Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu saparyň hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Köp ýyllardan bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, parlamentara we beýleki wajyp ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Umumy pikire görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň golaýda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şol saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmenistan milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Koreý Lideriniň saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylandygy hem tötänden däldir.

Foruma gatnaşanlar köpýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirip, bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň birnäçesini kesgitlediler. Şolaryň hatarynda nebit we gazhimiýa, energetika ulgamlary, ulag-kommunikasiýa toplumy, logistika, gämigurluşyk, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar. Bu pudaklar bilen bir hatarda, koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge, milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Mälim bolşy ýaly, ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri ulanmakda Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň uly goşandy bar. Iki ýurduň durmuşa geçiren we meýilleşdirýän bilelikdäki taslamalary, iri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň dürli ulgamlaryndaky, ilkinji nobatda, nebitgaz hem-de himiýa senagatyndaky netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şunda ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň netijeliligine, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şeýle-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

27.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Günorta Koreýanyň meşhur kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu aýda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Saparyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar. Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi hem guwandyryjydyr. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine ýardam edýär.

Koreý kompaniýalary türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurdumyzyň gaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamalary hereket edýär. Şolarda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda anyk wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Myhman ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy üçin berk binýadyň döredilendigine ünsi çekip, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.06.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär. Eziz Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir.

Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda şeýle belleýär:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu gün Magtymguly Pyragy Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galyp, berkarar döwletimize, bagtyýar halkymyza buýsançly nazary bilen seredýär. Akyldar şahyryň belent başly ýadygärliginde şekillendirilen nurana keşbindäki buýsanç türkmen döwletiniň baky berkararlygyna bolan beýik ynamdyr.

Mähriban türkmen halkym!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

27.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Liderine mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň milli goranmak ministriniň Aşgabada iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň bu ulgamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary, ýurtlarymyzyň pudaklaýyn edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän maslahatlaşmalardyr gepleşikler türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Şeýle hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we myhman bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

26.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, goranmak ministriniň şu gezekki saparynyň hem-de onuň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkiýäniň milli goranmak ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň bütin türk halky üçin aýratyn buýsançly waka bolandygyny, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyna üns çekildi. Taryhyň synagyndan geçen, köki asyrlara uzaýan bu gatnaşyklar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkiýe biziň ýurdumyzyň ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň alyp barýan netijeli işleri muňa mysaldyr. Şoňa görä, Milli Liderimiz hem-de myhman bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdiler. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy. Şunda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, serkerdeleriň we esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki döwletiň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

26.06.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy tanalmaz derejede özgertdi. Bu döwletli işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrmakda medeniýet ulgamynyň hem aýratyn orny bardyr.

Gadyrly döredijilik bilen 

meşgullanýan ýaşlar!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Akyldar şahyrymyz watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän ajaýyp goşgulary bilen ynsan kalbynda baky ýaşaýar. Ýurdumyzyň edebiýatynda, sungatynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserler dana şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde we halka ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz, suratkeşlerimiz, sahna ussatlarymyz dana Pyraga bagyşlanan kämil eserleri döretdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň belli magtymgulyşynaslary şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleriň manysyny giňden açyp görkezmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, edebi mirasy köptaraplaýyn beýan edilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we nusgawy şahyrymyzyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde taryhy waka öwrüldi.

Mähriban ýaşlar!

Biz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyraga bagyşlap döwrebap we kämil eserleri döretmeklerine aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ýazyjy-şahyrlarymyzy, aýdymçylarymyzy, sahna ussatlarymyzy, suratkeşlerimizi ylham dünýäsine ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygrynda öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, dana şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu bäsleşige hödürlenen eserleriň her biri Diýarymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap kämil eserleri döretmäge ukyplydyklaryny doly subut edýär.

Beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagynyň aýratyn manysy bardyr. Biz geljekde hem bu döredijilik bäsleşigini yzygiderli geçirip, sungata höwesek ýaşlarymyzyň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis.

Gadyrly döredijilik bilen 

meşgullanýan ýaşlar!

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!

Siziň ähliňizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, döredijilik äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

26.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

Aşgabat şäherinde geçirilýän türkmen-emirlikler işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparyň hem-de işewürlik forumynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde syýasy dialogyň we hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigine aýratyn üns berildi. Halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryna berilýän goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan baý nebitgaz serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatlaryny göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dostlukly ýurduň ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýärler. Döwlet Baştutanymyz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

Gaýtadan dikeldilýän we “ýaşyl” energiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi maksadalaýykdyr.

Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň iki ýurt üçin hem strategik ähmiýete eýedigine aýratyn üns berildi. Şuny nazara alyp, deňiz, demir we howa ýollaryny öz içine alýan köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň ykdysadyýet ministri açyklyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

25.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Halkara giňişlikde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

25.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly dabara gatnaşyjуlar!

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrýar, halkymyzy beýik işlere has-da ruhlandyrýar. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi we köpöwüşginli sungatymyzy ösdürmek hem-de döwrebap usullar bilen baýlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem, ilkinji nobatda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly adamlar!

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmegi üçin ençeme şahsyýetlerimiz yhlasly zähmet çekdiler, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirdiler. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowanyň hem türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýy bar. Ol sungat ýolunda aýdymçy, tans goýujy, kompozitor hökmünde halkyň ýüreginde orun alyp, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde köp hyzmatlary bitirdi. Görnükli halypalaryň ýoluny ýöretmegi, Magtymguly Pyragy ýaly söz ussatlarynyň eserlerine döreden aýdymlary onuň sungatynyň has-da rowaçlanmagyna getirdi.

Jemal Saparowa, ýadyňyzda bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasy açylypdy. Şol ýyllarda Siziň janypkeşligiňize, sungata tüýs ýürekden berlendigiňize has ýakyndan şaýat bolmagyma mende-de mümkinçilik döräpdi. Şol ýyllaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde sungatymyzy milli äheňde, milli ruhda dowam etdirmekde, joşgunly çykyşlaryňyz bilen halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda uly işleri alyp bardyňyz. Siz milli saz gurallarymyzda ýerine ýetiren çykyşlaryňyz, «Gyzlar», «Heserli», «Çapak», «Köne güzer», «Bilezik» ýaly tanslaryňyz bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny açyp görkezmegi başardyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary şol geçen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplamak bilen, Diýarymyzda tutulýan tutumly toý-baýramlaryň, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän dabaralarda hem muňa ýene bir gezek şaýat bolýarys.

Biz medeniýeti halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarda, medeniýet günlerinde «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparynyň milli lybaslardaky, milli duýgulara ýugrulan çykyşlary tutuş halkymyzyň ýüzi bolup, göwünlere ylham berýär. Gyzlaryň näzikden edaly hereketleri ýigitleriň çalasyn hem çeýe hereketleri bilen sazlaşyp, täsin sungat döreýär. Bu topar ýüzden gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde daşary ýurtly türkmen sungatynyň muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazandy. Halkara tans we folklor festiwallarynda hem abraýly sylaglara mynasyp boldy.

Öz sungatyň bilen halka hyzmat etmek bilen bir hatarda guramaçylyk, ýolbaşçylyk işlerini alyp barmak, ýaşlara halypalyk edip, olary döredijilige ugrukdyrmak tutanýerli zähmeti, yhlaslylygy talap edýär. Jemal Saparowa hut şeýle jogapkärli işleriň hem hötdesinden gelmegi başarýar.

Halypa-şägirtlik ýörelgesi sungat ýolunyň dowamat-dowamlylygydyr. Pederlerimiz «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýipdirler. Seýis gören bedewleriň ýyndamlygynyň başga bolşy ýaly, halypa gören aýdymçynyň owazy-da başgadyr. Şoňa görä-de, biz bu däbiň sungatymyzda mynasyp dowam etdirilmegine uly üns berýäris. Jemal Saparowa halypa hökmünde köp sanly şägirtleri ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri bu gün ussat çykyp, «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen derejelere, abraýly döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp boldular. Biz muňa tüýs ýürekden guwanýarys.

Halypa bagşynyň milli tans sungatymyzy ösdürmekdäki hyzmaty hem örän uludyr. Her bir aýdymyň özüne mahsus manysyny tanslaryň üsti bilen tomaşaça ýetirmekde «Dokmaçylar» topary uly ussatlyk görkezýär.

Bilşimiz ýaly, öz döwründe Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Roza Töräýewa, Annagül Annakulyýewa we beýleki köp zehinli zenan halypalarymyz halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitirip, milli sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Biz halypa bagşy Jemal Saparowanyň döredijiliginde öňden gelýän bu asylly ýoluň dowamatyny görýäris. Kämilligiň çägi ýok. Sungatda, döredijilikde serhet bolmaýar. Biz halypa bagşynyň mundan beýläk hem ýurdumyz üçin, milli sungatymyz üçin uly işleri bitirip, täze eserleri döretjekdigine ynanýarys.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzda ýene-de bir ajaýyp bina guruldy. Bu döwrebap täze bina «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp sowgat boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň «Dokmaçylar» folklor, etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär. Bu merkezde olaryň döredijilikli, döwrebap şertlerden peýdalanyp işlemekleri üçin ähli şertler döredildi. Binagärligiň milli hem-de döwrebap äheňleriniň sazlaşygynda gurlan täze bina hakyky sungat köşgi bolar.

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde türkmen sungaty dünýäde belent sarpalanýar.

Hormatly adamlar!

Men pursatdan peýdalanyp, şu goşgy setirlerimi siziň dabaraňyza bagyşlaýaryn.

Jemal bagşy Siz!

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,

Ojaklaryň berki halal duzdadyr,

Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,

Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!

Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,

Diýaryma täze taryh ýaraşar,

Parahatlyk sungat bilen gül açar,

Watana söýgüde belent bagtyňyz,

Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Eziz watandaşlar!

Gadyrly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Siziň ähliňizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

25.06.2024

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi

 

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde BMG-niň halkara bilermeni jenap Tomislaw Nowowiç bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda  «Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp barylýan işlere syn berildi. Şunuň bilen bagly, Türkmenistan Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldamak bilen, bu maksatlara goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrýanlygy, bu işleriň ilkinji nobatda ýurtda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýanlygy bellenildi.   

Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri, azyk howpsuzlygy, sanlylaşdyrma we maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de DÖM-da göz öňünde tutulýan sepgitlere ýetmek ugrunda milli Parlamentiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem artdyrmaga ygrarlydygy bellenildi.

 

25.06.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili jenap Olof Skoog bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli parlamentiň düzümi, esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Şol sanda halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ýurdumyzyň ÝB-niň sebit taslamalaryna, onuň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna we Adam hukuklary boýunça her ýylky geçirilýän gepleşiklerine işjeň gatnaşygyna aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň  we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň  Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda 2023-2028-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝB arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, söhbetdeşler kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

25.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitiň “ak altyn” meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we galla hasylynyň gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gallaçy daýhanlar bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gallaçy daýhanlar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja ekinleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň, gowaça, şaly ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, hasyly daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny we ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde welaýatlarda galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri utgaşykly dowam edýär.

Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda döräp biläýjek ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

24.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Kärhananyň hünärmeni bölümiň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bu ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr.

Nygtalyşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümde işlejek hünärmenler dünýäniň ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçdiler. Munuň özi işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ösen halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, pudagyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilikde saklanyljakdygyny belledi we hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra alym Arkadagymyz täze hasylyň kabul edilýän bölümine bardy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda däneden we pagtadan alynýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, bugdaýyňdyr pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýlelikde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sahawatly toprakdan öndürilýän galla hasylynyň halkymyzyň berekedidigini belledi. Ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýär.

Bu ýerde Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew önümçilik toplumyna gelip gowuşýan gallanyň hili barada gürrüň berip, ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti we pudagyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Milli Liderimiz kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini belledi. Şeýle-de ol önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Alym Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerdäki işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ruhabat galla önümçilik toplumynyň un gaplanýan bölümi doly kuwwatynda işleýär. Gahryman Arkadagymyz işleriň guralyşy hem-de işçiler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Hünärmen bu ýerde netijeli işlemek, oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle-de ol bölümde oturdylan enjamlaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bölümiň işgärlerine işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, toplumyň taýýar önümler saklanýan ammaryna bardy. Bu ýerde önümleri saklamagyň şertleri bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Önümçilik toplumynyň çäginde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän galla önümleriniň görnüşlerinden, tohumlyk dänelerden, täze hasyldan taýýarlanan undan, çörek we çörek önümlerinden ybarat bolan sergi guraldy. Rysgal-berekedi özünde jemleýän mukaddes unda aýratyn ýakym bar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we kärhananyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi. Sergide görkezilýän önümleriň bolçulygy, olaryň ýokary hili ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa toprakdan alynýan hasylyň artmagynyň, pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginiň, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň baş şertini emele getirýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde watandaşlarymyzyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmakda tutanýerli zähmet çekýändiklerini belledi. Merdana daýhanlarymyzyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursadyndan bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň anyk miwesidir.

Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, alym Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde alymlarymyzyň uly goşantlarynyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýakynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, edermen daýhanlaryň armasyny ýetirendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýerden bereketli bugdaý hasylyny almak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygy pugtalandyrylýar, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin zerur mümkinçilikler döredilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi. Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Soňra Milli Liderimiz oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.

Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigini, pudaga ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde bina edilen Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurdumyzyň alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy barlaglary netijeli alyp barmaklary üçiň ähli zerur şertler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory M.Annanepesow ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegini, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini aýtdy we bu babatda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle-de alym hünärmenleri ylmy-önümçilik gollanmalary bilen üpjün etmek, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, gök-bakja ekinleriniň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygyny, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň, dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň direktory M.Meredow häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly gowaçanyň inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Alym Arkadagymyz ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, döwrebap agrotehniki usullar netijeli öwrenilmelidir. Munuň özi oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen bir hatarda, bu ugurda oňyn tejribäniň toplanmagyny hem üpjün eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen duşuşyklaryň geçirilýändigi, olaryň başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň öwrenilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, şunda esasy maksadyň halkymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Şoňa görä-de, ylmy işleri yhlas bilen dowam etdirmeli, gallanyň we pagtanyň bol hasyly bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem ýokary hasyl almaly, munuň üçin bolsa topraga öz wagtynda ideg etmeli diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.

Möwsümine görä ýere dynç berip, zerur bolsa, ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmegiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmegiň, olara döküni, suwy zerur mukdarda hem-de öz wagtynda, ylmy tejribä esaslanyp bermegiň möhüm wezipedigine ünsi çekdi. Ylmy çemeleşmeler hemişe-de öz gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, azabyň ýerine-de düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz, dokmaňyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip eken, mehanizatorlarymyzyň ýygnap alan bugdaýynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmeli däl. Çünki galla halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekedidir, bolelin durmuşda ýaşamagynyň şertidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyryp, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

24.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Ir bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şähere geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy arkaly dürli maksatly desgalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy, onuň ýerleşjek ýerleri we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Şeýle-de kärhananyň umumy görnüşiniň içki hem daşky bezeg aýratynlyklarynyň şekili görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Bu sungatyň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk sungatynyň dowamata atarylmagy asyrlar aşyp gelýän ýagşy ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz halyçylaryň zähmetiniň aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda uly göwrümli halylar, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylar bölümi, surat halylar bölümi, portret we sowgatlyk halylar bölümleri döredilmelidir. Hormatly Arkadagymyz döwrebap haly kärhanasynda ähli bölümler bilen bir hatarda, haly dokalanda ulanylýan gaýçy, syndy, keser, darak ýaly enjamlaryň hemişe gurat saklanmagy üçin, gadymy döwürlerden gelýän ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halyçylaryň ýörite ussahanasynyň hem bolmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynda türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary, reňkleriniň sazlaşygy baradaky maglumatlary özünde jemleýän interaktiw enjamyň oturdylmagy maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Onda halyçylyga degişli ähli maglumatlar elektron görnüşde toplanmalydyr, gyzyklanma bildirýän islendik adamyň onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin şertler döredilmelidir. Haly önümleri dokalanda häzirki zaman dizaýnerçilik çözgütleriniň peýdalanylmalydygy hem nygtaldy.

Türkmen halylary uzak wagtlap ulanyp bolýandygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýä halyşynaslarynyň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli sungatynyň asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmeýändiginiň, olaryň kaşaň ymaratlaryň, toý-baýramlaryň bezegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz önümçilik toplumynyň çäginde ýörite bassyrmalaryň döredilip, olarda haly dokamak üçin şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Çünki halynyň erişleriniň, argajynyň açyk howadan täsirlenmeginde, Gün şöhlesiniň bolsa ajaýyp halylaryň reňk sazlaşygynda ähmiýetli bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi.

Gahryman Arkadagymyz ir döwürlerde haly dokalanda, otaglarda kakylýan daraklardan, tebigy boýaglardan tozan çykandygyny belläp, bu ýagdaýlary aradan aýyrmak bilen, häzirki wagtda ýörite kämil enjamlar arkaly haly dokalýan ýerde durnukly howany saklamaga mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyp, guruljak haly kärhanasynda-da şeýle enjamlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Behişdi bedewleriň heýkelleriniň suw çüwdürimleri bilen utgaşýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy. Munuň özi şöhraty dünýä dolan bedewlere ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanyna öwrüler.

Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ahalteke bedewleri, ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrülen alabaýlar, arşyň nepisligini özünde jemleýän türkmen halylary bilen bir hatarda, özboluşly gylykly arwana düýeleri hem milli buýsanjymyz bolup durýar. Arwana düýeleri ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynyň üstünden geçýän kerwen ýollarynda esasy ulag serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr we häzirki döwürde-de türkmenleriň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de arwana düýeleriniň milli gymmatlyklarymyzyň biridigini bellemek ýakymlydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň we olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, bu şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Bu işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bina ediljek desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman nusgasyny özünde jemlemelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine ýetirilýän işleriň hem ekologiýa syýasatyna laýyk gelmelidigini, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň täzeçil pikirlerini we garaýyşlaryny öwrenmek, taýýarlan tekliplerini işjeň ulanmak möhümdir.

Desgalar gurlanda, timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik we bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde binagärlik, bezeg ulgamyndaky gazanylanlar milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda öz beýanyny tapmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde badalga alandygy we bu çäräniň degişli medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. 29-njy iýunda “akylly” şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde täze şäheriň sazlaşykly ösüşi, ilatyň bagtyýar durmuşy, bu künjegiň ajaýyplyklary öz beýanyny tapmalydyr. Şunda dabaralaryň döwrüň ruhuna laýyk gelmegi üpjün edilmelidir.

Hormatly Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek ugurdaş desgalardaky mümkinçilikleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Täze, döwrebap şäheriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi ugrunda köptaraply işler amala aşyrylýar. Şunda şäher ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherde öndürijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak, saglygy berkitmek ugrunda zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň binagärlik keşbiniň ýerli tebigy aýratynlyklar bilen sazlaşmalydygyny, ýerine ýetirilýän işlerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmalydygyny belledi. Munuň özi şäheriň özboluşly binagärlik keşbiniň has-da gözelleşmeginde ähmiýetlidir. Halk Maslahatynyň Başlygy desgalar bina edilende, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, gurluşyk we bezeg işlerine wajyp ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

23.06.2024

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahatda ÇYKYŞY

 

Hormatly ýörite maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

 

Ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dikeltmek we ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, ýaş nesli medeni-ruhy gymmatlyklaryň, ata-babalarymyzdan we umumadamzat ösüşine uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimizden miras galan mukaddes däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Adamzat taryhynda dünýä meselelerine özboluşly garaýyşlary diňe bir öz ýaşan döwürlerinde çuňňur yz galdyrman, eýsem, gymmatly döredijilik goşantlary umumadamzat maksatlary bilen sazlaşykda häzirki zaman dünýäsinde hem möhüm ähmiýete eýe bolmagy dowam edýän köpsanly beýik şahsyýetler bar. Dünýä edebiýatynyň köptaraply döredijilik mirasly şeýle ajaýyp söz ussatlarynyň biri hem özüniň goşgulary tutuş Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy aňyýetine güýçli täsir eden Magtymguly Pyragydyr.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi.

Ýurdumyzda iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen bilelikde umumadamzat medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, olaryň dünýä halklary üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek we Älemde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda döwlet derejesinde uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär.

Magtymguly Türkmenistanyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşapdyr. Bu döwletara uruşlaryň we milletara çaknyşyklaryň döwri boldy. Bu döwürde biziň beýik şahyrymyz halkyň pikirleriniň we isleg-arzuwlarynyň baş baýançysy bolup, garaňky asmanda aýdyň şöhle ýaly dünýä indi we dagynyk türkmen taýpalaryny agzybirlige, jebislige we güýçli döwlet döretmäge ýadawsyz çagyrdy. Pyragy umytsyz türkmen taýpalarynyň diňe jebisleşmek bilen intellektual we ahlak raýdaşlygyny gazanyp biljekdigine ynanýardy. Onuň milli döwletiň çäginde agzybirligiň ähmiýeti baradaky garaýyşlary, türkmenleriň röwşen geljegi barada arzuwlary halkyň milli özboluşlylygynyň özenine öwrüldi, munuň özi bolsa şahyryň erkinlige we garaşsyz ösüşe bolan tutanýerliliginini kesgitledi. 

Şahyryň durmuşy we döredijilik ýoly kyn, tükeniksiz synaglardan, kynçylyklarlardan we ejirlerden doly bolup, netijede çuňňur many-mazmunly şygyrlaryň ýalynly setirleri dünýä indi, ol setirlerde dünýä halklaryny ähli döwürlerde gyzyklandyran umumadamzat taglymlary, ideallar we pikirler päk göwher ýaly öz beýanyny tapdy. Ondan öňki şahyrlaryň hiç biri-de öz döwri hakda doly we erkin gürläp, ynsan duýgularyny we isleg-arzuwlaryny, ene topraga söýgüsini beýan edip bilmedi. Onuň şygryýetinde ilkinji gezek türkmen halkynyň durmuşy, pikirleri we islegleri, gaýgylary we arzuwlary dolulygyna şöhlelendi.

Magtymguly öz halkynyň kyn ykbaly barada uly alada edýärdi we kyn durmuşdan elmydama çykalga gözleýärdi. Durmuşyň we jemgyýetiň kynçylyklarynyň esasy sebäbiniň halkyň sowatsyzlygynyň hem bolup durýandygyna ol ynanýardy we bu meseläni adamlara bilim bermek arkaly çözmäge çagyrdy. Ol adamlary sowatsyzlyga we nadanlyga garşy kesgitli göreşmäge ruhlandyran ilkinji türkmen şahyrydy. Magtymguly akyldar-şahyr, öz döwrüniň örän sowatly adamy hökmünde iň ösen pikirleniş usullaryna bil baglap, adalatly dünýä we ygtybarly, erkin jemgyýet baradaky çagyryşlaryny birleşdirmegi başardy.

Gadymy XVIII asyrda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň esasyny düzen bu ynsanperwer ideallar, Birleşen Milletler Guramasynyň dört sany parahatçylykly maksadyna, ýagny: Bütin dünýäde parahatçylygy goldamak; Milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek; Garyp düşen adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak, sowatsyzlyga garşy göreşmek we birek-biregiň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmagy höweslendirmek maksadyna aýdyň utgaşýar. Şahyryň şeýle pelsepewi garaýyşlary häzirki zaman dünýäsinde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatda Türkmenistanyň BMG we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda işjeň häsiýete eýedir. Olar geljege gönükdirilen we diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy isleglerini kanagatlandyrýan çuňňur pikirleri beýan edýär. 

Türkmen şahyrynyň geljege gönükdirilen goşgularyndaky çuňňur pikirleriň dogruçyllyk, sahylyk, ynsanperwerlik ýaly möhüm ruhy zerurlyklary kanagatlandyrýandygy bellärliklidir. Magtymguly goşgularynyň köpüsinde adamlara gysgançlyk we doňýüreklilik ýaly  ýaramaz durmuş endiklerinden saplanmagy ündedi, ýagny «Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil, Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil» diýip wesýet etdi.

Ýokardaky aýdylanlar Magtymgulynyň danalygynyň milli serhetlerden aşýandygynyň şübhesizdigini we şahyrana mirasynyň dünýä mirasydygyny tassyklaýar. Hut şu sebäpden, Magtymgulynyň ýokary adamzat ideallaryna halkara giňişliginde onuň at-abraýyny ýokarlandyrmak üçin biragyzdan ses beren dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär.

Hormatly ýörite maslahata gatnaşyjylar!

Taryhy we medeni mirasyň manysy we ähmiýeti, belli bir halkyň milli mirasynyň giňden ýaýrap, beýlekilere geçmeginden ýa-da başga bir medeni gurşawa goşulyp, beýleki halklaryň medeniýetiniň gümmatlyklaryny özüne siňdirýändiginden we şeýlelik bilen ruhy özara täsirlenmä ýardam edýändiginden ybaratdyr. Bu ýagdaýda paýlaýan ýitirmeýär, gaýta edinýär, eçilýän garyp düşmeýär, gaýta baýaýar.

Magtymgulynyň döredijilik taglymatynyň we dünýägaraýyşlarynyň umumadamzat maksatlary bilen meňzeşligi hakynda pikirleneniňde, nusgawy şahyrymyza «türkmen edebiýatynyň goňşy doganlyk halklary ýagtylandyrýan akyldary» diýip baha beren Çingiz Aýtmatow biygtyýar ýadyňa düşýär. 

Biziň ýurdumyz dünýä belli beýik şahyry Magtymguly Pyraga, şeýle hem ÝUNESKO-nyň sanawyna giren taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerine, owadan we  nepis halylaryna, enaýy keşdelerine, täsin Küştdepdi tansyna we dutarçylyk saz sungatyna, behişdi Ahalteke buýsanýar. 

Bizi beýik Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwründen, takmynan, üç asyr aýyrýar. Watanymyzy bütin dünýäde şöhratlandyran şahyr bilen aramyzda şonça döwrüň bardygyna garamazdan, ol her bir türkmeniň aňynda we kalbynda ýaşaýar, biziň her birimiz beýik Magtymgulynyň sesini millionlarça adamyň arasynda şübhesiz tapawutlandyryp bileris. Sebäbi Magtymguly türkmen halky üçin diňe bir şahyr bolman, eýsem, wepaly dost, paýhasly geňeşçi we tejribeli halypa hökmünde biziň her birimiziň ýüregimizde aýratyn orun tutýar.

Bularyň ählisi Magtymgulynyň öz şahyrana zehini bilen bu günki gün häzirki döwürden, eýýamdan we bütin dünýäden arşa galandygy baradaky hakykaty aýan edýär.

Diňläniňiz üçin sag boluň!

22.06.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN TARYHY WE MEDENI GYMMATLYKLAR» ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI

 

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň  Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar. 

Maslahatyň esasy maksady dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine çäksiz uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Parlament derejesinde bellemekden we döwletleriň medeni syýasatyny goldamakdan, beýik söz ussatlarynyň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň dürdäneleri hasaplanylýan edebi miraslaryny giňden wagyz etmekden, aýawly saklamakdan, ýaş nesilleri olaryň ruhunda terbiýelemekden, doganlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr. 

 

Giň wekilçilikde geçen maslahatda ilkinji söz Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň at gazanan diplomaty Çynar Täjiýewna Rüstemowa berildi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dikeltmek, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan we umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimizden miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mukaddes däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. ÝUNESKO-nyň  Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigine, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyna, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekdi. Umumadamzat medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, dünýä halklary üçin elýeterli bolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilmegi ugrunda iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen döwlet derejesinde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

 

ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç baý maglumatly çykyşynda dünýä halklarynyň taryhy ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawynda yzygiderli orun alýandygyny we Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetine ýokary baha berilýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagynda, geljekki nesillere miras galdyrylmagynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

 

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy Palatasynyň Spikeriniň birinji orunbasary Akmal Holmatowiç Saidow çykyş etdi. Ol iki goňşy dostlukly döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerimde ösýändigini, parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilýän ýylynda şeýle maslahatyň geçirilmegine mümkinçilikleri döredip berýän iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna özüniň sagbolsunyny aýtdy. Bu halkara maslahatyň täzeçillikdigini we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi.  

 

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Odiljon Karimowiç Iminow öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň özbek diline terjime edilip, özbek halky tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny, onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryň özbek toý-dabaralaryny bezeýändigini, beýik şahyryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp, döwlet derejesinde dabaraly çäreleriň geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol çykyşynyň dowamynda dana şahyryň goşgularyndan dürdäne setirleriň birnäçesini labyzly aýdyp, olarda beýan edilýän filosofik garaýyşlara, çuňňur manyly pikir-ündewlere ünsi çekdi. 

 

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Ylym we bilim baradaky komitetiniň başlygy Bahtiýar Gamza oglu Aliýew çykyşynda Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga çagyrýan, ahlak gymmatlyklaryny ündeýän dürdäne şygyrlarynyň         dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, dürli halklar üçin elýeterli bolandygyny belledi. Akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanyp, Azerbaýjanda giň wekilçilikli ylmy maslahatlaryň guralýandygyny, ylmy işleriň çap edilýändigini aýtdy.   

    

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Durmuş-medeni ösüş we ylym baradaky komitetiniň başlygy Nurtore Baýtelesowiç Jusip maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň gazak diline terjime edilip, halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny belledi.

 

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Mejlisiniň Milli Majlisiň Namoýandagon Mejlisi, ýerine ýetiriji häkimiýet, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we parlamentara aragatnaşyklary bilen işini utgaşdyrmak baradaky komitetiniň başlygy FarhodRahimi Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasly şygyrlarynda parahatçylyk, agzybirlik, jebislik barada beýan edilýän dürdäne pikirleriň häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýete eýedigi barada durup geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynda hem dürli öwüşginli dabaralaryň geçirilýändigi, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulýandygy barada aýtdy we munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny subut edýär diýip belledi.

 

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Nasiba Sodiki öz çykyşynda häzirki dünýä şertlerinde halklary ýakynlaşdyrmakda taryhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, döwrebap ösdürmek babatda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn uly ornuň degişlidigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan birnäçe bendi labyzly okap berdi. 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini, halkara derejesinde geçirilýän şu günki maslahatyň munuň aýdyň mysalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem şu ýyl «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerilip taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň akyldar şahyryň ady bilen berk bagly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrandygyny uly buýsanç bilen belledi.

 

Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Halkara işler, goranmak, howpsuzlyk we migrasiýa baradaky komitetiniň agzasy Mirgul Omurzakowna Temirbaýewa Türkmenistan we Gyrgyz döwletleriniň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini aýdyp, Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna dabaraly maslahatlaryň geçirilýändigini,  halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dürli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi.

 

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyran, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan hormat-sarpanyň nyşanydygyny, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar diýip belledi.

Maslahata gatnaşyjylar şeýle halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda medeni, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, parlamentara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginde möhüm ähmiýetini bellediler. 

22.06.2024

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde senagat-önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler ähli ulgamlarda üstünlikli dowam etdirilýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden gelip çykýan wezipeler ilatyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Eziz watandaşlar!

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen milli toýy görnüşinde guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde yzygiderli geçirilip gelinýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda bu giň gerimli medeni forumyň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, halkymyza hem-de Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen Arkadag şäheri bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, sazlaşykly ösüşleriň şäheridir. Arkadag şäheri dana Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda arzuw eden döwlet berkararlygynyň, il agzybirliginiň nusgalyk şäheridir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

At-owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde dürli maksatly desgalar bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýaly birnäçe medeni aň-bilim edaralarynyň döwrebap binalary guruldy. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we kämilleşdirmekde örän ähmiýetli bolan bu binalar «akylly» şähere gelýän myhmanlary haýran galdyrýar. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak çäreler hem bu ajaýyp künjekde medeniýeti, sungaty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nobatdaky gezek giňden açyp görkezer.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatyny ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns berýäris. Şoňa görä-de, Medeniýet hepdeliginiň çäginde sungatyň bu ugurlaryna degişli çäreler baý many-mazmunly we döredijilikli guralyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri aýdyň şöhlelenmelidir. Şahyrlaryň şygryýet agşamy il içinden täze zehinleriň ýüze çykarylmagynda, türkmen edebiýatynyň kämil eserler bilen baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr. Çünki dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde nusgawy şahyrymyzyň ýadygärliginiň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleriniň, şol sanda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ylhamyny has-da joşdurýar.

Hormatly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berýäris. Bagtyýar watandaşlarymyzy halal hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmakda, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny giňden wagyz etmekde ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, teatr we kino işgärleriniň, kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň alyp barýan döredijilikli işine ýokary baha berýäris. Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin olary mundan beýläk-de ähli zerur şertler bilen üpjün ederis.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda baý mazmunly medeni çärä öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Gadyrly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

22.06.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.

Awstraliýa Arkalaşygynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ilat gaznasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde zenanlaryň, ýaşlaryň hukuklary bilen bagly halkara konwensiýalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ählumumy makroykdysady syýasatyň meseleleri barada geçiren maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu kanunlar döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, statistikany ösdürmek boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” hem-de “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek” atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýörite programma üpjünçiliginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Ony şu ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ugurda programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşigi tarapyndan gaz geçirijileriň birnäçesinde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şoňa görä-de, gaz geçiriji ulgamlaryň hemişe kadaly işlemegini üpjün etmek zerurdyr. Munuň özi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamak işleri guramaçylykly amala aşyrylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl üçin bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri, gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak üçin netijeli çäreler görülýär, hususan-da, döwlet tebigy goraghanalarynda ösümlikleriň, haýwanlaryň, esasan-da, olaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriniň ýaýran ýerlerini hasaba almak hem-de gözegçilikde saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly harmana tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tehnikalaryň doly güýjünde, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara görä geçirmegi dowam etdirmegi hem-de gözegçilikde saklamagy, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap edara-kärhanalaryň sanynyň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, işewürlik maslahatyna energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk, syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, bu ugurda geçirilýän sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu desgany “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sanynyň has-da artýandygyny hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini nazarda tutup, çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Çagalary sungata ugrukdyrmak, çeperçilik işlerine höweslendirmek babatda-da ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramak we geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşinde ylmyň tutýan ornunyň has-da ýokarlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Milli bähbitlerden ugur alyp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) hereket edýär. Türkmenistan geçen döwürde SPECA-da birnäçe gezek başlyklyk edip, onuň mejlislerini we ykdysady forumlaryny üstünlikli geçirdi, şeýle hem döwletimiz bu maksatnamanyň işini kämilleşdirmek babatda anyk teklipler bilen ilkinjileriň hatarynda çykyş edýär. 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň bu maksatnamada başlyklyk etmek döwri tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.

Ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde durnukly energiýa babatda hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň ÝYK-nyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemek teklip edilýär.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen 79-njy mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Onuň wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň agza döwletleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy guramak, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa Aşgabat şäherinde Aral deňziniň sebitinde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklipler beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komissiýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygyna goşuldy. Bu Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini agza hökmünde hödürlemek maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz guramanyň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalary bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, ýokary hünär taýýarlykly işgärleri taýýarlamaga, okuw işine innowasion tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan degişli uçarlarda barlag-gözden geçiriş işleriniň ýola goýulmagyny gazanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda halkara talaplara laýyklykda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.06.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARY PALATASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomonanyň arasynda iki ýurduň parlamentleriniň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

20.06.2024
1 ... 29 30 31 32 33 ... 57