Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Şunda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Arkadag şäherine geldi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depgini barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, ähli desgalaryň, olaryň çäklerinde oturdyljak sütünleriň we beýleki binalaryň bezeg aýratynlygyna, uzak möhletleýinligine, serişdeleriň bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenilýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde D.Orazow Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilendigini we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanýar. Ol ýokary tizlik derejesine, ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Onuň tizlik derejesi, öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda we binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna we hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerindäki binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli, bu ýerde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede, kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň açylmagynyň iki ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler, olaryň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna ýüzlerçe maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Milli Liderimiz täze şäheriň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Çäreler Arkadag şäheriniň häzirki döwürde ýeten derejesini, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşyny, Köpetdagyň etegindäki künjekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde amala aşyrylýan beýik işleriň ajaýyp miwelerini eçilýändigini görkezmelidir.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň, Arkadag şäheriniň seýilgähiniň, metjidiň girelgesiniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlyklaryna, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak sütünleriň, oturgyçlaryň, beýleki serişdeleriň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, täze şäheriň dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýtdy we ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, seýilgähde adamlaryň doly derejede dynç alyp bilmekleri, çagalaryň wagtyny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň çäklerindäki ähli desgalaryň, oturgyçlardyr bassyrmalaryň arassaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini girizdi.

Şeýle-de seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän suw çüwdürimleri, olaryň howdanlarynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini nygtady. Aýratyn-da, seýilgähiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän awtoduralgalaryň amatly ýerleşdirilmegine zerur üns berilmelidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, olarda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, täze metjidiň girelgesiniň binagärlik keşbi häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda milli senetçiligiň ýokary derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan küýzegärlige degişli önümleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk, küýzegärlik däplerine esaslanýan usullardan netijeli peýdalanýandyklaryny aýdyp, bu ugurlaryň geljek nesiller üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde öňde boljak şanly seneleriň hormatyna gelin-gyzlarymyzyň el işlerine degişli serginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden amaly-haşam sungatyna, milli keşdeçilik usullarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegine we ýaşlaryň bu ugra bolan höwesiniň artmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

28.06.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

 

28-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň  birnäçesine garaldy we kabul edildi. 

Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy. 

«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat  kodeksi 1998-nji ýylda kabul edilip, ol 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilipdi. Bu Kodeksiň taryhy ähmiýeti barada aýdylanda, ol  bazar  demokratiýasyny, hususyýetçiligi ösdürmekde täze döwri alamatlandyran waka boldy. Kodeks eýeçiligiň ähli görnüşleriniň, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligi we şertnamanyň erkinligi ýörelgelerini jar etdi.

Kodeksiň kabul edileni bäri geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Garaşsyz, bitarap  ýurdumyz öz  depginli ösüşünde  birnäçe galkynyşly döwürleri başdan geçirdi we dünýäniň  özygtyýarly döwletleriniň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Ýurdumyzyň dünýäniň  syýasy, ykdysady, hukuk  we beýleki ugurlarynda halkara giňişligine işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň we işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi häzirki wagtda Kodeksi döwrebaplaşdyrmagyň  zerurlygyny ýüze  çykardy.

Şunuň bilen baglylykda, Kodeksiň taslamasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we  oňa  halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem girizmek  barada öňde goýan  wezipelerinden ugur alnyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy. 

 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy, 104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugyndan deputat Ýusupguly Eşşäew öz çykyşynda kanun taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada giňişleýin durup geçdi. 

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara tejribesine, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan berlen tekliplere, deputatlardan, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenlerinden ybarat düzümde Mejlisde döredilen ýörite iş topary tarapyndan geçirilen seljerme esasynda taýýarlanylan taslamada Raýat kodeksi gurluş taýdan kämilleşdirildi. 

Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda täze goşulan bapda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary beýan edildi.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory  Ýagmyr Nuryýewiň çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda toplan tejribeleri, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, dünýä ýurtlarynyň oňyn tejribeleri Kodeksiň täze beýanyna ornaşdyrylandygyny bellenip geçildi. Muňa Kodeksiň umumy böleginiň maddalaryndaky adalgalaryň, düşünjeleriň hemmeler üçin düşnükli bolmagy, umumy düzgünleriň Kodeksiň aýratyn bölegindäki baplarynda, şeýle-de ýörite kanunçylykda aýdyňlaşdyrylmagy, durmuşa geçirilmegi üçin düzgünleriň emele getirilmegi ugrunda geçirilen işler mysal bolup durýar. Bu maddalaryň täze beýanlarynda, hukugyň ähmiýetiniň ösüşi, wezipeleriniň baýlaşmagy şöhlelenýär we durmuş-ykdysady ösüşlere kanunçylygyň netijeli täsiriniň kämilleşmegi öz beýanyny tapýar.

Raýat kodeksine halkara hususy hukugy baradaky ýörite bölümiň goşulmagy milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Umuman aýdanyňda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň kadalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy häzirki zaman we geljekki bazar gatnaşyklarynyň, ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde mynasyp orna eýe bolar. Kodekse täze maddalaryň we bölümleriň girizilmegi bolsa  raýat-hukuk gatnaşyklarynyň dünýä tejribesi bilen milli tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň beýanydyr.

 

Описание: C:\Users\DGylychdurdyyew\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\3 копия.jpg

 

Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, 43-nji «Balkanabat» saýlaw okrugyndan deputat Ýazpolat Keriýew öz çykyşynda deputatlaryň ünsüni Kodeksiň taslamasynyň möhletler, goňşuçylyk hukugy, zyýanyň öwezini dolmak borjy bilen bagly käbir kadalara çekdi. Taslamada möhletler bilen bagly kadalaryň mazmun taýdan hem-de beýan edilişiniň kämilleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir.

Şeýle hem ol  Kodeksiň taslamasynda beýan edilen goňşuçylyk hukugyna degişli käbir kadalaryň üstünde durup geçdi. Ilki bilen taslamada ikitaraplaýyn täsiriň ýüze çykyp biljek her bir ýer bölegi ýa-da gaýry gozgalmaýan emlägiň goňşy diýlip hasap edilýändigi barada düşünje berilmegi hem-de goňşuçylyk hukugyna degişli kadalarda goňşynyň ýer bölekleriniň ýa-da gaýry gozgalmaýan emlägiň eýeleriniň, kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan we borçlardan başga ýagdaýlarda birek-birege özara hormat goýmak borçlarynyň aýdyň kesgitlenmeginiň, halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etmegi üçin örän ähmiýetlidigini bellemek gerek.

«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň has-da kämil we netijeli düzgünleşdirilmegine ýardam eder. 

  Şeýle hem Kodeks boýunça çykyş eden deputatlar we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň, Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasarlary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň, şonuň ýaly-da daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da daşary ýurt ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän bölegiň girizilýändigini bellediler. 

Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi  hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy.

Kodeksiň fiziki şahsyň telekeçilik işi we batyp galmagy barada; raýatyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy kesgitlenilende ulanylýan hukugy; hossarlyk we howandarlyk; raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak; jemgyýetçilik birleşikleri we jemgyýetçilik gaznalary baradaky hukuklar, şeýle hem geleşikler, wekilçilik; möhletler; zat (emläk) hukugy; eýelik etmek; eýeçilik; goňşuçylyk hukugy; girew; ipoteka; gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň Döwlet sanawy; borçnamalaýyn hukuk; şertnamalaýyn hukuk; intellektual eýeçilik hukugy; ätiýaçlandyryş; bank hyzmaty; bergi borçnamalary; ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak; kärende, miras we beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar kämilleşdirildi. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň    berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. 

Maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek kanun taslamasynyň esasy maksatlary bolup durýar.

 

Описание: C:\Users\DGylychdurdyyew\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\4 копия.jpg

 

Bu kanun taslamasy  boýunça Türkmenistanyň  Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy, 18-nji «Bäherden» saýlaw okrugyndan deputat   Maksatberdi  Gurbanow «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanşykly alnyp barlan işleriň barşynda  bu ugurdaky  halkara tejribesiniň we kanunçylyk namalarynyň  öwreniledigini we  onuň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlangyjy boýunça bilelikde taýýarlanyladygyny we degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleriniň nazara  alnandygyny belläp geçdi. 

Kanun taslamasynyň esasy maksady Türkmenistanda saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen,  Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmekden hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlarynyň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmekden  ybarat bolup durýar. 

Bu kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrar.

 

 

Şeýle hem bu kanun taslamasy  boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 33-nji «Ahal» saýlaw okrugyndan deputat Ata Serdarow öz  çykyşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamasynyň ähmiýetini hem-de  onuň ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelere täze depgin berýändigini we oňyn tejribä bilen baýlaşdyrýandygyny  belledi.

Kanunyň taslamasynda maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, saýlawçylaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamy göz öňünde tutulýar. Kanun taslamasynda Döwlet sanawynyň maglumat gory, Döwlet sanawynyň maglumatlary, saýlawçynyň şahsy maglumatlary, saýlawçynyň saýlaw salgysy, saýlawçylaryň Döwlet sanawyny dolandyryjy edara, saýlawçylaryň Döwlet sanawyny ýöredýän toparlar diýlip ulanylýan esasy düşünjelere kesgitleme berilýär. Taslamada bellenilen tertipde saýlawçylar baradaky doly we dogry maglumatlary öz içine alýan maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak bilen, saýlawçylaryň döwlet hasabyny, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini hem-de Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek baradaky  üçin kadalar bellenilen.

Kanun taslamasynda saýlawçylaryň döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň çygryndaky esasy ýörelgeler, döwlet sanawyny dolandyryjynyň hem-de döwlet sanawyny ýörediji edaralaryň ygtyýarlyklary we wezipeleri, döwlet sanawyny ýöretmek boýunça hereketleri we olary ýerine ýetirmegiň esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet sanawyny ýörediji edaralara maglumatlary, resminamalary bermegiň, olara ýüz tutmagyň, döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryny döwürleýin täzelemegiň, şahsy maglumatlary anyklamagyň tertibi, döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary peýdalanmagyň tertibi we şertleri, şeýle hem döwlet sanawynyň edaralarynyň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň, şol sanda kazyýete şikaýat etmegiň tertibi bellenildi.

Soňra maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy, 104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugyndan deputat Ýusupguly Eşşäýew  Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlaryna girmegi babatynda wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny belläp geçdi. 

 Taslama laýyklykda, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen Içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki  borçlarynyň hataryna, bellenilen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada borjy kesgitleýän täze kada goşmak göz öňünde tutulýar.

Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan adamyň we raýatyň  hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmaga, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmäge uly ýardam eder. 

 

 

Gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, 7-nji «Güneş» saýlaw okrugyndan deputat Guwançmyrat Agaýew Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny belläp geçdi.

Taslama laýyklykda, töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy barada düşünjeleriň girizilmegi we aýdyňlaşdyrylmagy teklip edilýär. Şeýle hem  Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasyny kesgitlemek, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de serhetüsti haryt dolanyşygyny çaltlandyrmak bilen bir wagtda gümrük gözegçiligini ygtybarly guramakda ýakyndan ýardam eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, 7-nji «Güneş» saýlaw okrugyndan deputat Guwançmyrat Agaýew Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp hem-de degişli edaralardan gelip gowşan teklipler  esasynda taýýarlanan   Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň düzgünleşdirýän meselesi barada  durup geçdi. 

Taslama laýyklykda, hereket edýän  kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda, gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalary  girizmek göz öňünde tutulýar.

«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. 

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýokarda agzalan hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Parlamentariler ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem deputatlar döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek we kanunçykaryjylyk işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça gymmatly maslahatlardan we görkezmelerden ugur alyp, kabul edilýän kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini wagyz etmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

 

28.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary giriziler.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Fransiýa Respublikasynyň Parlamentiniň senatory bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda kuwwatly göçme buraw desgalaryndan, tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak we döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak çäreleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýlary arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Lebap welaýatynda şaly ekiş möwsümi dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek, ekiş işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ýetişdirilen ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, gök zolaklarda, seýilgählerde abadanlaşdyryş, dürli bezeg güllerini ekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak medeni çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew telekeçilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň pugtalandyrylmagy, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşine, täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda hem-de hususy pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, telekeçilik we işewürlik gurşawy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini döretmek hakynda degişli resminamanyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda netijeli we ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ykrar edilen abraýly reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi. Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleri terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä standartlary esasynda kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary, maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde, Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.

Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, ynsanperwer ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan «Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, daşary ýurtlaryň hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy ICAO tarapyndan bu mekdebiň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda okuwlary ýola goýmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, diplomat rus tarapynyň adyndan hormatly Prezidentimize Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy — öz gahrymanlarynyň hakydasyna uly sarpa goýýan doganlyk halklaryň umumy baýramy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna daýanýandygy nygtaldy. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyk edýärler. Taraplaryň abraýly halkara guramalaryň — BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi aýdyldy. Russiýa Federasiýasy hem degişli Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda we ýurdumyzyň çäklerinden daşarda köp sanly çäreler guralýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz rus tarapynyň bu foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň onuň işine uly goşant boljakdygyny nygtady.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly kuwwat bar. Şunda daşary ykdysady dialogy ilerletmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň uly orny we netijeli işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletlerini kesgitlemäge degişli meselä üns çekildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şoňa görä, taryhy-medeni gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň özboluşly ýagdaýyny döretmäge ýardam edýändigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy geljekde-de bu däp bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn goldamagy hem-de giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän duşuşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygy bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Saparyň çäklerinde myhman “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

25.06.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly gol çekilen resminamanyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi barada nygtaldy. 

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyldy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda energiýa, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy, infrastruktura we şäher gurluşygy, arheologiýa, fransuz dilini öwretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. 

Şunuň bilen birlikde, türkmenistanly ýaşlaryň Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyplara, umumybilim edaralarynyň birnäçesinde bilim alýan okuwçylara fransuz diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

24.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagynyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň gallaçy babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek babatda-da zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we meýdanlarda galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini güýçlendirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Galla oragynda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

23.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri we ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek, wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny döretmek, hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisiň wekili ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentliginden halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna “BB- durnukly” reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. “Ýakynda «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenilmegi bolsa ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine berk gözegçilik etmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara görä alyp barmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli mineral dökünleri öndürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda innowasion enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylan täze, döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, iýul aýynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini ylmy-usulyýet esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, talyplaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini milli ykdysadyýetimiziň binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunda häzirki zaman tehnologiýalaryna, täzeçil tejribelere, öňdebaryjy usullara möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde halkara howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekden, bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Ýurdumyz ýadro ylmyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, ýagny lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek hem-de amala aşyrmak boýunça MAGATE bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, ony milli we halkara tejribä laýyklykda, ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň degişli bentlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şol teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli sepgitler, ýerine ýetirilmeli işlerdir olaryň möhletleri kesgitlenilýär we düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şu ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan etmek teklip edilýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu maslahata ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan, Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 — 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň awiasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara şertnamalara, Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar. Bu bolsa abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. “Biz geljekde-de halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hanym Rana Abu Hijlehi Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Rana Abu Hijlehi Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Şunuň bilen baglylykda, hanym Rana Abu Hijlehiň ýurtlarymyzyň bähbidine alyp barjak diplomatik işinde Siziň Alyhezretiňiziň hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

19.06.2025

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.

Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär.

Bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

19.06.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, munuň özi medeniýetleriň, ykdysadyýetleriň we strategik bähbitleriň özboluşly sazlaşygydyr. Soňky ýyllarda sebitara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu bolsa dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň energetika, infrastruktura ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirýän maýa goýum taslamalary ykdysady ösüşe goşant goşýar. Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we eksport etmek babatda bilelikdäki taslamalar özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginden geçýän Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Ulag-kommunikasiýa pudagy altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Taryhyň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryp, harytlary alyşmaga hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Häzirki wagtda ýurdumyz bu taryhy mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — “Garaşsyzlyk” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammiti geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär. Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.

Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.

Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ol dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Hytaý bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, özara haryt dolanyşygynyň görnüşlerini giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda öňdebaryjy agro we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

17.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belläp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine iberen mähirli salamyny ýetirdi we ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda hemişe möhüm we ähmiýetli wakadygyny belledi. Bu duşuşyklarda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy we halkara meseleler barada pikir alyşýarys. Şeýle dialog ýurtlarymyzyň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanyp, täze ugurlary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň Türkmenistan üçin wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşdygyny, dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri, berk taryhy binýat, umumy ruhy we ahlak gymmatlyklary düzýär.

Bellenilişi ýaly, dünýä giňişliginde Türkmenistan hem-de Hytaý parahatçylyk, durnuklylyk, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda tagallalary birleşdirýärler. Türkmenistan hytaý tarapynyň öz Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de sebit howpsuzlygy, energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna goldawyna ýokary baha berýär. Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaýyň başlangyçlaryny goldaýar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.

HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki dostlukly döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.

17.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy

Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti!

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Şu gezekki duşuşyk Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär.

Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda biziň formatymyzyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýäris. Bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamak we soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys. Bu teklibimizi goldasaňyz, minnetdar bolardyk.

Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitlere ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.

Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Elbetde, söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýär.

Innowasion hyzmatdaşlyk barada hem belläp geçmek isleýärin. Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýäris. Emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Ýurtlarymyzyň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýäris. Döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary berip bolar.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn. Sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny, bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygymyzy beýan etmek isleýärin. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

(Astana şäheri, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny)

17.06.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda  üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş etmek bilen, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.

17.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý oragyna girişilip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, sebitde bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.06.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Alenka Suhadolnikden Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Alenka Suhadolnik sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigi baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi. 

 

 

 

16.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa çy­kyş edip, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar­dan ugur alyp, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li ka­nun tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ryň par­la­ment­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän me­se­le­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­na­ty­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Ola­ryň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­siň we­kil­le­ri döw­let eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ra we okuw mas­la­hat­la­ry­na gat­naş­dy­lar, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de hem-de Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň Sa­ra­ýe­wo şä­he­rin­de iş sa­par­la­ryn­da bol­du­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän de­giş­li se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat­la­ryň 6 et­ra­byn­da ýer­leş­ýän, şu mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky zäh­met we ila­tyň iş üp­jün­çi­lik bö­lüm­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ra de­giş­li hü­när okuw­la­ry­ny geç­mek ar­ka­ly ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge we beý­le­ki mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ama­now ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da, hu­su­san-da, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­nin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kon­ser­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň teh­no­lo­gik des­ga­la­ry­nyň de­giş­li aw­to­ma­tik ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi top­lu­myň önüm­çi­lik-teh­no­lo­gik des­ga­la­ry­nyň bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge ýar­dam be­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bi­tiň çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hi­li­ni eko­lo­gik stan­dart­la­ryň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­me­giň ýur­du­my­zyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da we we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gal­la ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň we bug­daý da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ryň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri, Le­bap we­la­ýa­tyn­da bol­sa şa­ly eki­şi do­wam ed­ýär. Ma­ry we­la­ýa­tyn­da güýz­lük gant şu­gun­dy­ry ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­mek, ge­riş çek­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de gö­ge­riş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da mal­la­ry ta­la­ba­la­ýyk idet­mek, ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak we önüm be­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mal­lar üçin ot-iým­le­riň äti­ýaç­lyk go­ru­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly hem-de ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, su­wa­ryş, şor suw aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­gi do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­gi, ýyg­na­lan ha­sy­ly tab­şyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­gi do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­mäm­me­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän top­lu­myn­da, hu­su­san-da, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da bu kär­ha­na­la­ryň bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak üçin ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri­ ön­dür­ýän za­wod­la­ry ne­ti­je­li iş­let­mä­ge, oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ni mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len öz wag­tyn­da üp­jün et­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re he­re­ket ed­ýän hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny do­ly ulan­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­me­gi do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Ata­gu­ly­ýew Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ser­gi­de ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­lar bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň tä­ze mak­sat­na­ma­la­ýyn ugur­la­ry, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ta­nyş­dy­ry­lar. Ser­gä Türk­me­nis­ta­nyň eks­port, ma­ýa go­ýum ugur­ly pu­dak­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag-lo­gis­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Şeý­le hem wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt­lar­da gu­ral­ýan iri möç­ber­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gy bi­len bag­ly res­mi­na­ma gol çek­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Se­ýi­do­wa Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hep­de­li­giň çäk­le­rin­de dür­li maz­mun­ly me­de­ni çä­re­le­ri, şol san­da Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny, kon­sert­le­ri, aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry, mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny, şyg­ry­ýet ag­şam­la­ry­ny, film­le­riň we sah­na oýun­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ry­lan “Şa­se­nem-Ga­ryp” ope­ra­sy­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem hep­de­li­ge gat­na­şy­jy­la­ryň paý­tag­ty­myz­da­ky “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da be­ýik şa­hy­ryň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­lap, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň, onuň geç­ýän döw­rün­de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di we wi­se-prem­ýe­re Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa 15 — 19-njy iýun ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şa taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sport ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­mak­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň mö­hüm wa­ka­sy­na öw­rül­jek bu ýa­ry­şa dün­ýä­niň köp san­ly döw­let­le­rin­den, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­dan 8, 10 we 12 ýaş­ly tür­gen­ler gat­na­şar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re gal­dyr­mak, türk­men spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şa go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi we ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dür­li döw­let­ler we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bu ugur­da gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­dä­ki fo­rum­lar­da öňe sür­ýän mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak üçin berk esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan bir­nä­çe mag­lu­mat­lar we tek­lip­ler be­ýan edil­di.

Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da ho­wa, te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da­ky çy­ky­şyn­da bu me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şon­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin bi­te­wi eko­lo­gi­ýa stra­te­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP28) döw­le­ti­mi­ziň ýo­kar­da ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýetirdi. Fo­ru­myň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýo­kar­da ag­za­lan res­mi­na­ma­lar­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 2024-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 29-njy mas­la­ha­tyn­da (COP29) hem 9 res­mi­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi bel­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň bu mas­la­ha­tyň res­mi­na­ma­la­ry­na go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ola­ry öw­ren­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär. Şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş ba­bat­da örän iş­jeň he­re­ket­le­ri ama­la aşyr­ýar. Bu ugur­da 2024-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Er-Ri­ýad şä­he­rin­de BMG-niň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len “Bi­te­wi suw” sam­mi­ti­ne türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu fo­ru­myň ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, Baş As­samb­le­ýa­nyň öňü­miz­dä­ki ses­si­ýa­sy­na hö­dür­le­nil­jek Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýa we onuň bi­len goň­şy döw­let­ler üçin çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni goş­mak tek­lip edil­ýär. Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu ugur­da Ha­zar hem-de Aral de­ňiz­le­ri­ni, umu­man, Mer­ke­zi Azi­ýa­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bi­len bag­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri bel­le­mek bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar se­bi­ti­niň eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­lä üns çe­kil­di. Şun­dan ugur al­mak bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny hem-de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy we onuň äh­li ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ri­len­di­gi aý­dyl­dy.

Türk­me­nis­tan se­bit­de 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Aral bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­ny ka­bul eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şol res­mi­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy, şeý­le hem 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin tä­ze mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin şu ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk eden­di­gi bel­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň Kon­sep­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-nyň hu­kuk we gu­ra­ma­çy­lyk dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ta­gal­la et­jek­di­gi ba­ra­da nyg­tal­ýar. Bu ugur­da de­giş­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Şun­dan ugur al­nyp, bir­nä­çe tek­lip­ler be­ýan edil­di. Mil­li de­re­je­dä­ki eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra suw akar­la­ry­nyň gä­mi gat­naw­syz gör­nüş­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň hu­ku­gy ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy aý­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma de­giş­li ul­gam­da hu­kuk düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Bu me­se­lä­ni şu ýy­lyň 5-nji iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de ge­çi­ril­jek pu­da­ga­ra mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne goş­mak tek­lip edil­ýär.

Mil­li de­re­je­de hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek hem-de ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­ny hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu iş­le­riň çäk­le­rin­de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­nyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kar­ta­sy” iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­mak üçin Hö­kü­met de­re­je­si­ne çy­kar­mak tek­lip edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy ga­zan­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ber­jaý et­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ilýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tek­lip­le­ri gol­dap, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan bu bäs­le­şi­gi eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka we aw­to­ma­ti­za­si­ýa, “akyl­ly” oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, “akyl­ly” şä­her, bi­lim we elekt­ron okuw, san­ly luk­man­çy­lyk hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäs­le­şik­de hö­dür­le­nil­jek tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly çöz­güt­le­ri we tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ne prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp düz­ýän we in­no­wa­sion oý­lap ta­pyş­lar bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň giň­den gat­naş­ma­gy­nyň bu ugur­da­ky öz­gert­me­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «San­ly çöz­güt — 2025» at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

13.06.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy hem-de et­ra­byň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gin­de bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da döw­let­li tu­tum­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty ýur­du­myz­da be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­ny ön­dür­ýän we­la­ýat bol­mak bi­len, bu ýer­de daý­han­la­ryň bol ha­syl ýe­tiş­dir­mek­le­ri we eke­ran­çy­ly­gyň yl­my esas­da ös­dü­ril­me­gi ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dü­züm­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň ak ekin meý­dan­la­ry­na gel­di. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň gal­la­çy kä­ren­de­çi­si mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da­ky iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak we pu­da­ga hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek iş­le­ri mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa top­rak­dan alyn­ýan ha­sy­lyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, oba ho­ja­lyk ekin­le­riniň gör­nüş­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny, şeý­le­lik­de, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.

Kä­ren­de­çi daý­han eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, döw­le­ti­mi­ziň bug­daý­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den öz yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ren bug­daý ha­sy­ly­ny or­ma­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz kä­ren­de­çi­niň ha­ýy­şy bo­ýun­ça bir­kem­siz ha­syl top­lan bug­da­ýy orup, gal­la ora­gy­na ba­dal­ga ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we hä­zir­ki za­ma­nyň te­le­ma­tik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar hem be­re­ket­li ha­sy­lyň ora­gy­na gi­riş­di­ler. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň bug­daý meý­da­nyn­da gal­la ora­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­ny syn­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, bug­daý ora­gyn­da ula­nyl­ýan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler hem pu­da­gyň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şol bir wag­tyň özün­de oba zäh­met­keş­le­ri­niň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daý­han­lar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len do­ly üp­jün edil­ýär we tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi daý­han­la­ryň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bi­len, ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la kom­baýn­la­ry­nyň işi­ni syn­la­ýan pur­sat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň kes­git­le­nen möh­let­ler­de ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ba­bat­da wi­se-prem­ýer T.Ata­hal­ly­ýe­we bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­r üçin dün­ýä meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň örän ne­ti­je­li ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.

Wi­se-prem­ýer oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ba­bat­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bug­daý ora­gy­nyň dep­gin­le­ri we ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça gal­la ora­gy­nyň bat­ly dep­gin­ler­de do­wam ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ge­çen hep­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da, şu gün bol­sa Bal­kan hem Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na gi­ri­şi­len­di­gi, ora­gy gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ug­run­da ýo­ka­ry de­re­je­li taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň alnyp barlandygy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ber­ýän gol­da­wy ne­ti­je­sin­de gal­la ora­gy möw­sü­min­de “John Dee­re”, “СLA­AS” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man gal­la oru­jy kom­baýn­la­ry ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Gal­la­çy­lar üçin sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li tä­ze teh­ni­ka­lar gi­je-gün­diz­le­ýin ter­tip­de iş­le­di­lip, ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm­le­riň, suw ho­ja­lyk top­lum­la­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li, öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şy­gy öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Döw­re­bap teh­ni­ka­la­ryň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne, oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da­ky öz­gert­me­ler ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly stra­te­gi­ýa­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­me­giň, eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň we her bir maş­ga­la­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si-de ýo­kar­lan­ýar.

Şu möw­süm­de Di­ýa­ry­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ry­na bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän “Ar­ka­dag”, “Ser­dar”, “Py­ra­gy” ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri ekil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­da­ýyň tä­ze gör­nüş­le­ri ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy, dä­ne­le­ri­niň iri­li­gi we köp suw ta­lap et­me­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu bol­sa tä­ze gör­nüş­le­riň bäh­bit­li­lik de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de gu­ra­lan gök-bak­ja we mi­we önüm­le­ri­niň, dä­ne­li ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­niň, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy. Ser­gi­dä­ki çö­rek önüm­le­ri­niň bug­da­ýyň şu ýyl­ky il­kin­ji ha­sy­lyn­dan taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şunda çö­rek önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li önüm­çi­li­ge tä­ze or­naş­dy­ry­lan gör­nüş­le­ri­niň has ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny nyg­ta­mak ge­rek.

Gör­ke­zil­ýän önüm­le­riň köp­dür­lü­li­gi türk­men top­ra­gy­nyň rys­gal-be­re­ke­di­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Ak bug­da­ýyň ga­dy­my me­ka­ny hök­mün­de yk­rar edi­len bu top­rak­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len önüm­le­riň, aý­ra­tyn-da, bug­da­ýyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si bu kün­je­giň ýe­ri­niň we su­wu­nyň sa­ha­wa­tyn­dan ha­bar ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz­da ak bug­da­ýyň, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň, mi­we­le­riň we ir-iý­miş­le­riň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär hem-de hal­ky­my­zyň rys­ga­ly, her bir maş­ga­la oja­gy­nyň be­re­ke­di bo­lup sa­çak­la­ry­my­za dol­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ser­gi­de gör­ke­zil­ýän önüm­ler bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän önüm­le­riň, şol san­da gal­la önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li, ýo­kum­ly­ly­gy, eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, pu­da­ga hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil usul­la­ry­nyň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re gö­zeg­çi­lik et­mä­ge we pu­da­gy do­lan­dyr­mak­da yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­ma­ga, ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ta­ryh­dan bel­li bol­şy ýa­ly, türk­men top­ra­gy eke­ran­çy­ly­gyň ga­dy­my oja­gy ha­sap­lan­ýar. Zäh­met­sö­ýer pe­der­le­ri­miz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bug­daý­dan we beý­le­ki ekin­ler­den bol ha­syl al­mak ug­run­da baý tej­ri­be top­lap­dyr­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li daý­han­çy­lyk däp­le­ri­niň döw­re­bap yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy pu­da­gyň işi­niň iler­le­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň kä­ren­de­çi­le­ri be­re­ket­li ha­syl ýe­tiş­dir­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­ny iş­jeň öz­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, Di­ýa­ry­myz­da ha­lal zäh­me­te bil bag­la­ýan daý­han­la­ryň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de pu­da­ga tä­ze ge­lip gow­şan hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­ny syn­la­dy.

Oba ho­ja­lyk top­lu­my­na ge­lip gow­şan gal­la kom­baýn­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si, ola­ryň ön­dü­ri­ji­lik kuw­wa­ty ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu kom­baýn­lar ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän de­re­je­de bo­lup, ola­ryň ön­dü­ri­ji­li­gi ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re eýe­dir. San­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan teh­ni­ka­lar­da me­ha­ni­za­tor­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li işi­niň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan äh­li ze­rur şert­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň obase­na­gat top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň gys­ga wagt­da we ýo­ka­ry hil­li ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ug­run­da ed­ýän yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Me­ha­ni­za­tor tä­ze ge­lip gow­şan kom­baý­na mü­nüp, ony he­re­ke­te gi­riz­di. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy pu­da­gy­ň iş­gär­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň, kä­ren­de­çi­le­riň we beý­le­ki önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ze­rur teh­ni­ka­lar, dö­kün­ler, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, şol san­da içer­ki ba­za­ry özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­ler bi­len do­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la­çy kä­ren­de­çi I.Ak­my­ra­do­wyň alyp bar­ýan işi, maş­ga­la ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, onuň kä­ren­de ýe­rin­de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň de­re­je­si­ne üns ber­di.

Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si I.Ak­my­ra­dow Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu ýe­re ge­lip, al­nyp baryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­lan­ma­gy­nyň özi üçin be­lent mer­te­be­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ga­da­my­nyň mü­bä­rek bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kä­ren­de­çi­niň alan ýe­ri­niň ululygy, ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si we kä­ren­de­çi­li­gi ne­ti­je­li alyp bar­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, döw­le­ti­mi­ziň daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ýe­ri­ne düş­me­gi, oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň iş we dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Kä­ren­de­çi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mek üçin äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol 2010-njy ýyl­dan bä­ri maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len kä­ren­dä alan ýe­rin­de bug­daý we go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Şeý­le hem ol özü­niň 62 gek­tar kä­ren­de ýe­ri­niň bar­dy­gy­ny, 2025-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin 42 gek­ta­ra bug­daý, 20 gek­ta­ra bol­sa go­wa­ça eken­di­gi­ni, bug­daý meý­da­ny­nyň her gek­ta­ryn­dan 40 sent­ne­re go­laý ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Kä­ren­de­çi öz iş ýe­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­da­my­nyň düş­me­gi­niň tu­tuş maş­ga­la­sy üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­tap, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi netijesinde top­rak­dan bol ha­syl alyn­ýar we go­wy gir­de­ji ga­za­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni, oba ýer­le­rin­de adam­la­ryň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­lal zäh­met çe­kip, ýer­den bol ha­syl al­ýan daý­han­la­ra döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe gol­daw ber­jek­di­gi­ni aý­dyp, kä­ren­de­çi­le­riň asyl­ly iş ed­ýän­dik­le­ri­ni, şeý­le zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ryň ta­gal­la­sy bi­len Di­ýa­ry­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de yh­las­ly zäh­me­ti bi­len sa­ha­wat­ly top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­ýän kä­ren­de­çä öz sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.

Öz no­ba­tyn­da, kä­ren­de­çi Şa ser­pa­ýy hem-de daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da dö­re­dil­ýän äh­li şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy­ny, döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.

Eke­ran­çy­la­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly ýyg­na­ma­gyň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek we ila­tyň azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hem­me­le­re alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik ga­zan­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di we bu ýer­den ug­ra­dy.

11.06.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň şanyna üç günüň dowamynda welaýatlarymyzyň merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda, dünýäniň iň owadan şäherlerine öwrülen Aşgabadyň we Arkadagyň seýilgählerinde, medeni merkezlerinde, teatrlarynda şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Toý günlerinde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy dilegler edilýär.

Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlaryny hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik. Bu işleriň ählisi adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren halkymyzyň gadymyýetden gelýän, durmuş kadalaryna esaslanýan hem-de häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan medeni mirasymyza, ýokary ruhy gymmatlyklarymyza we asylly däplerimize üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzyň dünýägaraýşyna düýpli ornaşan hem-de ynsanperwerligi, agzybirligi, haýyr-sahawatlylygy, ak ýürekliligi, lebzihalallygy, zähmetsöýerligi, ruhy we ahlak arassalygyny dabaralandyrýan durmuş ýörelgelerimiz, milli gymmatlyklarymyz halklary baglanyşdyrýan we doganlaşdyrýan köprä öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Milli Liderimiziň bu ýoluny mynasyp dowam etdirip, uzak geljegi nazarlaýan hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan özgertmeleri amala aşyrýarys. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýarys. Her bir ynsanyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän we mertebesini beýgeldýän gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeldýäris. Parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatymyz arkaly dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrýarys. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň esasynda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu asylly işler eziz halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarymyzy we beýik medeniýetimizi dünýä giňden tanadýar.

Hormatly adamlar!

Sizi Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

06.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşuny maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine harby gullukçylaryň maddy we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk berjaý edişlerine gözegçiligi üpjün etmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmäge, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe geçirilen işler, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyga laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhediniň dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň goragyny üpjün etmek, şeýle hem ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, bu ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda harytlary talabalaýyk resmileşdirmek we olary ygtybarly gümrük barlagyndan geçirmek, üstaşyr geçýän ulaglaryň hereketlerini gözegçilikde saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, sanly ulgamyň we döwrebap usullaryň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini sanly ulgam arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.06.2025
1 ... 17 18 19 20 21 ... 76