygy saklamagyň täzeçil usullary barada giňişleýin maglumat berdi.

Hajy Arkadagymyz görkezilen bezeg serişdelerini synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň, hemişe bolşy ýaly, möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň hem-de muzeýiň bezeg işlerine milli ýörelgeler esasynda çemeleşilmelidir. Bu işler halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlaryna we ruhy ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň özi taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän üýtgewsiz talapdyr diýip, hajy Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäni netijeli dowam etdirmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bag nahallaryna ideg etmegiň täzeçil usullarynyň özleşdirilmeginiň daşary ýurtlara sapara gidýän wekiliýet agzalary üçin netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu işleri mundan beýläk-de milli ýörelgeler we ylmy esasda ösdürmelidigini belledi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde döwrebap binagärlik çözgüdiň aýdyň netijesi bolan täze şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň, durmuşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy, şunda okuwlaryny önümçilik bilen utgaşykly alyp barýan talyp ýaşlaryň eden işleri, olaryň daşary ýurtlarda saparda bolup, zerur tejribeleri toplandygy barada hasabat berildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ýaşlar baradaky syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde merkeziň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmelidigini, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkezde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zamanyň ekologik talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýtdy hem-de ekilen bag nahallaryna ideg etmegiň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäherde amatly howa gurşawynyň saklanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň taslamasy we onuň özboluşly aýratynlygy barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalary synlap, bu binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň binagärlik çözgüdini oňlap, gurluşyk işleriniň ýokary derejede amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Üç gatdan ybarat boljak binada bu ugra degişli halkara we sebitara derejedäki maslahatlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Binada daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň we ýerli hünärmenleriň netijeli işläp bilmekleri, çaý başynda gysga wagtlyk söhbetdeşlikleri gurap bilmekleri, oňaýly dynç almaklary bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Arkadag şäheriniň çäklerinde meýilleşdirilen we alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasy ýerine ýetirilende, häzirki zamanyň ösen tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanmagyň wajypdygyny, şunda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, gurluşyk işlerinde bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň we ekologik ýagdaýynyň nazara alynmalydygyny belledi. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy görkezildi. Munuň özi täze şäherde ösüp gelýän ýaş nesilleriň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, umuman, çagalaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalary, çagalar seýilgähinde ýerleşdiriljek şekilleriň we heýkeljikleriň görnüşlerini synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyny, çagalarda ýakymly duýgulary oýarmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, seýilgähiň çäginde ýerleşdiriljek güýmenje toplumlarynyň sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy, hereket edýän elektron oýnawaçlaryň bolmagy çagalarda ýakymly täsirleri galdyrar we toplumyň özüne çekijiligini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alynmagy, çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryna möhüm orun berilmegi esasy talap bolmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz çagalar seýilgähiniň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň çagalaryň türkmen halkynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hususan-da, merkezi girelge çagalar üçin söýgüli gahrymana öwrülen Böwenjigiň şekilinde bolsa, onuň ýylgyryp duran keşbi ýaş nesillerde şatlyk duýgusyny döreder.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, gurulýan durmuş maksatly desgalaryň baş maksadynyň halkymyz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin amatly dynç alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna kybap gelmelidigini aýtdy. Munuň özi bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň adam hakdaky aladany esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

17.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Premýer-ministr Narendra Modä minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

17.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunda BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribä, mümkinçiliklere esaslanýan bu köpugurly gatnaşyklar häzirki döwürde täze hil we mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösüşe we netijeli häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Bu merkez türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça açyldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Watanymyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. BMG-niň öňdebaryjy ugurdaş edaralarynyň düzümine Türkmenistanyň yzygiderli saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna birnäçe gezek wise-başlyklyk edendigini bellemek ýakymlydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek we işjeň häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary Watanymyzyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu babatda birnäçe Kararnamalary kabul etmegi öňe sürülýän başlangyçlaryň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini hem-de möhümdigini tassyklaýar.

...Nýu-Ýork şäherine çenli uçuşy amala aşyran hormatly Prezidentimiziň uçary Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda esaslandyrylan Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat, görkezme beriji we wekilçilikli edarasy bolup durýar. Ol halkara meseleleriň ähli ugurlaryny köptaraplaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak üçin köpugurly forumdyr. Däbe görä, her sessiýanyň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki mejlisler, maslahatlar geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürer. Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» (С5+1) görnüşindäki sammite gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Şeýlelikde, BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döredijilikli döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli çözgütleriň taýýarlanylmagyna saldamly goşant goşýar.

17.09.2023