Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Asylly däbe görä, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň biri — Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hemmeler üçin garaşylýan Täze ýyl baýramynyň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi. Bu baýramçylygy ähli ildeşlerimiz şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.

Ine, şu gün hem bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylypdyr. Meýdançanyň merkezinde “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen, dürli öwüşginli bezegleri, oýunjaklary we yşyklary bilen ýalkym saçýan belent başly arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde öwşün atýan dürli bezeg serişdelerinden hakyky ertekiler dünýäsi emele getirilipdir. Bu ýerdäki arçalardan tokaýjyk, erteki gahrymanlarynyň keşpleri bilen Täze ýyl täsinligini ýada salýar. Sowgatlara garaşmak ýaly ajaýyp duýgulary hem-de täsin başdan geçirmeleri özünde jemleýän Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr.

Körpeler baýramçylyk mynasybetli bu ýerde döredilen ertekiler dünýäsine haýran galyp, täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar. Onuň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna Täze ýyl baýramyna mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär.

Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän nesillerdir.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki döwlet Baştutanymyz bilen dabara gatnaşmak ýaş türkmenistanlylar üçin uly hormatdyr. Hormatly Prezidentimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny gutlamak, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek üçin bu ýere gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň öňünde saklanýar. Milli lybasly çagalar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli mübärekleýärler.

Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi, kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu işde çagalara aýratyn alada bilen çemeleşilýär. Çünki olar Watanymyzyň geljegidir.

Körpeleriň tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgulary geljege ynamly garamaga, arzuwlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy. Joşgunly sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Şeýle hem çagalar barada edýän atalyk aladalary, olaryň kämil we köpugurly bilim almagy, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olaryň öňünde ýakyn geljekde Watanymyzy täze belent sepgitlere çykarmak wezipesi durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar horeografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Çagalaryň ak gara çalymdaş lybaslary Baş arçanyň töweregindäki meýdançany gar ýagan ýaly keşpde görkezýär. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň we jemgyýetimiziň olara berýän uly ünsüniň güwäsidir. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi netijesinde ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, medallara we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

...Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary bolan towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk çäresi Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dabaraly açylyşy boldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir.

Ýokary bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biridir. Bu gün halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwaty gün-günden artýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni, sport durmuşyndaky ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsidir. Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler şu gezekki sergide öz beýanyny tapdy.

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar üçin durmuş ýeňillikleriniň görnüşleri giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda amala aşyrylýan işiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary ugur edinýän durmuş maksatly syýasatyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi munuň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň goldawy bilen gaznanyň müdiriýeti köp sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy.

Häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn halkara dialogy ösdürmekde giň gözýetimli, durmuşa döwrebap garaýan ýaşlara uly orun berilýär. Olaryň öňünde geljekde bu meseleleriň täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän çözgütlerini tapmak ýaly jogapkärli wezipe durýar.

Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, ählumumy ösüşiň maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esasy ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň dialogyny giňeltmäge gönükdirilen halkara ýaşlar diplomatiýasy şol hyzmatdaşlygyň bir ugrudyr. Giň mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesil hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek bilen, bu ulgamda alnyp barylýan işe saldamly goşant goşýar.

Sergide şähergurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan bölüm hem ýerleşdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli konsepsiýanyň netijesinde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky tanalmaz derejede özgerdi. “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat we özünde iň täzeçil sanly tehnologiýalary jemleýän Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilýän sergä baryp görmegi ýaş türkmenistanlylaryň aň-paýhas, döredijilik we ruhy kuwwatyny durmuşa geçirmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek, olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaga höweslendirmek boýunça meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Arkadagly Serdarymyz köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary, Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanypdyrlar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler.

Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.

Ýurdumyzyň ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary hem ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar milli mirasymyzdan ylham alyp, dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary, ähli gyzykly täzeçillikler üçin hem açykdyrlar.

Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw edip, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ak mermerli paýtagtymyzyň şaýollary, meýdançalary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri hem täze ýyly garşylaýan günlerimizde aýratyn toý lybasyna beslendi. Ýagtylandyryşyň dürli usullary bilen emele getirilen özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler Aşgabady aýratyn gözel keşbe getirdi. Baş şäherimiziň köçelerinde dürli reňklerde ýalkym saçýan yşyklar ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýgyny bagyşlaýar.

Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilmek üçin giň gerimde dowam edýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan täze — 2024-nji ýyla gadam basmak bilen, halkymyzyň agzybirligini, ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

28.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyna şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, guralýan her bir duşuşygyň ýa-da gepleşikleriň, ilkinji nobatda, türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi. Umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda giň ugurlar boýunça uzak möhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Nygtalyşy ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda ýokary, döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, şol bir wagtyň özünde, dostlukly syýasy dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi beriji güýçdür. Iki ýurduň Liderleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, häzirki günde döwrüň iki dostlukly goňşy döwletden Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin has jebisligi, tagallalaryň birleşdirilmegini, hereketleriň utgaşdyrylmagyny talap edýändigini nygtady.

Söhbetdeşler iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary olaryň halklaryna mahsus ruhda mynasyp derejede we yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýdyp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Geçmişde biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçip, asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde ýerleşmek bilen, şu günki günde taryhy geçelgäniň dikeldilmegi, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

28.12.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

 

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen maslahat we giňden ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzda ýaşlar ýylynda bolup geçen ajaýyp wakalar, gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilen işler bilen giňden tanyşmaga, daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen dürli ugurlarda, şol sanda kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Halkara ylmy-amaly maslahatda, maslahatyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda we Mejlisinde wekilçiligi - türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamaty» atly bölümçesinde edilen çykyşlarda dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar syýasatynyň ýurduň ösüşi bilen birlikde, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän strategik ugra öwrülýändigi bellenildi.

Maslahatyň hem-de bölümçäniň işine Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň agzalary, daşary ýurtlaryň ýaş parlamentarileri, ýaşlar gatnaşdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän berk binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan ýaşlar syýasaty bilen bagly meseleleri çözmekde dünýä nusga alarlyk işleri alyp barýar. 

Maslahatda Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, bu babatda toplanan tejribäni paýlaşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ähmiýeti, kitabyň gymmatly gollanma hökmünde dürli ýaşdaky adamalara ýol-ýörelge boljakdygy barada aýdyldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň hukuklary kanunlar bilen kepillendirilýär hem-de goralýar, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, dünýägaraýşynyň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. 

Şu ýyl ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň netijesine görä, milli parlamentiň düzüminiň aglaba bölegi ýaşlardyr. Munuň özi türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Ýaş parlamentariler toparynyň türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň baky berkararlygyny üpjün edýän, türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

27.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Paýtagtymyzyň howa menzilinde Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Doly ygtyýarly wekiliň nygtaýşy ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Diplomat netijeli gatnaşyklary ähli esasy ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň nobatdaky resmi däl duşuşygyna gatnaşmagynyň köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, GDA-nyň giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, abraýly iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan guramanyň giňişligindäki özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem-de öňe sürýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki “Sarskoýe selo” döwlet muzeý-goraghanasynyň, “Petergof” döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasy toplumyna tarap ugrady.

Merkezi girelgäniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän “Kongresler köşgi” döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi. Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, GDA agza ýurtlaryň ählisiniň sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň binýadyna goýlan esasy ýörelgelere ygrarly bolmagy Arkalaşygyň giňişligindäki üstünlikli işiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, geçen ýyllaryň dowamynda GDA döwletleri hyzmatdaşlyk ýoluna üýtgewsiz eýerýärler, taraplaryň hoşmeýilli erki, deňhukuklylyk, ynanyşmak bolsa onuň ygtybarly binýady bolup durýar. Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk sebit boýunça goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesinden, milli ykdysadyýetleriň ýeten sepgitlerinden ugur alyp hem-de ähli taraplaryň bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara almak bilen, däp bolan netijeli dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa has toplumlaýyn we işjeň häsiýet bermäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşlerini işläp taýýarlamak bu teklipleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze netijeli başlangyçlar bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara itergi bermäge, diňe bir Arkalaşygyň giňişliginde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de howpsuzlygy, durnuklylygy, okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bişkekdäki sammitde öňe süren ileri tutulýan garaýyşlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýändigini bellemek möhümdir. Munuň özi, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek bilen bagly başlangyçlardyr.

2023-nji ýylyň güýzünde ýokary derejede geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal we ekstremistik elementleriň aralaşmagy ýaly häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, kiberhowpsuzlyk we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ykdysadyýet Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Aşgabatdaky GDA-nyň sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama soňra kabul edilen hem-de söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki pudaklarda ýakyndan hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Bu ugurlar Arkalaşygyň döwletleriniň daşarky bazarlarda mynasyp bäsdeşlik edip biljek, hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ugurlarydyr.

Türkmen tarapy GDA-nyň ykdysady bähbitlerini onuň geografik çäklerinden daşarda ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara goňşy ýurtlary we sebitleri çekmegiň möhümdigini bellemek bilen, giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Çäk taýdan goňşy we ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklar bilen baglanyşýan GDA döwletleri häzirki döwürde uly artykmaçlyklara eýedir. Bu artykmaçlyklaryň doly derejede peýdalanylmagy bolsa ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk GDA-nyň formatynda, ozalkysy ýaly, möhümdigine galýar. Halklarymyzyň medeni özara baglanyşygy we ruhy taýdan ýakynlygy, köpasyrlyk umumy taryhymyz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçirilen GDA agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde esasy mesele bolandygyny bellemek gerek. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, ylym, bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Parlament ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we işjeňleşdirmek, şu maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini işjeň ulanmak GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Bu babatda Türkmenistanyň häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň barha artýan ornuny nazara almak bilen, GDA döwletleriniň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny birleşdirýän hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşini örän möhüm hasaplaýandygyny bellemek wajypdyr.

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara abraýynyň belende galmagy, onuň häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsiriniň artmagy ugrunda çykyş edýär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda GDA ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylyk we dialog medeniýetiniň berkarar edilmegi, dünýäde durnuklylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda çykyş edýärler hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Bu babatda olaryň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalaryndaky işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyga, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärlere ses berlende özara goldaw bermegiň ýola goýlan tejribesi bellenilmäge mynasypdyr.

Ýakynda — 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Arkalaşyk boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.

Gatnaşyjy döwletleriň halkara giňişlikde birek-birege berýän goldawy ägirt uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde ylalaşykly garaýyşlar bilen çykyş edýändikleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Şunda agza ýurtlaryň ählisi dünýä syýasatyna, hukuga hormat goýmagy, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Hut şeýle çemeleşme Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çeýeligi saklap galmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda GDA-nyň çäklerinde ýakynlaşmak proseslerini ösdürmäge gönükdirilen mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär, umuman, halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde bu birleşmäniň hereket etmegini şertlendirýär.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygy bellenildi. Ýakyn we uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde döwlet Baştutanlary şu ýyl dürli forumlarda, çärelerde we duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine GDA-nyň giňişliginde döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.

Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

...Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň resmi däl sammite gatnaşmagynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna ygrarlylygyň, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nyşanydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan dostlukly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirildi.

26.12.2023

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.

Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Ýaşlar biziň aýdyň geljegimizdir. Ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Uly üstünliklere beslenen bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşandyklaryny aýratyn belläsim gelýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar.

Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn.

Täze ýylyň bosagasynda türkmen ýaşlaryna bagyşlan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzyň ilkinji sanyny maňa ibermegiňiz mende buýsançly duýgulary has-da artdyrdy.

Pursatdan peýdalanyp, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyňyzyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Galamyňyzyň ýiti, döredijilik älemindäki gadamlaryňyzyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýärin. Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňiz mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

26.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türk işewürleriniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistany we Türkiýäni dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde berk esas bolup durýar. Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalary işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Türkiýeli işewürler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanýandyklaryny belläp, degişli ulgamlarda, hususan-da, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Dostlukly ýurduň işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu syýasy ugur Türkmenistanyň halkara abraýyny has hem artdyrýar. Munuň gözbaşynda bolsa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edýän halkara başlangyçlary durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Işewürler, öz gezeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmeginde möhüm şerti emele getirýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we türkiýeli işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

26.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini we umumy maksatlary nazara almak bilen ýola goýýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda ähli taraplar üçin ähmiýetli bolan iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly ýurdumyz GDA giňişligindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň Sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

26.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä sowgat boljakdygyny nygtady.

Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hasabat bermek üçin Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, bejermek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen doly üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligi gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündiz nobatçylygy guramak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, hususan-da, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny sazlaşykly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek, baýramçylyk günlerinde edaralarda hem-de kärhanalarda nobatçylygy guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de ak ekine edilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatyň bazarlaryny, dükanlaryny dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, edara-kärhanalarda baýram günlerinde nobatçylygy guramak boýunça degişli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, baýram günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny halkyň sarp edýän azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek, welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda nobatçylygy guramak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmegini häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Welaýatda Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýaşaýjylaryň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak, edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda işleýän alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda welaýatlara iş saparlary guralýar. Bu saparlaryň dowamynda etraplarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, bugdaý ösdürip ýetişdirmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişi, tehnikalaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň geçirilişine ýerinde gözegçilik edilýär hem-de bu ugurda daýhanlara degişli maslahatlar berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çagyryldy. Ol, ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheri häzirki günde müňlerçe adama bagt paýlaýar. Munuň üçin şäheriň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy hem-de häzirki wagtda gurluşyk işleri guramaçylykly dowam edýär.

D.Orazow çykyşynyň dowamynda “Arkadag” futbol toparynyň ýakynda Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habary aýtdy we bu futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy döwlet Baştutanymyzdan “Arkadag” futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.12.2023

Belent maksatlar üstünliklere beslenýär

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp, “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary — çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, degişli halkara düzümleriň Türkmenistandaky wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň wekilleridir beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat başlanmazyndan ozal, myhmanlar bu merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde olar milli mukamyň owazy astynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň sergisi, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik eseri bilen tanyşdylar. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlary — türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden ýörite usul arkaly taýýarlanylan melhem çaýlar görkezildi.

Soňra geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň hem-de onda garalan meseleleriň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gaznanyň müdiriýeti tarapyndan asylly, sahawatly işler amala aşyryldy. Şeýlelikde, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 260-syna degişli operasiýalar geçirildi. Bu bolsa köp sanly näsag çaganyň saglygynyň dikeldilmegini üpjün etdi. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça bejergiler amala aşyryldy we saglygy goraýyş, öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, mätäçlik çekýänler üçin lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar geçen ýylda näsag çagalara degişli operasiýalaryň geçirilendigini hem-de häzirki wagtda olaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şol çagalaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýändikleri nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Bu bolsa türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar hem-de giň gerimli halkara çäreler geçirilýär. Bu bolsa dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýär. Mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler ösüp gelýän ýaş nesliň hemişe döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygyny görkezýär.

Dabaraly maslahatda döwletimiziň yzygiderli tagallasy esasynda ýaşlaryň tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ajaýyp üstünlikleri, halkara derejedäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň artýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda işläp taýýarlan maksatnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamda amala aşyrylýan işler BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär hem-de bu iri düzümiň goldawyna mynasyp bolýar.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy” diýen jümleleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekdiler. Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa parasatly ata-babalarymyz tarapyndan taryhyň dowamynda kemala getirilen ýörelgeleriň nusgalyk derejede dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsidir.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde beýik işleriň amal bolýandygy, olaryň häzirki döwrüň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýandygy bellenilýär.

25.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline gadam basarys.
2023-nji ýyl ýurdumyzda«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyňmysalydyr. Bu ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Biz diňe bir ýylymyzy däl, tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys.
Ýaşulularyň göreldesi – ýaşlaryň ýörelgesi.
Nesilleriň dowamaty – döwürleriň baglanyşygy.
Biziň başlan asylly işlerimizi ýaşlarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigi örän guwandyrýar.
Bu ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi.
Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy.
Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn sahypasydyr.
Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir!
Bu şäher bagtyýarlygyň hem abadançylygyň şäheridir!
Bu şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň şäheridir!
Gurmak – gurplulykdan nyşan. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýär.
Hormatly adamlar!
Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris.
Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri, ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen belläsim gelýär.
Bu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berdi. Ajaýyp mekanda täze binalar, desgalar gurlup, ýaşaýyş gülläp ösýär.
Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk edaralary göwnüňi galkyndyrýar.
Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Mähriban halkym!
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berler. Ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän önümçilikler ýola goýlar. Bu önümleri dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradarys. Şeýle hem, müňlerçe adamy iş bilen üpjün ederis.
Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi.
Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy bilen bagly başga-da köp işler ýerine ýetirildi.
Eziz watandaşlar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde hem Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn!
Biz ýaş nesle hemişe uly ynam bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam ederis.
Pederlerimiz: «Agzybir il –abadan» diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda hem mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Döwlet diňe halky bilen döwletdir! «Watan diňe halky bilen Watandyr!».
Mähriban halkym!
Hormatly adamlar!
Men hem pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze, luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Balyk – halyk» diýlişi ýaly, Täze ýylda-da size berk jan saglygyny, her bir maşgala ojagyna abadançylygy, egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin!
Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin!
Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!

25.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Arkadag şäheriniň häkimi, degişli edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Gahryman Arkadagymyza çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çeken suratlary görkezildi. Olarda gözel tebigatymyzyň we sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň mähriban Watanymyza, onuň özboluşly tebigatyna söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Munuň özi çagalarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz bu meselelere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmek bilen, ýaş nesilleriň çeper döredijilige bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmegiň usullaryny işläp düzmegi tabşyrdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow, gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, iş dolandyryjysy K.Babaýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, hukukçysy M.Hojamberdiýewa gatnaşdylar. Şeýle-de nobatdaky mejlise Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, olaryň Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny belledi hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilmegi esasynda gazanylan ýeňişleriň bu ýylyň mynasyp ady bilen utgaşandygyny aýtdy. Umuman, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara beslendi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi, Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen Kararnamalar kabul edildi, guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Hut şu ýylyň özünde geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň öz işine başlamagynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berendigini belledi.

Şu günki mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler we beýleki birnäçe meseleler girizildi. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu günki mejlisiň geçirilýän ýeriniň — gaznanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýratyn nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň döwletimiziň beýik geljegidigini, şu günki daýanjydygyny belledi. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berildi.

Adam üçin iň möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk — bu ruhubelentlik, dünýäde iň uly baýlyk, tükeniksiz hazynadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezleri bina edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde aýratyn möhüm orna eýedigini belledi.

Ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmek, aýratyn hemaýata, goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Bu ugurda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen bir hatarda, durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy. Bu sylag milli däplerimiz esasynda alnyp barylýan sahawatly işler üçin berilýän mynasyp bahadyr.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berildi. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýandygyny belläp, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem mejlise gatnaşyjylary Täze ýyl baýramy bilen gutlady, 2024-nji ýylda-da Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşynyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, bu ýylyň ýurdumyz üçin döwletli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi.

Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalandygyny nygtap, gaznanyň wise-prezidenti halkyň saglygynyň diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydygyny belledi. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Hasabat döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gaznanyň sahawatly işleriň ençemesini amala aşyrandygy, döwletimiziň, şeýle hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygynyň dikeldilendigi bellenildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Şeýle hem näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeler sarp edildi. «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy Mary welaýat çagalar hassahanasyna berildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary gowşuryldy. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlar we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapýar we onuň alyp barýan haýyr-sahawat işi barada gyzyklanmalary artdyrýar. 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmegi ýurdumyzyň, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýar diýip, gaznanyň wise-prezidenti belledi. Gaznanyň işinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda il sylagly ýaşulularyň bitirýän işleri has uludyr. Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglary çözmek maksady bilen, Milli Liderimiziň tagallasy we başlangyjy netijesinde gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Geňeşiň agzalary bu çagalaryň mähriban halkymyza, Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly we döwletli çagalar bolup ýetişmekleri bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berýärler. Bu bolsa howandarlyga mätäç çagalaryň ruhuny göterýär. Ýurdumyzda hossarsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň arkasynda döwlet durandyr, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz durandyr, halkyna hemişe hossar bolan türkmen halkynyň Milli Lideri durandyr.

Hormatly Arkadagymyzyň welaýat hassahanalarynda çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşmagynyň, olara ruhy goldaw bermeginiň belent ynsanperwerligiň, ýurdumyzda adamlar baradaky aladanyň nyşanydygyny nygtap, R.Bazarow munuň üçin halkymyzyň alkyşlarynyň egsilmezdigini aýratyn belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gaznanyň hasabyna operasiýa edilen, sagalyp, bagtyýar durmuşa gadam basan çagalaryň ene-atalaryndan köp sanly hoşallyk sözleri yzygiderli gelip gowuşýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir” diýen sözlerinden ugur alyp, Watana wepaly ýaş nesilleri terbiýelemek babatda öňde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.A.Çernowa söz berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldawy we atalyk aladasy netijesinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasynyň howandarlygyndan galan we maýyplygy bolan çagalary goldamak boýunça üstünlikli işleri alyp barýan düzümleriň birine öwrüldi.

Gaznanyň serişdeleri haýyr-sahawat goldawlarynyň hasabyna emele gelýär. Onuň maliýe serişdeleriniň hasabyna çagalara çylşyrymly operasiýalar amala aşyrylýar we doga ýürek ýetmezçiligi bolan, daýanç-hereket ediş ulgamy boýunça näsag çagalara operasiýalary geçirmekde zerur sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, protez önümleri, eşitdiriş enjamlary, maýyp çagalar üçin arabalar satyn alynýar. Şol bir wagtyň özünde, çagalar öýlerinde we ýurdumyzyň sagaldyş okuw-dikeldiş edaralarynda bolýan çagalar üçin her ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli sowgatlar satyn alynýar. Şeýle hem çagalar öýleri üçin interaktiw tagtalar, noutbuklar satyn alyndy.

Gahryman Arkadagymyz çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly çagalary hem ünsden düşürmeýär. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýäniň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň, Ukrainanyň we Palestinanyň heläkçilik çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa söz berdi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini bermek arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ynsan saglygyny, hususan-da, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş çärelerini geçirmekde möhüm orun eýeleýändigini, onuň hossarlyga we howandarlyga mätäç çagalarda, akyl we beden taýdan ösüşine goldaw zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, çagalarda şahsy başarnyklaryny ösdürmek we olara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendigini belläp, M.Öküzowa merkeziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi üçin ýüz tutan 274 çagadan 212 çaga toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Häzirki wagtda bu ýerde 34 çaga bejergi alýar. Çagalaryň aglaba köpüsinde esasy keseliniň gaýraüzülmeleri bolan sözleýiş we hereket ösüşinden yzagalaklyklar bolup, geçirilen bejergiler ýokary netijeleri berdi. Merkezde bejergi alan çagalaryň arasynda sözleýiş taýdan yza galýan jemi 85 çaga bolup, olaryň 45-sinde sözleýiş we ses taýdan ösüşi görmek bolýar. Serebral ysmaz keselli jemi 113 çaganyň 65-siniň bejeriş-sagaldyş bedenterbiýe bejergisini almagy bilen, olaryň elleriniň hereket we aýaklarynyň ýöremek endikleri dikeldildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagyna kabul edilen 58 çaganyň 18-si dürli kesel kesgitlemeleri bolan, 40-sy bolsa sagdyn çagalardyr. Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Bu ýerde ornaşdyrylan, Şweýsariýada öndürilen “Lokomat Pro 6 PE” enjamy ýörite sagaldyş-dikeldiş maksatly toplum bolup, ol ysmaz keselli çagalarda we beýleki daýanç-hereket ediş ulgamynyň nogsanlyklarynda ýöremek endigini öwretmäge hem-de gaýtadan dikeltmäge niýetlenendir.

Gadymyýetiň alymy, lukmany we tebibi, lukmançylyk ylmynyň esaslaryny goýujy Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ylmy eseri birnäçe ýyl mundan ozal lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda terjime edildi. Köp jiltli bu eser özünde keselleriň döreýşi we olary bejermek barada giňişleýin maglumatlary saklaýar. Ibn Sinanyň çaga kesellerini bejermekde kesgitlän ugurlarynyň esasylarynyň biri bolan melhem suwlar bilen bejermek usuly merkeziň degişli otagynda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemli hammamlar arkaly amal edilýär. Bejergi çagalara rahatlandyryjy, dartgynlylygy gowşadyjy emler hökmünde bellenilýär. Merkeziň çagalar sagaldyş-dikeldiş bölüminiň girelgesinde ýerleşýän, ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynda taýýarlanylyp, halkymyza hödürlenilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan çaýlary bu ýere gelýänlere hödürleýän fitobaryň hem ähmiýeti barada aýdyp, M.Öküzowa bu usuly halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda netijeli ornaşdyrmak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Çykyşynyň ahyrynda ol çagalaryň saglygyny goramak ýaly asylly işleriň netijeli ýola goýulmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň nurana geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, bularyň ählisiniň körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna-da laýyk gelýär hem-de «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek» atly 3-nji maksada ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Mätäje goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniňdir aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz jana-jan milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen ýerine ýetirilýän döwletli işlerde geljek nesillere hemişe aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky meselesiniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işleri geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin olary gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemäge ygtyýar bermek meselelerine garaldy.

Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemek boýunça ýüztutma esasynda degişli çözgüdiň işlenip taýýarlanandygy, oňa laýyklykda, emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etdirmek boýunça zerur sarp ediş serişdelerini, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almagyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi we ony Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen çözgüdi makullap, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazowa hojalyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak we ony ýokary derejede amala aşyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň işiniň kanunçylyk hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, gaznanyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe we hukukçysy M.Hojamberdiýewa bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly utgaşykly ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz gaznanyň media habarlar wekilleri bolan B.Şyhlyýewe hem-de A.Jepbarowa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini halk köpçüligine ýetirmek, ony halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn wagyz etmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bolsa gaznanyň işi bilen baglanyşykly meseleleri sazlaşykly alyp barmak, bu ugurda bilelikdäki tagallalary ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Gahryman Arkadagymyz taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny belläp, sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny diňlejekdigimizi we döwrüň täze menziline gadam basjakdygymyzy aýtdy.

2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyň mysalydyr. Bu ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň durmuşy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Şeýlelikde, diňe bir ýylymyzy däl, tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy. Başy başlanan asylly işleriň ýaşlarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Bu ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn sahypasydyr. “Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir! Bu şäher bagtyýarlygyň hem abadançylygyň şäheridir! Bu şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň şäheridir!” diýip bellemek bilen, Milli Liderimiz gurmagyň gurplulykdan nyşandygyny, häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy.

Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris. Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri, ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen belläsim gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berendigini belläp, Milli Liderimiz ajaýyp mekanda täze binalaryň, desgalaryň gurlup, ýaşaýşyň gülläp ösýändigini aýratyn nygtady. Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk edaralary göwnüňi galkyndyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet beriljekdigini, şunda ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleriň ýola goýuljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz şol önümleriň dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradyljakdygyny, şol bir wagtyň özünde, müňlerçe iş orunlarynyň dörediljekdigini aýtdy.

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy bilen bagly başga-da köp işleriň ýerine ýetirilendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde-de Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýandygyny nygtady. Biz ýaş nesle hemişe uly ynam bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam etdireris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Pederlerimiz «Agzybir il — abadan» diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda-da mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdadyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen täze luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady. «Balyk — halyk» diýen paýhasly jümleden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere täze ýylda hem berk jan saglyk, her bir maşgala ojagyna abadançylyk, egsilmez bagtyýarlyk arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!” diýen sözler bilen jemledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň eýwanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşýan çagalaryň ýanyna bardy. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalaryň şowhunly çykyşlary, belent ruha beslenen aýdym-sazlary ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan çagalar Gahryman Arkadagymyzy uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar joşgunly çykyşlary, ajaýyp goşgy setirleri bilen mähriban Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan asylly işleriň waspyny ýetirdiler.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, sazlaşykly ösüşi we olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar üçin dynç alyş toplumlary, saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň halkara talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylyşy, merkezlerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýluşy Diýarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesine doly laýyk gelýär.

Çagalaryň Aýazbaba hem-de Garpamyk bilen bilelikdäki çykyşlary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen bir hatarda, olaryň saglyklarynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly derejede açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ösüşinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagynda, täzeçil ýörelgeleriň işjeň ornaşdyrylmagynda ýaş nesle möhüm orun degişlidir. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has aýdyňlyk bilen ýüze çykýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bagtyýar çagalaryň şowhunyna goşulyp, olary söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady hem-de mundan beýläk-de sagdynlyk, ruhubelentlik arzuw etdi.

Ýaş türkmenistanlylar özleriniň bagtyýar ýaşaýşy we dynç alşy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bagtyýar çagalary Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyk sowgatlaryny uly buýsanç bilen kabul eden çagalar Milli Liderimize özleri bilen ýadygärlik surata düşmek baradaky haýyşlary bilen ýüzlendiler.

Surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň daşyna çykdy we bu ýerde gaznanyň müdiriýetiniň agzalaryny Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

23.12.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy deputatlaryň Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ekoulgamlary gorap saklamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça guran çärelerine gatnaşandyklaryny belledi.

Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek strategiýasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan zähmet haklarynyň doly tölenendigi barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary hem doly tölenildi.

Soňra wise-premýer Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň bank ulgamy bilen bagly işleri yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara tejribeden ugur alyp, bu babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebithimiýa senagatyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek maksady bilen, döwlet konserniniň düzümlerinde zerur işler, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda önümçilik kärhanalarynyň, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly taslama kuwwatynda işledilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýygnalan pagta hasylyny talabalaýyk saklamak, ýokary hilli gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we olaryň ýyly, dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, hususan-da, “Guwlyduz” kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda netijeli we sazlaşykly işiň guralmagynyň berk talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň «Guwlyduz» kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça teklipleri goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edip, olara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyryldy. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň ýokary depginde ösýän dokma pudagynda täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döwrüň talabydygyny belledi. Şoňa görä-de, bu ulgamda halkara tejribeden ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri, aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň dowamynda täze ýylyň ilkinji gününde göz öňünde tutulan dabaralar barada aýratyn durlup geçildi. Hususan-da, Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler.

Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreler Garaşsyz ýurdumyzyň täze sepgitlere tarap batly gadamlaryny giňden açyp görkezmelidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny hem-de 2024-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Täze ýyl baýramçylyk dabaralary çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.

Ýetip gelýän 2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar berler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegi hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu wakanyň Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ulag we energetika babatda öňe süren strategik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydygy nygtaldy. Şol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, daşary işler ministri Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, ýurdumyzyň rowaçlygy, türkmenistanlylaryň abadançylygy, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini bellemek gerek. Bu däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. Bu başlangyjy amala aşyrmak, şeýle-de agzalan Strategiýanyň esasy ugurlaryny we many-mazmun taýdan görnüşini kesgitlemek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde degişli iş toparyny döretmegi öwrenmek meselesine garamak teklip edilýär. Onuň düzümine Bitaraplygyň dostlary toparyna girýän döwletleriň wekilleri girip bilerler.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatdaky BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen degişli Milli iş toparlarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin şeýle maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde degişli işe başlamak teklip edilýär.

Şeýle-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça pudagara toparynyň çäginde howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hünärmenler toparyny döretmek we bu topara Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmegi tabşyrmak teklip edilýär. Türkmenistanda geçirilen Ýaşlar maslahatynyň netijeleri boýunça we türkmen ýaşlarynyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen 18-nji Bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy esasynda 2024-nji ýyl üçin howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem teklip edilýär.

Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri adamlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak meselesini öwrenmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BMG bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns bermegiň hem-de öňe sürülýän başlangyçlar boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge, bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek işinde onuň howpsuzlyk meselesine uly ornuň degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly köp çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, akyldar şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlüp, ozal hem birnäçe gezek ykrar edilen bu halkara resminamalara dünýä ýurtlarynyň köp sanlysynyň awtordaş bolup çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary giňden goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy gelip gowşan hoş habarlar — ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösüşe beslendi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň yzygiderli duşuşyklarydyr saparlary strategik döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi aýdyldy, Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak, olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur şertleri döretmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.

Öz gezeginde, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy özüniň döwlet durmuşynda jogapkärli döwri başdan geçirýär. Geljek ýylyň martynda geçiriljek RF-niň Prezidentiniň saýlawlary döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolar. Russiýanyň köpmilletli halkynyň dogry taryhy çözgüdi kabul etjekdigine, şunlukda, rus halkynyň köp nesilleriniň uzak möhletleýin geljek üçin ykbalyny kesgitlejekdigine ynam bildirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Şunda hökümetara türkmen-rus toparyna wajyp orun degişlidir. Şol toparyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriler. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň özüni halkara gatnaşyklaryň jogapkärli, hormata mynasyp gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi. Şunda RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

20.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Pursatdan peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ägirt uly şahsy goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly goňşy ýurda amala aşyran saparlary gönüden-göni ýardam edýär. Şol saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin iki tarap hem uly tagalla edýär. Biz bu gün birnäçe ugurlarda anyk netijeleriň gazanylýandygyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi. 17-18-nji noýabrda Aşgabatda bu toparyň 17-nji mejlisi geçirildi. Şeýle hem onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi, Türkmen-eýran işewürlik maslahaty guraldy.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç ugurda işjeň alnyp barylýar. Tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden “swap” görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar. Elektroenergetika pudagy-da türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtap, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, wekiliýetleriň özara saparlarynyň yzygiderli guralmagy, döredijilik duşuşyklary we maslahatlar iki dostlukly goňşy halkyň taryhy-medeni, ylmy-edebi mirasyny wagyz etmäge ýardam berýär. Şunda 2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan görnükli türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna guraljak bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

19.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýazky oba hojalyk işlerinde peýdalanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek hem-de onuň bellenilýän günlerinde welaýatyň bazarlaryny, dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, edara-kärhanalarda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek ugrunda zerur işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi, gowaça meýdanlarynyň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýar edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Ekiş işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak üçin görülýän taýýarlyk, hususan-da, welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny dürli görnüşli azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegi, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek, welaýatdaky ähli edaralarda we kärhanalarda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürümiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, edara-kärhanalarda, guramalarda aýlyk zähmet haklaryny tölemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürümiň ýokary hilli we talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işi dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak üçin degişli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, welaýatyň çäginde eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny öz wagtynda tölemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürümiň bellenen möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Geljek ýyl gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýram günlerinde bazarlarydyr dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly desgalardaky ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, edara-kärhanalarda işleýän işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, meýdanlaryň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmegini, gant şugundyryny ýygnamak işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly onuň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak hem-de olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.12.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda soňky ýyllarda Kataryň döwlet gurluşyny berkitmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazanandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.

18.12.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Şu günler paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şunda dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bazarlarynda dürli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn işler dowam edýär. Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýän şu günlerde söwda toplumyna degişli düzümleriň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydyr.

Gahryman Arkadagymyzy täze şäherde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Arkadag şäher Alyjylar jemgyýetiniň başlygy H.Muhammedow garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäherde hereket edýän söwda toplumlarynyň, aýratyn-da, “Gökdere” söwda merkeziniň işi, söwdanyň guralyşy we ilata hödürlenilýän harytlar bilen tanyşdy. Bu ýerde azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşi ýerleşdirilip, olar hili hem-de elýeterli bahasy babatda häzirki zaman talaplaryna, halkymyzyň ösen islegine doly laýyk gelýär. Merkeziň giň söwda zallarynda sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen dürli gök hem-de miwe önümlerini satyn almak bolýar. Munuň özi Täze ýyl baýramyny ýokary derejede garşylamagyň möhüm şertidir. Bularyň ählisi Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigine, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu ýerde her bir adam özüne gerek harydyny tapyp bilýär. Ýöriteleşdirilen söwda zolaklarynyň harytlaryň görnüşlerine görä bölünmegi alyjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Täze merkezde elektron söwda ýola goýuldy, ýagny söwda hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak bolýar. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinden çykman, gerek harytlary sargyt edip bilýärler. Eltip bermek hyzmatynyň ýola goýulmagy söwdanyň medeniýetini we bu toplumyň ähmiýetini artdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belläp, ilatyň intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz bu işlerde innowasion we döredijilik usullaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz merkezde işleýän satyjylar bilen söhbetdeş bolup, hödürlenilýän önümleriň hili bilen gyzyklandy. Olar, öz nobatynda, alyjylar hem-de işgärler üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän hemme zerur şertleriň döredilendigini bellediler we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Bu ýerde elektron aragatnaşyk arkaly ýola goýlan işler söwdany guramagyň ýokary derejesini üpjün edýär, alyjylaryň islegini doly kanagatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, bu usul önüm öndürijiler üçin bolşy ýaly, alyjylar üçin hem örän amatly. Çünki sargyt edilen harytlar, dürli önümler we taýýarlanylan naharlar wagt ýitirmän müşderilere ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň söwda toplumynda ýola goýlan döwrebap hyzmatlaryň hem-de elektron söwda dolanyşygynyň tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk bolmalydygyny belläp, bu işleriň Watanymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän dükanlarda we bazarlarda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi ilatyň ösen islegini kanagatlandyrmak meseleleriniň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Söwda merkezinde azyk önümleri üçin ýörite zolagyň bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň anyk netijesidir. Şol zolakda et, balyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, ter gök we miwe önümleriniň, unuň, beýleki däneli ekinleriň gaplanan we gaplanmadyk görnüşleri hödürlenilýär. Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen köpugurly söwda merkezleri mähriban topragymyzyň sahawatyny, berekedini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, önümleriň elýeterli bahasynyň ýola goýulmagy we önüm bolçulygynyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut bazarlaryň ýagdaýy halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň söwda merkezinde ilatyň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin hemme mümkinçilikler döredilipdir. Şunuň bilen birlikde, önümleriň giň görnüşi oba hojalyk we azyk senagatynyň kuwwatlyklarynyň barha artýandygyna, ýurdumyzda azyk bolçulygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa önüm bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz söwda merkeziniň we onuň dolandyryş düzüminiň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, olary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady hem-de hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Işgärleriň ählisi Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda söwda merkezine gelip, söwdanyň derejesi bilen tanşandygy, ýokary derejeli hyzmaty guramaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mundan başga-da, olar merkeziň hödürleýän elektron hyzmatlaryndan alyjylaryň hoşallyklarynyň çäginiň ýokdugyny, halkymyza hyzmat etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde azyk bolçulygynyň berkidilmeginde hususyýetçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, telekeçileriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda täze, döwrebap söwda merkezlerinde söwdanyň ýokary medeniýetini üpjün edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň işgärleriniň alyp barýan işlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde olaryň her birine Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli toý sowgatlaryny gowşurdy we mundan beýläk-de netijeli işläp, halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna gatnaşmaklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylýan konsepsiýanyň çäklerinde Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, önümçilik kuwwatlyklarynyň enjamlaşdyrylmagy, täze şäherde bina ediljek desgalaryň döwrebaplygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň desgalary bina edilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we bu künjegiň ekologik ýagdaýyny degişli derejede saklamagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi barada aýtdy. Meýilleşdirilýän desgalar gurlanda ulanyljak gurluşyk serişdeleri, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça kesgitlenen işler, binalaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berildi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şunda milli binagärligiň döwrebap ýörelgeleri, aýratyn-da, gurluşyk ulgamynyň täzeçil usullary işjeň ulanylmalydyr diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, baýramçylyk dabaralarynyň, çagalar üçin bolşy ýaly, ulular üçin hem ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen bu günki gün Köpetdagyň eteginde dörän Arkadag şäheri bagtyýar watandaşlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş gurşawyny özünde jemleýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, täze şäheriň ýaşaýjylary hem Täze ýyly baýram etmäge taýýarlyk görýär. Şäher ýaşaýjylary döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, bazarlarda we söwda nokatlarynda dürli harytlary elýeterli bahalardan satyn alýarlar. Söwda ulgamynyň işgärleri sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly adamlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.

Söwda ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda döreden şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmek bilen, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrýarlar. Öndürilen azyk harytlarynyň köp görnüşlerini elýeterli bahalardan ilata hödürleýärler.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň söwda merkezlerinde giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ýaşaýan ildeşlerimiz şeýle amatlyklara eýe bolmak bilen, islendik harydy ýa-da önümi sargyt edip bilýärler we tiz wagtda alyp, nagt däl görnüşde töleg geçirip bilýärler. Şeýle döwrebap mümkinçilikler, halkymyzyň abadan durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesidir.

16.12.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň we Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Fransiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili bilen bolan duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň deputatlary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň we parlamentarileriniň 10-njy duşuşygyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýärler, şeýle hem sanly ulgam arkaly BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge teklip edilýän degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça guralan duşuşyga, Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda geçirilen maslahata gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, deputatlar döwlet syýasatynyň, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunlary kämilleşdirmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de kabul edilýän kanunlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň meselelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ilata edilýän ýokary hilli ugurdaş hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunda töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň banklarynyň kart ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu düzüme öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek hem-de tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmek boýunça-da zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu Kadalary kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de olaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň “ak altyn” hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, zerur bolan tehnikalar, gurallar taýýarlanylýar. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň şu günlerden tutulýandygyny belläp, wise-premýere welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk-senagat we himiýa toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, eksportyň möçberini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär, ýurdumyzda öndürilýän harytlyk önümleriň eksporty boýunça dürli amallary geçirmegiň hereket edýän tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça daşary ýurtlara ýerlenilýän harytlyk önümleriň birža söwdalarynyň tertibini kämilleşdirip durmagy wise-premýere tabşyryp, bu işi öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi esasynda ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilleşdirilen sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, festiwallary guramak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Giň halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek üçin dürli ugurdaş forumlar guralýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergileri we maslahatlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, bu çärelerde ýurdumyzda öndürilýän önümleri giňden mahabatlandyrmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi.

Şol resminama laýyklykda, halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň geljek ýyl “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezmelidigini belledi hem-de göçme kubogy gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin berlen güwänamalar barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzy halkara ähmiýetli bu hoş habarlar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasy esasynda dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça ýokary netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi boýunça üstünlikli dowam edýän işleriň netijesinde, halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň sany yzygiderli artýar, dürli keselleri anyklaýan barlaghana gulluklarynyň işi düýpli kämilleşdirilýär, ilaty derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen elýeterli üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Halkara ölçeglere we talaplara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza berlen birnäçe güwänamalar munuň aýdyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin” atly güwänamasy, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary bar. Täze güwänamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny 27-nji dekabrda geçiriljek ýaşlar forumynda gowşurmagy we bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary ibermegiň mümkinçiligi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döredilýän giň şertleriň netijesinde, ýaşlarymyzyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim, pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýurdumyzyň mynasyp ýaşlaryny ibermegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýär.

2023-nji ýylda iri çäreleriň birnäçesi, şol sanda 18-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşygy geçirildi. Mundan başga-da, 19-njy iýunda Aşgabatda ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň çäginde 6-njy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri 25-26-njy oktýabrda Brýussel şäherinde geçirilen «Ählumumy gapylar» atly birinji foruma gatnaşdy. Şu ýylyň 22-nji noýabry — 3-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleri guraldy.

Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mugallymlarydyr talyplary alyşmak ugry boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyryldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we bilim, hususy ulgam, söwda, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda, beýleki derwaýys ugurlarda maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, soňky döwürde Ýewropa Bileleşiginiň biziň sebitimiz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasy ep-esli artýar. 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça täzelenen Strategiýany kabul etdi. Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynyň netijesi boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki «Ýol kartasy» kabul edildi. Bu resminamada geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda teklipleri hödürledi.

Hususan-da, Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 15-nji duşuşygyna hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki toparyň 22-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Belgiýanyň Brýussel şäherine ibermek teklip edilýär. Bu çäreler, degişlilikde, 18-19-njy dekabrda meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagtynda ulag ulgamynda maýa goýum forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu foruma türkmen tarapy hem gatnaşmaga çagyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Brýussele ýurdumyzyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär. 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň esasynda geljek ýylyň ikinji çärýeginde ulag ulgamynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzüm birlikleri bilen duşuşygy guramak boýunça işleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, özara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine iki tarap üçin hem bähbitli bu işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus ugurlary boýunça ýolagçylary gatnatmak hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň dowamynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ygtyýaryna hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda satyn alnan öňdebaryjy “Toyota” ýapon önüm öndürijilerinden kiçi we orta kysymly döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesi ýurdumyza gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ulag hyzmatlaryna artýan isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň sanyny artdyrmak we täze ugurlary açmak maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ulag üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden has kämil, ýurdumyzyň tebigy şertlerine ýaramly ulaglary satyn almagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýtdy hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

15.12.2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Hormatly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar.

Gadyrly nebitgaz, geologiýa 

pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri!

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin köp işler alnyp barylýar. Hususan-da, Garaşsyz Diýarymyzyň günorta-günbatarynda birnäçe täze nebitli ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini we gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Gadyrly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar. Bu käni tapgyrlaýyn özleşdirmegiň türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde geljegi uludyr. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda biziň bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly isleg bildirýärler. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde birnäçe döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Watanymyzyň edermen nebitçileri, 

gazçylary we geologlary!

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Bu bolsa ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen baglydyr. Şoňa görä-de, nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda iş alyp barmak zerurdyr. Ýurdumyzda bu ugurda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr.

Hormatly ýangyç-energetika 

pudagynyň işgärleri!

Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik talaplara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmek öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistan ýaňy-ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň belent münberinden Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Ýurdumyz bu borçnamadan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek babatda halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirer. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hem bu borçnamalary üstünlikli amala aşyrmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

14.12.2023
1 ... 44 45 46 47 48 ... 57