Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk ýörişi başlandy

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi başlandy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Teletomaşaçylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişi milli telewideniýede göni ýaýlymda görüp bilerler.

27.09.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramçylygyň toý-dabaralarynyň berkararlygyň, bagtyýarlygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. Özboluşly taryhy ähmiýetli bu baýramçylygymyzyň şanyna binagärlik keşbi barha gözelleşýän şäherdir obalarymyzda ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de medeni maksatly täze desgalary dabaraly açyp, Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, şöhratyny hem-de mertebesini dünýä ýaýýarys.

Berkarar Watanymyzyň her bir güni täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji aýynyň dowamynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik ýörelgelerimize eýermek bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumyny, çüýşe önümlerini öndürýän döwrebap önümhanany, döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähini, Ahal welaýatynda Döwletli mekan hem-de Bagtly zamana obalaryny, Daşoguz welaýatynda Bitaraplyk şäherçesini, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasyny hem-de beýleki onlarça binalary toý sowgady hökmünde dabaraly açyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de döwrümiziň belentligini, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň mizemezligini bütin dünýä äşgär etdik.

Eziz watandaşlar!

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagy, raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmagy, täze obalary, şäherdir etraplary gurmagy göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny berkitmek hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky taryhy mejlisi guramaçylykly geçirilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etdik. Biziň gazanýan guwandyryjy üstünliklerimiz, belent sepgitlerimiz, şanly ýeňişlerimiz beýik ösüşlerimiziň geljekki has uly rowaçlyklarynyň binýadydyr.

Hormatly watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine, ynsanperwerlige hem-de ynanyşmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanyldy hem-de täze syýasy tejribe hökmünde ykrar edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi biziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly bahadyr we ýokary ynamdyr.

Bitaraplyk biziň depginli ösüşlerimiziň kepilidir, merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň has-da üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikdir. Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň, aýratyn-da, parahatçylygyň we ylalaşygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň mäkäm halkara hukuk esasydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetlilik we Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt we maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

27.09.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür Gahryman Arkadagymyzdan şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimize gutlaglaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny belledi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem işewür mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

26.09.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda saýlaw we sala salşyk ulgamyny kämilleşdirmekde toplanan tejribeler barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem Mejlisiň wekili ÝHHG tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş, zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Wengriýanyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň özara dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de gözelleşdirmek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, seýilgählerde abatlaýyş hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Şanly sene mynasybetli Aşgabat şäheriniň şaýollaryny, köçelerini dürli reňkli ýazgylar hem-de nyşanlar bilen bezemek işleri ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy hem-de wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak we daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny, ýokary tehnologiýalary çekmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak maksady bilen netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çärelerdir dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanymyzy 21 — 24-nji sentýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek hem-de bu sammitiň netijesinde Halkara ynanyşmak kodeksini işläp düzmek boýunça başlangyçlary beýan edendigi bellenildi. Şeýle-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygyny nazara alyp we Durnukly ösüş maksatlarynyň milli hem-de sebit derejesinde ýerine ýetirilişine goşant goşmak maksady bilen, ýurdumyzda 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edildi. Munuň özi Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmäge hem-de Hazar ekologik başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmaga itergi berer. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek teklibi köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli ýörite plenar mejlisiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Baş Assambleýanyň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmäge we bu prosesiň netijeliligine, hususy pudagyň durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan köp sanly çärelere, Zenanlaryň ýagdaýy baradaky 4-nji bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary, Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen garaýyşlaryny we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlaryny beýan edendigini belläp, geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy bellenildi. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur paýhasa ýugrulan ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu babatda degişli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge niýetlenen “Diamond” kysymly howa gämileriniň halkara derejeli sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak hem-de mekdebiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ýerli uçarmanlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň uçarmanlaryny taýýarlamaga, mekdebiň okuw-türgenleşik uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn tejribesini we ülňülerini ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini, Garaşsyzlygyň halkymyz we döwletimiz üçin mukaddes baýramdygyny belledi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli orny gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, dürli döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle-de ýurdumyz durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Döwletimiziň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa bilen bagly ählumumy maksatnamalaryna gatnaşmagy onuň bu ugurdaky tagallalara jogapkärçilikli çemeleşýändigini we dünýäde durnuklylyga, abadançylyga gönüden-göni täsir edýän meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň başynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady.

Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.

Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz baglanyşykda garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şundan ugur alyp, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip etjekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.

Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirer. Şu gezekki sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe süreris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi hem-de munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini nygtady. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutanymyz ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edip, häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam bermegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.

Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir. Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigini belledi we munuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi ilerletmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny dünýä äşgär edip, tutuş adamzadyň durnukly geljegi üçin öz döredijilikli başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmegini mundan beýläk-de dowam etdirer.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge we türkmen-portugal gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasyny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Türkmenistan hem-de Portugaliýa birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady we Prezident Marselo Rebelо de Souzany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny, munuň ählumumy dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Awstriýanyň kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazaryna ulag tehnikalary, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary getirýärler. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem toparyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmeginiň goldanyljakdygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bar. Türkmen sazandalary Awstriýada geçirilýän festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar, simfoniki orkestriň düzüminde üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle hem ýurdumyzda Wena balynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Soňky gezek VI Wena baly 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi hem-de Prezident Aleksandr Wan der Belleni şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, dostlukly halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

24.09.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi, şeýle-de toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Çapuw ýodasynyň üpjünçiligi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Onda at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň bir ýerde jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çapuw ýodalarynyň milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmagynda, olaryň ýokary halkara kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetli bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýäde meşhurlyk gazandy. Munuň özi atşynaslaryň taryhyň dowamynda ajaýyp bedewleri ýetişdirmek ugrunda çeken yhlasly zähmetiniň netijesidir. Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zerur tagallalaryň edilýändigini aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen atşynaslarynyň asyrlaryň dowamynda bedewleri seýislemegiň milli mekdebini döredendigini, häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň aýratyn üns-alada bilen gurşalandygyny belledi. Ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewleri köpeltmek, milli atçylyk däplerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ussat çapyksuwarlary taýýarlamak, uzak aralyklara atly ýörişleri geçirmek, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly ugurlaryň netijeli ösdürilmegi babatda ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlarda milli buýsanjymyza öwrülen bedewleriň çapyşyklaryny gurapdyr. Häzirki döwürde at çapyşyklarynyň geçirilmegi, şanly seneleriň hormatyna baýramçylyk çapyşyklarynyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi gözelligi we ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewlerine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan maksatnamany ýokary derejede amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumda döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan atçylyk toplumlarynyň we aýlawlaryň talabalaýyk derejede saklanmagyna, olarda döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegine, toplumlaryň tutuş çäkleriniň abadanlaşdyrylmagyna, gök zolaklaryň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ýerine ýetirilýän işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir. Milli Liderimiz ynsan bilen bedewiň arasyndaky baglanyşygyň mizemezdigini, milletimiziň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegi bolup durýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň, beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlarynyň bolsa bedew badyna deňelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bedewler we olary seýislemek, atlaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz Baş sekretary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli Antoniu Guterrişi we guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Antoniu Guterriş Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen 80 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny aýdyp, bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Antoniu Guterriş bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek babatda netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri döredildi we anyk işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy we Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

23.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mirasdüşer Şazada Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Iki ýurduň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly garaýyşlarynyň meňzeşligi ýa-da ýakynlygy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňyn şertleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, ählumumy bähbide gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Kuweýt tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hem Kuweýtiň netijeli başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigi tassyklanyldy.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler. “Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

23.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi onuň dünýä giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Mswati III Türkmenistanyň bu ugurda eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eswatininiň Patyşasy Mswati III birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

23.09.2025

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli taglymlary ilerletmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy bolup, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny umumy gymmatlyklaryň daşynda jebisleşdirmäge ukyply bitarap döwlet hökmünde eýeleýän ornuny alamatlandyrýar.

2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Ýurdumyz Bitaraplyga eýe bolan wagtyndan bäri geçen taryhy döwürde bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup durýandygyny subut etdi. Türkmenistan deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat ýurdumyza dürli döwletler, şol sanda sebitdäki goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky iň möhüm başlangyçlarynyň biri bolup, ol gapma-garşylyklaryň öňüni almak, halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin esasy gural hökmünde dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen bu başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu başlangyjy ösmegini dowam etdirýär we Türkmenistan ony ählumumy derejede ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy diňe bir syýasy ugurlary däl, eýsem, özara düşünişmäge ýardam berýän medeni alyşmalary hem öz içine alýar. Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirip, milli medeniýetimizi parahatçylyk döredijiligiň guraly hökmünde görkezýär. Munuň özi ählumumy raýdaşlygy pugtalandyryp, parahatçylygy üpjün etmekde medeniýetiň eýeleýän ornuny nygtaýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan guramanyň dürli edaralarynyň, şol sanda Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk geňeşiniň işine işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik işi barada yzygiderli hasabatlary berýär, ählumumy gün tertibi boýunça täze pikirleri öňe sürýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň parahatçylygy üpjün etmek boýunça maksatlaryny durmuşa geçirmäge-de ýardam berýär.

Türkmenistan bu düzümiň çäklerinde durnukly ösüş we ekologiýa boýunça Kararnamalary hem ilerledýär. Bu resminamalar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalaryň maksatlaryna laýyk gelip, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň diňe bir howpsuzlygy üpjün etmäge däl, eýsem, adamzadyň umumy öýüniň uzak möhletleýin abadançylygyna hem gönükdirilendigini görkezýär.

Ýurdumyz sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlarda işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi diňe bir sebit üçin däl, eýsem, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamy üçin hem möhüm waka boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama Ýewraziýanyň merkezinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň ýörelgelerini berkidýän binýatlaýyn syýasy-hukuk resminamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny, Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna ynamy has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň tejribesi beýleki döwletler üçin nusgalyk görelde bolup, bitaraplyk ýörelgeleriniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki işjeň ornunyň bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.

22.09.2025

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli taglymlary ilerletmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy bolup, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny umumy gymmatlyklaryň daşynda jebisleşdirmäge ukyply bitarap döwlet hökmünde eýeleýän ornuny alamatlandyrýar.

2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Ýurdumyz Bitaraplyga eýe bolan wagtyndan bäri geçen taryhy döwürde bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup durýandygyny subut etdi. Türkmenistan deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat ýurdumyza dürli döwletler, şol sanda sebitdäki goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky iň möhüm başlangyçlarynyň biri bolup, ol gapma-garşylyklaryň öňüni almak, halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin esasy gural hökmünde dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen bu başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu başlangyjy ösmegini dowam etdirýär we Türkmenistan ony ählumumy derejede ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy diňe bir syýasy ugurlary däl, eýsem, özara düşünişmäge ýardam berýän medeni alyşmalary hem öz içine alýar. Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirip, milli medeniýetimizi parahatçylyk döredijiligiň guraly hökmünde görkezýär. Munuň özi ählumumy raýdaşlygy pugtalandyryp, parahatçylygy üpjün etmekde medeniýetiň eýeleýän ornuny nygtaýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan guramanyň dürli edaralarynyň, şol sanda Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk geňeşiniň işine işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik işi barada yzygiderli hasabatlary berýär, ählumumy gün tertibi boýunça täze pikirleri öňe sürýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň parahatçylygy üpjün etmek boýunça maksatlaryny durmuşa geçirmäge-de ýardam berýär.

Türkmenistan bu düzümiň çäklerinde durnukly ösüş we ekologiýa boýunça Kararnamalary hem ilerledýär. Bu resminamalar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalaryň maksatlaryna laýyk gelip, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň diňe bir howpsuzlygy üpjün etmäge däl, eýsem, adamzadyň umumy öýüniň uzak möhletleýin abadançylygyna hem gönükdirilendigini görkezýär.

Ýurdumyz sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlarda işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi diňe bir sebit üçin däl, eýsem, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamy üçin hem möhüm waka boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama Ýewraziýanyň merkezinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň ýörelgelerini berkidýän binýatlaýyn syýasy-hukuk resminamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny, Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna ynamy has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň tejribesi beýleki döwletler üçin nusgalyk görelde bolup, bitaraplyk ýörelgeleriniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki işjeň ornunyň bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.

22.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama ýurdumyzyň sazlaşykly ýaşamak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu Kararnamalar Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Şu ýylyň awgustynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu maslahata deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýä ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistan maslahaty kabul eden ýurt hökmünde myhmansöýerligiň we guramaçylygyň ýokary derejesini görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary hem Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.

...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

21.09.2025

Döwlet sylaglary gowşuryldy

                                                                     

Täze taryhy döwürde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen uly üstünliklere gazanmagyna  gönükdirilen möhüm meseleler girizildi  we döwletli çözgütler kabul edildi. 

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylan, ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň wekillerine döwlet sylaglaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ähli tagallalary etjekdiklerine, geljekde-de gujur-gaýratlaryny gaýgyrman ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrdylar. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, mertebeleriniň belent bolmagyny alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler. 

20.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!

Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda häzirki zaman ykdysadyýetini döretmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslaryny has-da berkidýäris. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän halkara forumlar täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredýär. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris. Ýurdumyzda sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Hormatly adamlar!

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Diýarymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Ýakynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edildi. Bu Konsepsiýa esasynda täze, döwrebap iş orunlaryny dörederis, ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdireris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy we Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet býujeti bolsa ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, onuň innowasion ösüşini gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy.

Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijiler boýunça dünýäniň ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun almagy üçin ähli tagallalary ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.

Hormatly adamlar!

Biz nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda täze, döwrebap desga — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde bolsa çüýşe önümlerini öndürýän önümhana ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion häsiýetli kärhanalary, täze önümçilikleri döretmegi geljekde hem dowam etdireris.

Eziz watandaşlar!

Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde welaýatlarymyz, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisidir. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu şäherdäki işleri geljekde hem dowam etdireris.

Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Döwletli mekan”, Kaka etrabynda “Bagtly zamana” atly täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Bu pudagy toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýyl Diýarymyzyň zähmetsöýer daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ilerledilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşdyryp, geljekde-de giň gerimde ösdüreris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berýäris. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi netijesinde ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy esasynda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary yzygiderli artdyrylýar. Guralýan sergiler, maslahatlar bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistan öz milli pawilýony bilen uly abraýa eýe boldy.

Hormatly adamlar!

Biz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm özgertmeleri amala aşyrýarys. Ýokary hilli harytlary öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçilere uly orun degişlidir. Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris.

Eziz watandaşlar!

Ulag we aragatnaşyk toplumynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmek, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri alyp barýarys. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys.

Aragatnaşyk pudagyny hem döwrüň talabyna görä yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys. Biz ýurdumyzyň dürli künjeginde ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrliginiň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmegini möhüm hasaplaýaryn. Bilim ministrligi bu çaklamalaryň esasynda hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy üpjün etmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze, döwrebap okuw binalar toplumynda hem professor-mugallymlar, talyplar üçin ähli şertler döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan orta mekdepler, çagalar baglary öz gapylaryny giňden açdy. Geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralaryny gurarys. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Hormatly adamlar!

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem Arçman şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýakyn wagtda biz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.

Hormatly adamlar!

Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sagdyn ruhda terbiýelemek barada köp alada edilýär. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyryp, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirildi. Geljek ýylda bolsa Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler. Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de ähli şertleri dörederis.

Hormatly adamlar!

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Geçen döwürde Gadymy Merw, Köneürgenç ýadygärlikleri, Parfiýanyň Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biz ÝUNESKO bilen alyp barýan işlerimizi geljekde has-da giňelderis.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu gün halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, forumlaryň mekanyna öwrüldi. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga hil taýdan täzeçe çemeleşýän Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Geçirilen ýokary derejedäki maslahatyň we netijeli duşuşyklaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we üstaşyr ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Biz şu ýylyň dekabrynda dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýäris. Ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna hem gatnaşarys. Bu taryhy sessiýada biz Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan ederis. Bu garaýyşlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň güwäsi boldy. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreler giň gerim bilen geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler. Biz geljekde hem halkara guramalar bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygy kämilleşdirmek esasynda amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi hem raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak möhüm bolup durýar. Kabul edilen milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň netijeli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, halkymyzdan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we seljermek işine aýratyn üns bermeli. Şunuň bilen baglylykda, şu günki Halk Maslahatynyň mejlisinde welaýatlarymyzyň ýaşaýjylarynyň, zähmetsöýer daýhanlaryň haýyşnamalary göz öňünde tutulyp, täze etraplary döretmek barada öňe sürlen teklipler möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar hem-de abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Watanymyzyň, eziz halkymyzyň mertebesini, abraýyny has-da belende galdyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi we mähriban halkymyzy eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!

19.09.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili ÝHHG-niň Sekretariatynyň guramagynda geçirilen maslahata gatnaşdy.

 

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň guramagynda geçirilen «Ýaş aýal-gyzlaryň parahatçylyk üçin başlangyçlary: Merkezi Aziýanyň ýaş aýal-gyzlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy.

Maslahatda zenanlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegi, olaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny üpjün etmek boýunça amatly şertleri döretmek, zenanlaryň jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün etmekdäki tejribeler boýunça pikir alşyldy we bu ugurlar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. 

Maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly 1325 belgili Kararnamasynyň kabul edilmegi, zenanlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, jedelleriň öňüni almakda we çözmekde möhüm ornunyň bardygy hem-de halkara derejede ykrar etmekde möhüm ähmiýeti barada nygtaldy.

Mejlisiň wekili öz gezeginde bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan oňyn tejribesi barada aýtmak bilen, Türkmenistanly zenanlaryň bu ugurdaky geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýandygy, 2025-nji ýylyň 27-28-nji maýynda  Türkmenistanda «Dawalaryň  öňüni almak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly 1325 belgili Kararnamasyny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça» sebitleýin okuw maslahatynyň hem-de şu ýylyň 7-nji awgustynda bolsa, Türkmenistanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Zenan ýolbaşçylaryň «Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar» atly duşuşygynyň geçirilendigini, bu çäreleriň bolsa zenanlaryň parahatçylyk üçin başlangyçlaryny, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alyşmakda täze meýdança bolandygy barada belledi. 

 

19.09.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

 

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işiniň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi. 

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny, dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan kabul edildi.

Maslahatda çykyş eden deputatlar ýurdumyzyň welaýatlarynda täze etraplary döretmek bilen bagly berlen teklipleri öwrenmek, ýüztutmalary seljermek maksady bilen, ýaşuly nesliň wekilleriniň, dürli pudaklarda zähmet çekýän adamlaryň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň gatnaşmaklarynda etraplaryň ýaşaýjylary bilen duşuşyklaryň geçirilip, ilatyň isleg-arzuwlarynyň öwrenilendigini belläp geçdiler. Duşuşyklara gatnaşanlar dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek meselesiniň täze döwrüň ruhuna laýyk gelýändigini, onuň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, durnukly ösüş üçin bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmaga, geljek üçin has belent sepgitleri kesgitlemäge, sebitleriň senagatlaşma derejesini ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, öňe sürlen teklipleri biragyzdan goldadylar.

Deputatlar ýurdumyzda dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmeginiň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky aladalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň subutnamasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam etjekdigini  bellediler.

Mejlisiň deputatlary halk bähbitli beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

19.09.2025
1 ... 11 12 13 14 15 ... 76